Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň täze syýahatçylyk kartasy bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy, oňa döwlet we hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Aşgabatdaky syýahatçylyk boýunça ýöriteleşdirilen orta okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Mälim bolşy ýaly, 19-njy noýabrda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň taslamasy hödürlendi. Bu karta ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyz birnäçe takyklamalary girizip, Türkmenistanyň tebigy we taryhy künjekleriniň atlaryna we şertli belliklerine milliligiň mahsus bolmalydygyny belledi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri milli Liderimiziň belliklerini göz öňünde tutmak arkaly, kartanyň täzeden işlenip taýýarlanan gutarnykly görnüşi bilen tanyşdyryldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda çykyş edenler 2012-2016-njy ýyllarda şu pudaga degişli Milli maksatnamany amala aşyrmak, şeýle hem şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň bepdiler. Şu jähetden alanyňda, täze syýahatçylyk kartasy şu ugurda döwlete degişli we hususy ulgamlaryň işini anyklaşdyrmakda, syýahat edilýän täze ugurlary işläp taýýarlamakda, dürli ugurlardaky işi kämilleşdirmekde, syýahat edýän türkmenistanlylar we daşary ýurtly jahankeşdeler üçin tanyşdyryş syýahatlarynyň özboluşlylygyny, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda wagyz etmekde wajyp ähmiýete eýe bolar. Şu maksatlar bilen kartany diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaýratmak bilen çäklenilmän, halkara guramalaryna we hyzmatdaşlyk edýänlere, şeýle hem Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçihanalaryna iberiler.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň şunuň ýaly syýýahatçylyk kartasynyň bolmagy ýurdumyzyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen syýahatçylyk boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek we gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin açyklygyny äşgär edýär. Ýakynda ýurdumyzyň London şäherinde geçirilen “Bütindünýä syýahatçylyk bazary” (WTM) atly sergä gatnaşmagy hem muňa degerli ýardam berdi. Ozal bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-7-nji noýabrynda guralan serginiň barşynda dünýäniň 187 ýurdunyň dürli derejeli syýahatçylyk edaralary öz ekspozisiýalaryny görkezdiler. Syýahatçylyk boýunça ministrleriň duşuşygyna bolsa 90 döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Syýahatçylyk kartasy Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, tebigy künjekleri bilen içgin tanyşmak isleýänler üçin hem niýetlenendir. Bu karta daşary ýurtlaryň syýahatçylyk baradaky agentliklerine has gyzykly ugurlary we ulaglary saýlap almaga ýardam eder. Munuň üçin kartada welaýatlaryň çäkleri, iri şäherleriň häzirki atlary, ulag kommunikasiýalary, tebigy goraghanalar, syýahatçylygyň sagaldyş-bejeriş desgalary görkezildi.
Kartada Orta Aziýanyň şypahana dürdänesi hasaplanýan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy ilkinji gezek görkezildi. Kartada meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry düýeleriň şekilleri arkaly suratlandyrylýar, täsinlikleri gowy görýänler üçin atly gezelenç edilýän ugurlar hem-de Türkmenistanyň tebigy künjekleri bilen tanyşmak isleýänler üçin ýurdumyzyň özboluşly tebigy ýerleriniň we gadymy binalaryň onlarçasy şekillendirildi. Şeýle hem täze kartada UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan Gadymy Merwiň we Köne Nusaýyň, Köneürgenjiň arheologik ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýerleri görkezildi. Kartada şeýle hem Köýtendagyň gözel tebigy künjekleri, şeýle hem karst gowaklarynyň ulgamy we gadymy döwürlerdäki süýrenji jandarlaryň yz galdyran ýeri bellenildi. Kartada ýurdumyzdaky dürli howa guşaklyklar, daglar, deňiz we jöwzaly çöllük ýer şekillendirilýär, munuň özi bu ýerlerde emele gelen täsin ekologik ulgamlar barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimize syýahatçylygyň ösdürilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk kartasynyň işlenip taýýarlanmagynyň Türkmenistanyň syýahatçylyga degişli örän uly mümkinçilikleriniň wagyz edilmegine, ýurdumyzdaky myhmanhana hyzmatynyň we syýahatçylyga degişli hyzmatlary hödürleýän ulgamyň halkara standartlarynyň derejesine ýetirilmegine, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň entek ýaş hem bolsa, batly depgin bilen ösýän bu pudagyna degişli täze taslamalaryň döredilmegine we şu ugurdaky işleriň kämilleşdirilmegine badalga berjekdigini bellediler.