Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Buig” fransuz kompaniýasynyň Prezidenti – baş direktory Marten Buigi kabul etdi
Myhman bu duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanyny uly baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüşine we halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen köpugurly işinde täze ajaýyp üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Şonda jenap Marten Buig özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we şu maksatlar üçin ýurdumyza kompaniýanyň toplan tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklar we şol sanda şäher gurlyşygy boýunça ýöriteleşdirilen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýetli jähetleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Buig” kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini hem-de bilelikde birnäçe taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň muňa şaýatlyk edýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda durmuş-ykdysady desgalaryň düzüminiň düýpgöter döwrebaplaşdyrylmagyny, şol sanda dürli maksatly köp sanly täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan uly möçberli maksatnamalaryň ýaýbaňlandyrylandygyny göz öňünde tutmak arkaly hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Marten Buig türkmen döwletiniň Baştutanyna “Buig” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapynlan taýýarlanylan taslamalaryň birnäçesini hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz hyzmatdaşlaryň teklipleri bilen tanşyp, bular barada birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de täze desgalaryň her birinde binagärlik, inženerçilik-tehniki oý-pikirler bilen bagly täze çözgütleriň, döwrebap tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdumyzda gurulýan her bir binanyň we desganyň ähli ölçegler we hil boýunça ýokary standartlara laýyk gelmelidigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Kongres –holly we 3 müň orunlyk konsert zalyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Şunda döwlet Baştutanymyz “Buig” kompaniýasyna degişli halkara bäsleşigine gatnaşmagyny teklip etdi. Bäsleşigiň jemleri boýunça bu iri desganyň potratçysy kesgitlener. Döwlet Baştutany bu döwrebap toplumyň täze enjamlar bilen üpjün edilmelidigini, akustika bilen baglylykda ýokary standartlara laýyk gelmelidigini, onuň keşbinde milli binagärligiň iň oňat ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Jenap Marten Buig hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa ynam bildirilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy we “Buigiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändigini tassyklady hem-de türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähli bellikleriniň we teklipleriniň göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman Türkmenistanyň Prezidentini baş döwlet baýramy –Garaşsyzlyk güni, şeýle hem şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.