Ýurduň alpiniziminiň taryhynda türkmen türgeni ilkinji gezek planetanyň iň belent dag ulgamy bolan Gimalaýlaryň „sekiz müňlüginiň “biriniň ekspedisiýasyna gatnaşdy. Hatarynda biziň ildeşimiz bolan halkara ekspedisiýasynyň maksady deňiz derejesinden 8091 metr belentlikde ýerleşýän Anapurna dagyna çykmak boldy.
13 adamdan ybarat bolan toparyň düzümine güýçliler – Russiýadan we Özbegistandan tejribeli alpinistler saýlanyp alyndy, olaryň ikisi planetanyň iň ýokary belentligi bolan Ewereste we tehniki taýdan iň çylyşyrymlylaryň biri bolan K-2 çykyp gördi. Türkmenistan ekspedisiýanyň lukmany hökmünde ýurduň tejribeli alpinistleriniň biri bolan – Aşgabadyň „Agama“ alpinistler klubynyň agzasy Dmitriý Serebrýakowy hödürledi. Ol ýedi müň metrden hem ýokary bolan Hantegri, Lenin, Ýeňiş, Pamir we Týan-Şan dag ulgamlarynyň Korženewskiý gerişlerine üstünlikli çykmagy başardy. Şeýle hem ol Kawkazyň, Pamiralaýyň we beýleki belentlikleriň birnäçesine çykan türgendir. Ynha indi bolsa gimalaýyň belentliklerine çykmak türkmen alpinistiniň maksady boldy.
Anapurnyň eteklerine ýol Nepalyň paýtagty Katmandudan başlandy, halkara ekspedisiýasy bu ýerden lageriň esasy ýerleşýän ýerine çenli – ulagyň hereket etmegine kynçylyk döredýän käýerlerdäki gorplar bilen bir ýarym kilometrlik kertli dag ýollary bilen ýarym aýlap ýol ýörediler. Her günde beýikli-pesli ýerlerden geçip, uzynlygy 40 kilometre ýetýän ýoly pyýada geçmeli boldy. Ýol ugrunda adatdan daşary owadan, çygly howa gülläp oturan tropiki tokaýlygyň ösen ýerini, dag gözelligini synlap bolýardy. Her gün ýakynlaşyp gelýän Anapurnanyň gara bürenen belentligi uzakdan görünýärdi, gözýetimi goňşuçylykda ýerleşýän ýene-de bir geriş – Thalgiriniň „sekiz müňlügi“ bezeýärdi. Ýoly howa - uzaga çeken musson ýegyşlary kynlaşdyrýardy
Lageriň bazasy Anapurnynyň demirgazyk eňňidinde deňiz derejesinden 4100 metr belentlikde ýerleşýär. Bu ýer düýbünden el degirilmedik, ilkibaşky tebigy görnüşini saklap galan ýerdir. Bu ýere adamlar ýokary çykmagyň çylşyrymlydygyny göz öňünde tutup, örän seýrek gelýärler. Haýwanat dünýäsiniň wekilleri örän geň galdyryjy bolup, adamy hiç-haçan görmändirler. Şeýlelikde dag geçileri lageriň bazasyna yzygiderli gelip, garaşylmadyk myhmanlara, olaryň çadyrlaryna we enjamlaryna gyzyklanma bilen seredýärdiler.
Ýokary çykmaklygy demirgazyk eňňitden „daniýalylaryň gapyrgasy“ (bu ýerden geçen ekspedisiýanyň ady boýunça) boýunça çykmak meýilleşdirildi, ýöne netijede has oňaýly „fransuz“ ugry saýlanyp alyndy. Alpinistler lageriň bazasyndan ýokary çykýan ugry çekip başladylar. Olara çylşyrymly relýef, buzluklar, kert gaýalar garaşýardy. Ýoluň geçmesi has kyn böleklerinde türgenler uzynlygy bir ýarym kilometr bolan ätiýaçlyk ýüpüni asdylar. Bu bolsa ýoluň ýokary çylşyrymlydygyndan habar berýär. Netijede alpinistler 5 günden soň 5100 metr belenlikde ýerleşýän lageriň ilkinji belentligine çykdylar. Soňra bolsa ýol 6100 metr belentlikde ýerleşýän ikinji ugra dowam etidrildi.
Jemi lageriň üç sany belentligine çykmak meýilleşdirilýärdi. Ýedi müň metr töweregi belentlikde ýerleşýän üçünji belentlikden bolsa belentligi zabt etmek başlanýardy. Ýöne bu ýerde tebigat öz ornuny görkezdi. Lageriň ikinji belentliginiň ugrunda iki sany Özbegistanly alpinist oprulma gabat geldi. Nätjekd-ä daglar ýene-de özüniň ýowuz häsiýetini görkezdi. Dag gerişlerine – belentliklere çykmagyň statistikasy Anapurna planetanyň sekiz müňlükleriniň iň howplylarynyň biri diýip tassyklaýar. Bu ahwalat ýokary çykmaklygy bes etdirdi. Üç günläp netijesiz geçirilen gözleg işlerinden soňra ekspedisiýa yzyna gaýtmaly boldy. Türkmen alpinistleri üçin Aşgabada tarap uzak ýol başlandy.
Tebigy dörän ýagdaýlar biziň ildeşimize köňlünde beslän belentligine çykmaga – onuň sport dünýäsinde ilkinji sekiz müňlik belentligine çykmaga päsgel berdi. Ýöne, belentlige çykmagyň bes edilen ýerindäki bellik türkmen alpinistleriniň şu ýylyň tomsunda üstünlikli çykmagy başaran Ararat daglarynyň iň belent gerişlerindäki bellikden hem ýokarydyr. Ekspedisiýanyň duçar bolan çylşyrymly şertlerini göz öňünde tutmak bilen, dag gerişlerinde geçilen bu ýol gazanylan gowy netije bolup durýar we biziň türgenlerimiziň gimalaý gerişlerine çykmaga äden ilkinji saldamly ädimleri bolup durýar.
Türkmen türgenleri dag gerişlerine çykmakda öz çäklerini barha giňeldýärler, öz öňlerinde has belent sepgitleri goýýarlar. Bu bolsa dag gerişlerine çykmaga höwes bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyna, ýurtda alpinizm sportynyň ösdürilýändigine, onuň barha meşhurlyga eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.