Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 692
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine we 31-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin, 2012-nji ýylyň 5-9-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Makao ýörite dolandyryş etrabynda gulluk iş saparynda bolar.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow “Bütindünýä syýahatçylyk bazary” atly halkara sergisine hem-de Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza ýurtlaryň Syýahatçylyk ministrleriniň şol serginiň çäklerinde boljak duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2012-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde gulluk iş saparynda bolar.