Ï Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berildi

view-icon 1500
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler boldy

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Ermenistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary iki sagatdan iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ýerewan şäheriniň “Zwartnos” halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndan resmi wekiliýetler üçin zalyň girelgesine çenli uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama duruzyldy.

Şu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Uçaryň ýanynda türkmen döwletiniň Baştutanyny Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan mähirli garşylaýar. Milli lybasly oglan we gyz türkmen Liderine gül desselerini gowşurýarlar.

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçýärler.

Iki döwletiň Baştutanlaryna Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi raport berýär. Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler.

Soňra Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ermenistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda türkmen Lideri hem ermeni kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawulynyň rotasynyň we harby orkestriniň dabaraly ýörişini kabul edýärler.

Dabara tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri “Zwartnos” halkara howa menziliniň resmi wekiliýetler üçin zalyna barýarlar, bu ýerde olaryň gysgaça söhbetdeşligi boldy.

Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan taraplaryň giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz islegini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri Ýerewanda ýokary derejedäki gepleşikleriň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-ermeni gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge, Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti üçin sapar mahaly bellenilen kabulhana – “Kabul edişlikler jaýyna” tarap ugraýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny kabulhana çenli ugradýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna häzirki – resmi saparyna Ermenistan Respublikasynda döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ösdürmegiň ýolunda täze ädim hökmünde garalýandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Türkmenistana resmi sapary boldy. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny onuň esasy ugurlarynda has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ýerewanda ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklara – döwletara derejesindäki, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Saparyň bir gün öňýany Ýerewana gelen biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bu ýerde öz ermeni kärdeşleri bilen iş duşuşyklaryny we geňeşmeleri, şol sanda Ermenistan Respublikasynyň daşary işler, energetikawe tebigy serişdeler, şähergurluşyk, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim we ylym, medeniýet, oba hojalygy ministrliklerinde, Milli Ylymlar akademiýasynda, taryh we seýsmologiýa institutlarynda, Ermenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Raýat awiasiýasy departamentinde, Tehnoparkda, “PanArmenian” mediýa toparynda, tele we radioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem syýahatçylyk kompaniýalarynyň käbirinde duşuşyklary geçirendigini bellemek gerek. Duşuşyklaryň barşynda dürli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün, 28-nji noýabrda Ermenistanyň paýtagtynda Aram Haçaturýan adyndaky Uly konsert zalynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň ermeni dilinde neşir edilen “Ganatly bedewler”, “Türkmenistan” we “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy we iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Uly konsert zalynyň eýwanynda guralan sergide Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary -- türkmen zergärleriniň önümleri, ýaş we tanymal suratkeşleriň işleri, ajaýyp halylar we haly önümleri, milli egin-eşikleriň nusgalary, şeýle hem türkmen moda taýýarlaýjylary tarapyndan döredilen häzirki zaman egin-eşikleriniň özboluşly nusgalary, milli keşdeler we bezeg şaý-sepleri görkezildi. Sergi medeni çärä gatnaşyjylaryň—ýerewanlylaryň we ermeni paýtagtynyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Ermenistan Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şol sanda Ermenistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, alymlar we mugallymlar, tanymal ermeni ýazyjy-şahyrlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygy Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministri hanym Asmik Pogosýan açyp, öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň özboluşlylygyny we milletiň baý taryhy-medeni mirasyny , Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde ähmiýetli ornuny aýratyn nygtady. Şonda türkmen Lideriniň medeni-gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan uly goşandy bellenildi.

Dabarany Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň gündogary öwreniş fakultetiniň türkşynaslyk bölüminde bilim alýan talyp gyzyň çykyşy jemledi. Onuň uly joşgun bilen okan beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň goşgusy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplaryny ermeni dilinde neşir etmäge gatnaşan ermeni tarapynyň wekillerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabara tamamlanandan soň, türkmen we ermeni artistlerinňi gatnaşmagynda konsert boldy. Ol uly üstünlige eýe boldy. Şu günüň birinji ýarymynda türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde, Köşgüň baş girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan mähirli garşylady.

Ermenistanyň baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny Köşge çagyrýar, bu ýerde Altyn zalda ýokary derejedäki ikiçäk türkmen – ermeni gepleşikleri geçirildi.

Türkmen Liderini Ýerewanda kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny belläp, Prezident Serž Sargsýan Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Ermenistanyň baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen, umumy bähbitlere gabat gelýän dostlukly, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we giňeltmäge ygrarlydygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze many-mazmuna eýe bolýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandynyň örän uludygy aýratyn bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin öz ermeni kärdeşine minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi we öz gezeginde Türkmenistanyň hem Ermenistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol gatnaşyklaryň esasynda öňden gelýän dostluk däpleri we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy onuň mümkinçiliklerine gabat gelýän täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we ynanyşmak, işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ak zalda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny ermeni topragynda mähirli mübärekläp, türkmen Liderine Ermenistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ermenistanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan türkmen – ermeni gatnaşyklary bu gün täze derejä çykýar we ähli ugurlarda berkidilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly, netijeli häsiýetini bellemek bilen, Prezident Serž Sargsýan şu günki gepleşikleriň gün tertibine türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi diýip nygtady. Şunda taraplaryň ýokary derejede gazanan ylalaşyklary däbe öwrülen syýasy gatnaşyklary berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar diýlip nygtaldy.

