Ï Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça çempionat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça çempionat

view-icon 880
Paýtagtyň Suw-sport toplumynyň zallarynyň birinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bäsleşikde baýraklaryň 6 toplumy ugrunda ýaryşyldy. Oňa sportuň bu görnüşiniň iň gowy wekilleriniň 86-sy – etrap, şäher we welaýat derejelerinde geçirilen ýaryşlaryň ýeňijileri gatnaşdylar. Şu ýerde stoluň üstünde oýnalýan tennis oýunlarynyň ussatlarynyň öňünden geçirilen çempionata türgenleriň 1000-e golaýynyň gatnaşandygyny ýatlap geçeliň.

Erkekleriň arasynda şahsy hasapda sport ussady Rawil Ahmedow, zenanlaryň arasynda – sport ussatlygyna dalaşgär, Aşgabatdan Mähriban Mehtiýewa ýeňiji bolmagy başardy. Şeýle hem Mähriban Ýekaterina Gromiskaýa bilen jübüt oýnap, jübütleriň arasynda geçirilen bäsleşikde altyn medaly aldy. Erkekleriň arasynda jübütlikde çykyş etmekde lebaply türgenler Adylbek Jumanow we Nikita Dymow birinji ýeri almagy başardylar. Ýene-de iki sany baýrak toplumy toparlaýyn bäsleşikde geçirildi (her toparda üç sany wekil boýunça). Erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde birinji we ikinji orunlary Aşgabat-1 we Aşgabat-2 toparlary almagy başardylar.

Şeýle hem Aşgabadyň bu suw-sport toplumynda ýurdumyzyň spoluň üstünde oýnalýan tenisssiň iň gowy ussatlary 30-njy noýbrdan 3-nji dekabr aralygynda özaralarynda medal ugrunda bäsleşerler. Bu ýerde Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda bäsleşiler. Bu bäsleşikler has jogapkärli bäsleşikleriň öňisyrasyndaky saýlama toplumynda jemleýji tapgyr bolar. Bişkekde halkara bäsleşigi geçiriler. Bu bolsa Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlmegi göz öňünde tutlýan stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýygyndy toparyň öňünden düzüljek düzümini kesgitlär.