Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy gurmagyň barşy we täze taslamalar bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy gurmagyň barşy we täze taslamalar bilen tanyşdy

view-icon 613
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş sapary mahalynda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň barşy bilen tanyşdy we şäheri gurmagyň täze taslamalaryna garady. Milli Liderimiz “Oguzhan” Köşkler toplumyndan çykyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde ýoluny dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly depginlerde durmuşa geçirilýän uly möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň merkezinde gurulýan Türkmenistanyň Hökümetiniň binasyna geldi. Bu desganyň gurluşygy “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary – onuň prezidenti we baş direktory jenap Alen Bonno we beýlekiler garşyladylar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginlerde amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki zaman binagärlik, bezeg we inžener-tehniki pikirini hem-de şonuň bilen birlikde türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli binagärlik däplerini özünde jemläp, ähli gurluşyklarda nusga bolup hyzmat etmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynyň gurluşygy bilen içgin tanyşdy. Türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň kemala gelýän täze binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşjak desganyň aýratyn derejesine ünsi jemläp, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümetiniň täze binasy öz keşbinde milli binagärligiň iň gowy däplerini jemläp, häzirki zamanyň döwrebap bezelişi bilen tapawutlanmalydyr hem-de tehniki üpjünçiligi boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelmelidir.

Soňra fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasyna gurluşygy ynanylan bu möhüm desgada alnyp barylýan işleriň barşy hakynda jikme-jik hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynyň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy teklip edilýän serişdeleriň görnüşleri we eskizler bilen tanşyp, olar häzirki zamanyň bezeginiň alamatlary bilen baý milli däplerimiziň sazlaşykly utgaşmagynda öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu beýik we ajaýyp bina berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň, onuň döredijilik mazmunynyň we ruhubelentliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň içki bezelişi bilen gyzyklanyp, timarlaýyş serişdeleriniň – granitiň, mermeriň, bezeg gözenekleriniň nusgalaryny gözden geçirdi we onuň otaglarynyň bezelişi aýdyň milli öwüşgine eýe bolmalydyr diýip, ýene-de bir gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze binanyň ulanyş häsiýetnamalary, tehniki üpjünçiligi, şol sanda elektrik, suw, ýyladyş we salkynladyş üpjünçiligi we beýleki ulgamlary bilen gyzyklanyp, häzirki zaman tehniki enjamlaryny oturtmagyň möhümdigini aýtdy we bu ýerde işlejek adamlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtap, iň bir owunjak zatlaryň hem gözden salynmaly däldigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Hökümetiniň binasyny gurmak we üpjün etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ozal aýdan belliklerini we tekliplerini nazara almak bilen fransuz hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze taslamalar görkezildi. Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde asma ýoluň we dagda işjeň dynç alyş binasynyň, paýtagtymyzda seýilgähler we suw çüwdürimleri toplumynyň, Halkara uniwersitet toplumynyň, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda medeni-dynç alyş merkeziniň taslamalary bar.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we meýilnamalar bilen içgin tanşyp, işlerde innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmak bilen desgalaryň niýetlenen maksady we binagärlik bezelişi babatda birnäçe düýpli belliklerini we tekliplerini aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň täze binagärlik toplumlarynyň tapawutly aýratynlygy häzirki zaman binagärlik we inžener-tehniki pikir hem-de milli binagärligiň iň oňat däpleri bilen sazlaşykly utgaşmasylydyr diýip belledi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti asma ýoluň taslamasynyň görnüşleriniň birine ünsi jemläp, ol çekilen mahaly ähli ygtybarly düzümleri, şol sanda inžener-tehniki desgalaryň ulgamyny, yşyklandyrylyşy, restoranlaryň, töweregi synlamak üçin synlaýyş meýdançasynyň gurluşygyny we başgalary göz öňünde tutmak gerek diýip belledi. Şunda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, desgalar gurlan mahaly adamlaryň göwnejaý dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, hyzmat etmegiň ýokary hili hakynda hem alada etmek zerurdyr.

