Ï Türkmen karateçileri dünýä çempionatynda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen karateçileri dünýä çempionatynda çykyş ederler

view-icon 896
Şu gün erkekleriň we zenanlaryň, şeýle hem 1995-1996-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda kekuşinkaý – karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we kekuşinkaý-karate milli merkeziniň guramagyndaky bu ýaryşlar düýpli abatlaýyşdan soň, täzelikde açylan “Aşgabat” bedenterbiýe – sagaldyş toplumynda geçdi.

Ýurdumyzyň çempionatynda baýraklaryň 27 toplumy ugrunda Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň iki toparynyň düzümlerinde türgenleriň 100-den gowragy güýç synanyşdy. Ýeňijiler diňe bir bäsleşiklerde (kumite) däl-de, eýsem, maşklar toplumyny (kata) ýerine ýetirmegiň netijeleri boýunça hem mälim edildi.

Karateniň bu görnüşiniň sportuň iň gazaply görnüşleriniň biridigine garamazdan, kekuşinkaý boýunça ýaryşlar geçirilende hiç hili gorag lybaslaryndan peýdalanylmaýar. Şonuň üçin hem kekuşinkaý-karate bilen diňe gaýduwsyz hem-de tutanýerli türgenler meşgullanýarlar. Bäsleşiklere gatnaşýanlaryň sanyndan çen tutsaň, türkmen ýaşlarynyň arasynda şolar ýaly türgenleriň az däldigine göz ýetirmek bolýar.

Kekuşinkaý-karate diňe bir erkek adamlaryň arasynda meşhur bolman, eýsem başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi bilen zenanlaryň hem işjeň meşgullanýandygyny Türkmenistanyň şu gezekki çempionaty görkezdi.

Sportuň bu görnüşi biziň ýurdumyzda garaşsyzlyk ýyllarynda ýaýrap başlady. Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge içgin üns bermegi netijesinde has-da uly ösüşe eýe boldy. Döwlet Baştutany ýurdumyzda diňe bir sporty ösdürmäge yzygiderli üns bermek bilen çäklenmän, eýsem özi hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgulanyp, uly netijelere eýe boldy. Muňa ýakynda türkmen Liderine däp bolan Fudokan-Şotokan karate-do Bütindünýä federasiýasynyň ýolbaşçylygy tarapyndan 10-njy danyň Hormatly eýesiniň diplomynyň (karatede we dzýudoda kämillik derejesi) berilmegi hem şaýatlyk edýär.

Kekuşinkaý – karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynda türgenleriň üçüsiniň hersi iki ugur -- kata we kumite boýunça iki ýeňiş gazandy. Olaryň üçüsiniň hem Daşoguz welaýatyndan bolmagy demirgazyk sebitde söweş sungatynyň bu görnüşine has köp üns berilýändigini görkezýär. Şeýlelikde, daşoguzlylar Eziz Saparowyň, Ýusup Meretdurdyýewiň we Şahnaza Rozmetbaýewanyň her haýsy iki altyn medala mynasyp boldular. Olaryň tälimçileri Gurbanmyrat Saparmyradow we Farida Gutlymyradowadyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-11-nji noýabrda Ýaponiýanyň Toýama şäherinde geçiriljek kekuşinkaý-karate boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanýar. Kekuşinkaý-karate milli merkeziniň başlygy we ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Atamyrat Hudaýberdiýewiň habar berşi ýaly, dünýä çempionatynda ussat türgenleriň 6-sy--Bekmyrat Baýramow, Ahmet Durdyýew, Nuregdin Ýuldaşew, Ruslan Ermetow, Farida Gutlymyradowa biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde Ýaponiýada çykyş ederler. Olaryň halkara ýaryşlaryna gatnaşmakda uly tejribeleri bar. Şeýle hem ýygyndy toparyň düzüminde sport ussatlygyna dalaşgär Nabat Batyrowa ilkinji gezek daşary ýurtda dünýä çempionatyna gatnaşar.