Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Gül bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşini beýik baýramlar bolan Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylan güni we Gurban baýpramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlady. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Abdulla Güli doglan güni bilen gutlady we oňa ber jan saglyk, bagt, alyp barýan möhüm döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin hoşallyk bildirmek bilen, Abdulla Gül öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy hem-de nurana Gurban baýramy bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Telefon arkaly bolan gürrüňdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri iki taraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ýokary hem-de hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine ýokary baha berdiler.
Türk halkynyň Türkmenistanyň halky bilen gadymdan gelýän dostluk we ruhy bitewilik gatnaşyklaryna ygrarlydygyny bellemek bilen, Abdulla Gül iedeni-gumanitar gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döreden täze taryhy eýýamda has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyklap, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda birek-birege mähirli sözleri aýdyp, iki doganlyk ýurduň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.