Şäher häkimliginiň paýtagtymyzdaky atçylyk-sport toplumynda güýzki at çapyşygy möwsüminiň iň soňky gününiň öň ýüzündäli onunjy at çapyşygy geçirildi. Münberleri dolduran tomaşaçylar gyzgalaňly at çapyşygynyň onusyna tomaşa etdiler.
Ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradowa bäş sapar pellehanadan birinji gelmek başartdy. Begençmyrat 4-nji topara degişli bolan iki ýaşar aty bilen 1000 metr aralyga bolan ikinji at çapyşygynda ýeňiji bolmagy başardy. Bu ýerde ol baş baýragy hususy athanada ösdürilip ýetişdirilen Kesearkaç diýen dor aty bilen almagy başardy. Ol 1 kilometrlik aralygy 8,3 sekuntda geçmegi başardy.
Üçünji at çapyşygynda Agamyrat öz bäsdeşlerine özvniň Mülk diýen dor aty bilen (1:09,0 minut) ýeňiş gazanmaga bermedi, dördünji at çapyşygynda bolsa – Kemerdag diýen mele aty bilen (1:08,1 minut) ýeňiş gazandy. Iki at hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal atçylyk toplumyna degişlidir.
Üçünji topara degişli bolan iki ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen ýaryşda Begençmyrada Asman diýen mele at kömek etdi. Ol bu aralygy 1:22,9 minutda geçmegi başardy.
Bäşinji, iň möhüm baýragy B.Agamyradow at çapyşygynyň altynjy tapgyrynda öz eserlerinde behişdi bedewleriň waspyny ýetiren Mätäjiniň adyna goýlan baýragy almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanmagy başardy. Bu baýragy almak ugrundaky aralyk iň uzyn 2800 metr aralygyna boldy. Bu bäsleşige 3 ýaşar ahalteke bedewleri gatnaşdyryldy. Onda Begençmyrat „Türkmenawtoýollary“ Döwlet konsernine degişli bolan Gaýratly diýen dor aty bilen (3:19,0 minut) ýeňiş gazanmagy başardy.
Bir günde bäş ýeňiş gazanmak häzirlikçe şu möwsümde iň ýokary görkeziji bolup durýar. B.Agamyradow 2010-njy ýylda Özbegistanda 60 kilometr aralyga geçirilen halkara atly ýörişde ýeňiji boldy. Ýakynda bolsa ol Fransiýanyň „Lonşan“ aýlawynda geçirilen „Triumfal arkasy baýragy“ ugrunda geçirilen abraýly halkara at çapyşygynda Aziýa sebtinden gatnaşan ýeke-täk wekil boldy.
Bu at çapyşygynda Begençmyrat Agamyradowyň dogany Merdana hem tapawutlanmak başartdy. Ol 1500 metr aralyga bolan ýedinji at çapyşygynda dördünji topara degişli bolan 3 ýaşar bedewleriň bäsleşiginde özüniň Gamsyzguş diýen mele aty bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Bedewiň bu reňkini sirk artistleri hem halaýarlar: sirkiň gümmeziniň aşagynda onlarça prožektorlaryň yşgynda bedew aýratyn öwüşgine eýe bolýar.
At çapyşygynyň 9-njy tapgyrynda 2400 metr aralyga geçirilen bäsleşikde 4 we ondan hem uly ýaşar bedewleriň arasynda ada goýlan baýrak ugrunda göreşildi. Bäsleşigi guraýjylar geçmişde meşhurlyga eýe bolan ussat seýis Bekmyrat Myradowyň hormatyna ýörite baýragy goýdular. Ol zehinli çapyksuwarlaryň ençeme neslini terbiýeläp ýetişdiren halypa seýisdir. Bu hormatly baýragy çapyksuwar Bezirgen Amansähedow özüniň Arslan (Türkmenistanyň söwda we dokma toplumy) diýen mele aty bilen almagy başardy.
Sekizinji at çapyşygynda 3-nji topara degişli bolan 3 ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralyga bolan bäsleşikde seýis-çapyksuwar Atçapar Bajymanow Goşamele (Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal atçylyk toplumy) diýen dor aty bilen birinji bolup gelmegi başardy. Bu toplumyň ýene-de bir çapyksuwary Azat Nedirow indiki at çapyşygynda 4-nji topara degişli bolan iki ýaşar atlaryň arasynda 1000 metr arlyga bolan ýaryşda birinji bolup geldi.
Dört ýaşar we ondan hem uly ýaşlylaryň arasynda 2000 metr aralyga geçirilen iň soňky bäsleşikde S.A.Nyýazow adyndaky atçylyk hojalygyndan Pereňjan (çapyksuwary Ylham Saparow) diýe dor at birinji bolup pellehanadan geçdi. Ol bu aralygy 2:28,5 minutda geçmegi başardy.
Indiki Ýekşenbe güni 11-nji noýabrda güýzki at çapyşygy möwsüminiň iň soňky tapgyry geçiriler. Onda köp sanly baýraklar ugrunda bäsleşiler. Olaryň iň esasysy bolsa – “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň göçme Kubogydyr. Şeýle hem şol gün 3 ýaşar ahlteke bedewleriniň arasynda ýapylyş baýragy; 4 ýaşar we ondan hem uly ýaşly bedewleriň arasynda hoşlaşyk baýragy; Eýeberdi Teleke baýragy we “Pel” baýragy ugrunda bäsleşiler.