Türkmen türgenleri Eýlatda (Ysraýyl) agyr atletika boýunça talyplaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda iki medaly gazanmagy başardylar. Talyplar sportunyň halkara federasiýasynyň (FISU) we Agyr atletika boýunça halkara federasyýasynyň (IWF) howandarlygynda iki ýylda bir gezek geçirilýän bu ýaryşlar dünýäniň iň gowy ýaş ştangaçylaryny jemleýär.
Eýýäm üçünji gezek geçirilýän şu çempionatda erkekleriň 26 topary we zenanlaryň 19 topary medallar ugrunda göreşýärler. Şeýle wekilçilikli ýaryşda Türkmenistanyň türgenleriniň tapawutlanmagy başarandygy bellärliklidir.
Dünýäniň talyplar ýaryşynda türkmen toparyna 8 türgen wekilçilik edýär. Ştangany itekläp götermekde Döwran Gorganow (62 kilograma çenli agramlykda) kümüş medala, Rejepbaý Rejepow (77 kilograma çenli agramlykda) ştangany silkip götermekde bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň birinjisi 141 kilogram agramy, ikinji bolsa 146 kilogram agramy galdyrmagy başardylar. Iki görnüşiň jemi boýunça D.Gorganow 250 kilogram netije bilen dördünji orny eýeledi, R.Rejepow bolsa iki görnüşde 314 kilogram netije bilen iň güýçlüleriň bäşligine girmegi başardy.
D.Gorganow özüniň uly sportdaky ýoluny Balkanabatda, R.Rejepow bolsa Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda başlady. Häzirki wagtda ştangaçylaryň ikisi hem sport bilen meşgullanmagy Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda okamak bilen utgaşdyrýarlar.
Talyplaryň dünýä çempionatynda indi iň agyr agramdaky (105 kilogramdan ýokary) ştangaçylar medallar ugrunda göreşerler. Topardaky görkezilen ýokary netijeleri nazara alsaň, geljegine uly ynam bildirilýän ýene-de bir türkmen türgeni Hojamuhammet Toýçyýewiň medallara dalaş etjekdigini aýtmak bolar.