Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 676
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ilatymyza ýokary hilli söwda hyzmatlaryny etmek üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli kärhanalar bilen döwrebap, köpugurly söwda bazarlarynyň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamalary daşarky elektrik eltiji ulgamlaryny geçirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we söwda bazarlaryny 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mümkinçilikleri çäkli bolan ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran 11374-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň häkimliklerine degişli kärhanalar bilen 420 orunlyk saglygy dikeldiş mekrezli mekdep-internatlaryň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamalary daşarky elektrik eltiji ulgamlaryny geçirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binalary 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mümkinçilikleri çäkli bolan ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran 11374-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň B.Annanow köçesi bilen Oguzhan köçesiniň kesişýän ýeriniň demirgazyk-günbatar tarapynda 420 orunlyk saglygy dikeldiş mekrezli mekdep-internatyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany daşarky elektrik eltiji ulgamy geçirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary halkara derejelerine çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäherinde Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda halkara derejeli ýolagçy awtomenziliniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlap, awtomenzili 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.