Ï Syýahatçylyk we myhmanhana halkara ülňüleriniň hereketinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Syýahatçylyk we myhmanhana halkara ülňüleriniň hereketinde

view-icon 960
Şu gün paýtagtymyzyň we welaýatlaryň döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň, şeýle hem hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň işgärleriniň hem-de Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky myhmanhanalaryň işgärleri üçin başlanan tälim alyş seminarlaryň tapgyry ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy babatda dünýä tejribesini iş ýüzünde ulanmaga bagyşlanandyr. Okuwlar Aşgabadyň orta hünärment syýahatçylyk mekdebiniň binýadynda geçirilýär. Olara maslahat beriş goldawyny Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hünärmenleri berýärler.

Dekabr aýynyň ahyryna çenli dowam etjek hepdelik okuwlaryň tapgyry syýahatçylyk ulgamynyň we aýratyn işewürligiň köp sanly menejerlerine we beýleki hünärmenlerine diňe bir bilimlerini artdyrmaga däl, eýsem, hünärini ýokarlandyrmaga kömek eder. Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana ulgamyny ösdürmek we bu ulgamda halkara iş tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň topary häzirki seminarlaryň gozgaýan meselesini gurşap alýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýahatçylygyň dürli görnüşleriniň, şol sanda halkara syýahatçylygynyň tutuş ulgamy çalt depginlerde kemala gelýär. Şunuň bilen bir hatarda milli taryhy-medeni mirasy, türkmen toparynyň özboluşly ajaýyp tebigy ýerleri bilen tanyşdyrmak işi çalt depginler bilen ösdürilýär, we öz nobatynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy hökmünde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegi höweslendirýär.

Bu ugurda milli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, syýahatçylyk düzümlerini kemala getirmek, daga dyrmaşmak, ekologiýa, zoogeografiýa, sport, etnografiýa we beýlekiler ýaly syýahatçylygyň özboluşly görnüşlerini guramak boýunça hyzmat edilişini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çalt çözmegiň ähmiýetini şertlendirýär. Munuň özi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň köpdürlüliginiň we mümkinçilikleriniň diňe bir bölegidir, Türkmenistan häzirki wagtda UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-arheologiki ýadygärliklere, zyýarat edilýän ýerlere, ajaýyp tebigy ýerlere eýedir. Geljekde bolsa UNESKO-nyň Tebigy mirasynyň sanawyna hödürlenen Köýtendagyň özboluşly tebigy ýadygärlikleri, şeýle hem ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriniň esasynda döredilen milli seýilgähler oňa goşular.

Ýurdumyzyň hünärmenleri üçin Aşgabatdaky orta hünärment syýahatçylyk mekdebiniň mugallymlary okuw geçer, şol mekdep şu ýyl açyldy we eýýäm türkmen ykdysadyýetiniň okgunly ösýän täze pudagynda öz başlarnyklaryny hem-de ukyplaryny görkezmäge isleg bildirýän dürli ýaşdaky adamlardan ybarat bolan 200 okuwçyny iki ýyllyk okuwa kabul etdi.

Häzirki seminarlary geçirmek üçin gid-terjimeçi, syýahatçylyk we marketing, kabul etmek we ýerleşdirmek, iýmiti guramak, maliýe-ykdysady we hojalyk işi ýaly bölümler boýunça tälim berýän okuwlar işlenip taýýarlanyldy. Bu ugur Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini alyp barmagyň dürli taraplaryny gurşap alýan, 2010-njy ýylda kabul edilen “Syýahatçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine esaslanýan leksiýalaryň giň toparyny özünde jemleýär.

Seminarlaryň diňleýjileri temalaryň giň toparyny özleşdirerler--hukuk we pasport-wiza meselelerini, işewürlik gatnaşygynyň psihologiýasyny we milli edebiň aýratynlyklaryny, myhmanhana hyzmatyny, milli syýahatçylyk işini ösdürmegiň usullaryny, syýahatçylyk firmalarynyň işinde internet-tehnologiýany, web-saýtlary döretmegi, gezelençleri taýýarlamagyň hem-de geçirmegiň aýratynlyklaryny, ilkinji lukmançylyk kömegini etmegiň endiklerini, dürli naharlary taýýarlamakda we bezemekde häzirki zaman meýillerini, halkara ülňüleri boýunça hasabatlylygy ýöretmegi, syýahatçylykda salgyt salmagy hem-de auditiň esaslaryny öwrenerler. Çagyrylan hünärmenleriň ýardam etmeginde daşary ýurt dillerini çalt öwrenmek boýunça türgenleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Nazary we amaly bölümlerden ybarat bolan okatmagyň maksatnamasy tamamlanandan soň seminarlara gatnaşyjylara degişli güwänamalar berler.