Ï Türkmenistanyň Prezidenti СLAAS kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti СLAAS kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi

view-icon 851
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň belli “СLAAS Global Sales GmbH” kompaniýasynyň wekillerini - kompaniýanyň GDA ýurtlarynda satuw boýunça prezidenti jenap Diter Dýuringeri we kompaniýanyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça sebitleýin direktory Sergeý Potemini kabul etdi. Myhmanlar Aşgabada Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň gününe gatnaşmak üçin geldiler.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza ýüzbe-ýüz duşuşykda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy geçen şanly seneler- Garaşsyzlyk güni, Gurban baýramy hem-de ýetip gelýän Hasyl toýy bilen gutladylar. Ýurduň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine niýetlenen häzirki zaman, ýöriteleşdirilen tehnikalary ugratmaga taýýardyklaryny bellemek bilen, myhmanlar kompaniýanyň netijeli işewürçiligi ýola goýmak üçin ähli zerur şertler we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk üpjün edilen geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanda ägirt uly maliýe, salgyt we gümrük ýeňilliklerini ugur edinýän maýa goýum syýasatynyň we ykdysady hem-de serişde mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ösüşi ugur edinýän Türkmenistayň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ösen tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, biziň ýurdumyz bilen Germaniýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini we olaryň ösen ylmy tehnologiýalary işeň ornaşdyrmakda baý tejribe toplandygyny belledi.

Biziň ýurdumyz Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda Germaniýanyň dürli pudaklarda, şol sanda obasenagat toplumynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň köp sanlysy işleýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň jähedinde täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen we biziň ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryna doly laýyk gelýän kuwwatly tehnikalarynyň işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Işewürler döwlet Baştutanymyza öz öňlerinde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlaryň isleglerini doly nazara alýan kompaniýa mundan beýläk-de ýokary hilli, iň esasysy bolsa ýerli howa şertlerinde synagdan geçirilen ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny ibermäge taýýardygy, olaryň ygtybarlylygyna we tehnikalaryň oňaýly şertler bilen üpjün edilendigine Türkmenistanyň oba hojalykçylary şu geçen döwürde göz ýetirendir diýip bellenildi.

Kompaniýanyň wekilleri ynam bildirilendigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, özleriniň ähli tabşyryklary we sargytlary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna we ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.