Ï Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

view-icon 594
Ýurdumyzyň şanly baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň aýrylmaz nyşany bolan kaşaň memorial topluma – Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen müňlerçe türkmenistanlylar we myhmanlar şu gün säher bilen Aşgabadyň günortasynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Milli Garaşsyzlyk seýilgähine ýygnandylar. Olaryň arasynlda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, edaralaryň we kärhanalaryň köp sanly işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Bu ýere ýygananlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň başyny başlan we ady Türkmennistanyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini alamatlandyrýan berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri hem-de mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginldäki uly abraýy bilen berk baglanyşykly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň heýkelleri oturdylan meýdançadan ýöräp, Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Ol ýerde türkmen halkynyň merdana pederleriniň asylly däplerini dowam etdirijiler bolan Milli goşunymyzyň esgerleri hatara düzülipdir.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan we Garaşsyzlygyň şanly senesini halkyň aňynda ebedileşdirilen binanyň eteginde gül dessesini goýýar.

Bu günki dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, binanyň eteginde gül desselerini goýýarlar. Garşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli guralan gül goýmak dabarasyna gatnaşyjylaryň hemmesiniň bu çärä işjeň gatnaşmagy netijesinde binanyň töweregi ajaýyp güýz güllerine beslenýär.