Şu gün ýurdumyzyň Hökümetinde Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ronald Kelleriň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda bolýan wekiliýetiň agzalary bilen ýurdumyzyň hökümetinde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Ronald Kelleriň belleýşi ýaly, Niderlandlaryň hökümeti ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berýär.
Diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gollandiýanyň iri kompaniýalarynyň milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak üçin işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşykda, hususan-da, ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada durlup geçildi. Iki ýurduň nebit we gaz çykarmak babatdaky tejribesiniň bu strategiki pudakda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem medeni ulgamda we ylmy alyşmalarda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Niderlandlaryň işewür toparlarynyň türkmen tarapyna toplanan baý tejribäni hem-de dürli pudaklardaky öňdebaryjy tehnologiýalary hödürlemäge taýýardygy baradaky teklip aýdyldy.