Asma ýol gurlan mahaly lyža sporty bilen meşgullanmak mümkinçiligi, ýagny dagdan lyžaly ýörite typylýan ýeriň – sport-lyža ugrunyň enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu barada söz açyp, milli Liderimiz emeli gar örtügi bilen ýörite lyža ýoluny dowam etmek kyn bolup durmaz diýip nygtady. Sowuk gelýän gyşlar hem bolýar, şonda bu ýerlere ýagan gar ýylyň bütin dowamynda eremeýär, munuň özi lyža sporty bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu uly möçberli işler, şol sanda ýokary üstünlikler sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak maksady bilen geçirilýän beýleki çäreler ahyrky netijede adamlaryň saglygyny pugtalandyrmaga we adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýene-de birnäçe häzirki zaman sport desgalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Bularyň hemmesi döwletimiziň adam we onuň saglygy barada uly alada edýändiginiň aýdyň mysaly, bu mesele Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, seýilgähleriň durkuny täzelemek boýunça toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz suw çüwdürimleri toplumynyň taslamasy bilen tanşyp, ilkinji nobatda, geljekki desganyň tehniki tarapy bilen gyzyklanyp, onuň belli bir maksada gönükdirilmegi we gün şöhlesine ýa-da agşamky çyralaryň yşyklaryna şuglananýan ägirt uly suw çüwdürimleri bilen utgaşýan seýilgähiň gözelligini üpjün etmelidir diýip belledi. Şeýle hem seýilgähiň abadanlaşdyrylan ýodajyklarynyň ugry bagy-bossanlyga bürelmelidir, özboluşly oturgyçlar we çyralar oturdylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ajaýyp köşkler, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary bezeýän Aşgabat sebitiň “binagärlik dürdänesi” diýlip mynasyp atlandyrylýar. Seýilgäh bezegi babatda innowasiýalar hem bu derejäni tassyklamalydyr we şonuň üçin hem şäheriň seýilgäh zolaklaryny, onuň köçelerini bezemek aýratyn möhümdir.

Beýleki taslamalaryň hatarynda täze Halkara uniwersitet toplumynyň taslamasy döwlet Baştutanymyza hödürlendi, şol uniwersitetde okuwlar iňlis dilinde geçiriler. Ol dolandyryş merkezini, okuw binasyny, amfiteatrlary, has oňaýly umumyýaşaýyş jaýlaryny, naharhanalary, sport meýdançalaryny we beýlekileri özünde jemlär.

