1999-2000-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda geçirilen sportuň bu görnüşi boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň kubogyny almak ugrunda geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanmagy başaran futbol toparynyň çagyryşy ine şeýle boldy.
Ýaryşa 6 topar gatnaşdy. Jemleýji duşuşykda „Çandibil“ we „Serpaý“ (iki topar hem şäher sport komitetiniň Aşgabat futbol mekdebiniň topary) duşuşdylar. Ikinji tapgyryň ahyryna çenli hasap 0:0 boldy we oýnuň ahyrky minudynda „Çandybil“ toparynyň goragçysy Döwlet Hojagulyýew jerime urgusyndan garşydaşlarynyň derwezesine topy girizmegi başardy.
Ýeňijiler, baýrakçylar we iň gowy oýunçylar bäsleşigiň hemaýatkäri dünýä meşhur HUNDAI engeneeng LG international koreý kompaniýalar wekilçiliginden gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglandy. Ýaş futbolçylara baýraklary we sowgatlary Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi An Mýöng Sy gowşurdy. Sport barada aýtmak bilen ol, hususanda, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we bilelikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde futbol möhüm orny eýeleýär diýip belledi. Şeýle hem Ilçi şular ýaly bäsleşikleri guramaga mundan beýläk hem gatnaşjakdygyny aýtdy.