Milli Liderimiz taslama barada birnäçe anyk teklipleri we maslahatlary aýdyp, Türkmenistanda gurulýan, talyplary netijeli okatmak üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulan täze bilim desgalary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmelidir diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap geçişi ýaly, döwletimiz ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga, bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge hemişe düýpli üns berer.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Awazada” akwaparky we okeanariumy özünde jemleýän medeni-dynç alyş merkezini döretmek boýunça taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy. Taslamanyň çäklerinde suw howuzlaryny, wizual synlaýşy bolan kinoteatry, sungat merkezini, sport meýdançalaryny we söwda merkezini, suwa düşülýän kluby, akwa-depejigi, golf oýnalýan meýdançany we beýlekileri gurmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimizbinagärleriň teklipleri bilen tanşyp, akwaparky we okeanariumy gurmagyň taslamasynyň dynç alýanlaryň we ilkinji nobatda ýaşlaryň höwes bilen dynç alýan ýerleri bolmagy üçin innowasion gazanylanlary, iň öňdebaryjy tehnologiýalary we özboluşly döredijilik pikir-oýlary özünde jemlemelidir diýip belledi. Gürrüňsiz suratda, çagalara, şeýle hem olaryň ata-enelerine umman çuňluklarynda mesgen tutan täsin jandarlar bilen duşuşmak hem-de dürli attraksionlar ägirt uly şatlyk eçiler, olaryň Awazada dynç almagyny özüne çekiji hem-de unudylmaz ýagdaýa öwrer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar boýunça birnäçe teklipleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Biziň maksadymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmenistanlylaryň dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin, şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtly myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda durmuş we medeni dynç alyş maksatly desgalaryň gurulmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanyşmagyň barşynda işleriň hilini birkemsiz berjaý etmek hem-de desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek bilen baglanyşykly wajyp meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Öz nobatynda “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Alen Bonno döwlet Baştutanymyza kompaniýa Türkmenistanda ýaýbaňlanan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna gatnaşmakda bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol fransuz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, kompaniýanyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny geljekde hem abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanyşmagyny tamamlap, öz egindeşleri bilen şäher boýunça iş saparyny dowam etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ozal beren tabşyryklaryna we maslahatlaryna laýyklykda şähergurluşyk ulgamynda biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Buig” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmäge, öňdebaryjy taglymlaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň esasynda onuň düzümini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunda milletimiziň baý özboluşly medeni mirasyny gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmäge ägirt uly ähmiýet berilýär. Sebäbi medeniýet şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine, onuň raýat garaýşynyň, dünýägaraýşynyň, estetiki garaýyşlaryň we ahlak häsiýetleriň kemala gelmegine gönüden-göni täsir etmek bilen, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň möhüm şerti onuň esasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge syýasata we ykdysadýete bolşy ýaly, uly üns berilýär we ol hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolýan ugurlaryň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar diýip nygtady. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly häzirki zaman desgalaryň gurulmagy, türkmenistanlylaryň we aýratyn hem ýaşlaryň medeniýetli dynç almagyny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi munuň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar, munuň bolsa adamynyň ruhy dünýäsini we dünýägaraýşyny kemala getirmekde uly ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz fransuz hyzmatdaşlarymyzyň Kongresler merkeziniň hem-de 3000 orunlyk teatr we konsertler merkeziniň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň hem-de onuň sergiler zalynyň taslamalary bilen içgin tanşyp, bu toplumlaryň binagärlik beýanyna hem-de abadanlaşdyrylyşyna degişli birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Olaryň ýaş nesli medeni we watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda möhüm ähmiýeti bolar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi boljak täze toplumlaryň Arçabil şaýolunda kemala gelýän binagärlik toplumyna özboluşly bezeg berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu binalaryň daşky bezegine, töweregindäki çäkleriň abadanlaşdyrylyşyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz aýratyn hem Kongresler merkeziniň hödürlenen taslamasyna düýpli bellikleriň birnäçesini, hususan-da, onuň köpugurly bolmalydygy, bu ýerde dürli derejelerdäki sergileriň, maslahatlaryň we medeni-köpçülik çäreleriniň ýokary derejede guralmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk işlerine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz onuň taslamasynda iň owunjak zatlaryň hem ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtamyzyň resmi-işewürlik merkezinde gurulýan desgalar we binalar barada durup geçmek bilen, bu ýerde gurulýan ak mermerli binalary bezemek işiniň nusga alarlyk derejede amala aşyrylmalydygyny aýtdy. Şunda milli Liderimiz bu ýerde işlejek adamlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmegiň, şeýle hem binalar gurlanda dünýäniň şähergurluşyk iş tejribesinde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalary milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdebaryjy syýasy ugur netijesinde diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde ykrar edilen parahatçylygy üpjün ediji, işewür we medeni merkez hökmünde Türkmenistanyň abraýy yzygiderli artýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz wekilçilikli halkara maslahatlaryny yzygiderli geçirýär. Munuň özi häzirki zaman binalaryny gurmagy şertlendirýär, olarda bu möhüm çäreleri guramak hem-de geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygy meselesine ünsi jemläp, halkara derejesinde iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen türkmen paýtagtynyň ähli ölçegler boýunça bütin dünýä derejesindäki ähmiýetli merkeziň ýokary derejesine laýyk gelmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şol ýerde giň möçberli wezipeleriň oňyn çözgütlerini gazanmak üçin möhüm duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde degişli Konsepsiýada göz öňünde tutulan we onuň ileri tutulýan ugurlarynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek dürli derejedäki çäreleriň ençemesi geçirildi. Şu ýylyň dekabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Arkalaşygyň ýokary guramasy bolan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

Şu ýerde, tanyşdyrylyş çäresi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagy bilen gysgaça iş maslahatyny geçirdi. Şonda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli çäklerinde senagat, medeni-durmuş we ýaşaýyş jaý maksatly täze desgalary gurmagyň giň möçberli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek zerurdyr. Bu babatda işleriň ýokary hili we desgalary ulanmaga bermegiň şertnamalaýyn möhletleri gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. Şunda raýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylarynyň bähbitlerini üpjün etmek möhümdir, sebäbi amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň baş maksady türkmenistanlylaryň maddy-hal ýagdaýyny, durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Halkara hyzmatdaşlygynyň iri sebitleýin işewür we medeni merkeziniň derejesini eýe bolan Türkmenistanyň paýtagtynyň häzirki zamanyň çalt depginler bilen ösýän şäheriniň – gözelligi we amatlylygy utgaşdyrýan geljegiň şäheriniň özboluşly nusgasyny özünde jemlemelidigini ýene-de bir gezek nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.