Ermenistanyň Prezidenti halkara syýasatynyň has möhüm meseleleri boýunça iki döwletiň nukdaýnazarlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň sebitleýin we halkara derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etmek islegleriniň bir meňzeşdigini aýtdy. Şu maksatlarda taraplaryň ikisi hem abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Ermenistan Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk başlangyçlaryny we onuň ýüze çykýan ähli meseleleri halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler bilen çözmek babatda üýtgewsiz nukdaýnazaryny doly goldaýar diýlip bellenildi.

Söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, Prezident Serž Sargsýan şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna uly ornuň degişlidigini aýtdy. Onuň işi köp pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin iki döwletiň eýe bolan kuwwatyny we mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Taraplaryň iki halkyň köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan gumanitar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga berýän uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, Ermenistanyň baştutany bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda türkmen – ermeni gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, döredijilik alyşmalaryny işjeňleşdirmek barada pikir aýtdy.

Şu günki gepleşikleriň hem-de olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Serž Sargsýan tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Türkmen Lilderi Prezident Serž Sargsýana Ermenistan Respublikasynyň resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylýan şu sapar dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze döwri alamatlandyrýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sene bilen hemmeleri gutlap, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir we iki ýurduň bähbidine ösdürilýär diýip nygtady. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigine özara düşünmek türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Syýasy gepleşikleriň ýokary derejesi, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişme tapýandygyny we ony has-da ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmenistan we Ermenistan özbaşdak daşary syýasaty ýöredip, birek-biregiň daşary syýasy ugurlaryny we maksatlaryny, olary amala aşyrmagyň usullaryny we gurallaryny seçip almaga bolan özygtyýarly hukuklaryna hormat bilen garaýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda iki ýurduň ysnyşykly gatnaşyklara bolan özara ygrarlylygy birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykdy, türkmen Lideri ermeni tarapyna Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we hususan-da, Prezident Serž Sargsýana Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine saýlanylmagyny goldandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Biziň döwletlerimiz öz mümkinçiliklerini doly peýdalanyp, parahatçylyk söýüjilik we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Düzgünnamasyna ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryny ösdürjekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan we Ermenistan parahatçylyk ýagdaýynyň barşyny oňyn ösdürmäge, döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň doly berkarar bolmagyna ýardam etmekde bitewüdirler. Bu babatda taraplaryň durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi möhüm ýagdaýdyr.

Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin amatly şertleri döredýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-eneregetika toplumy, senagat, oba hojalygy, ulaglar we aragatnaşyk, maýa goýum pudagy we beýleki pudaklar ýaly geljegi uly ugurlarda tagallalary üstünlikli jemlemek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Ermenistanda däp boýunça ylmy tagallalary köp talap edýän önümçilik, derman senagaty, önümleri gaýtadan işleýän we azyk senagaty ýokary derejede ösendir. Öz nobatynda Türkmenistan ermeni hyzmatdaşlarymyza özüniň ýokary tehnologiki, dokma, himiýa we nebithimiýa senagatynyň önümlerini, ýangyç-çalgy serişdeleri we beýleki ençeme önümleri hödürlemäge taýýardyr.

Häzirki wagtda ýokary tehnologiýalaryň esasynda dürli pudaklarda doly möçberli hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny agtarmaga islege wagt ýetendigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti bu işe türkmen we ermeni kärhanalaryny hem-de kompaniýalaryny işjeň çekmegiň, olara döwlet düzümleri tarapyndan giňden goldaw bermegiň zerurdygy hakynda aýtdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni topary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli usulydyr. Şol toparyň mejlisiniň barşynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga degişli anyk meselelere garalýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada söz açyp, Türkmenistanyň we Ermenistanyň telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksada laýykdygyny hem belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda türkmen-ermeni ykdysady maslahatyny geçirmegi, şeýle hem yzygiderli esasda özara sergileri we söwda-tanyşdyryş çärelerini guramagy teklip etdi.

Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplarynyň biri diýip bellemek bilen, türkmen döwletiniň Baştutany ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary boýunça bilelikdäki işi giňeltmegiň iki halklary ýakynlaşdyrmaga hem-de özara medeni taýdan baýlaşdyrmaga, olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm şert hökmünde çykyş edýändigini aýtdy. Ikitaraplaýyn giň gumanitar gatnaşyklar üçin ähli şertleri geljekde hem döretmegiň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda iki ýurduň Medeniýet günleri ähmiýetli waka bolup biler diýip belledi. Türkmen Lideri bu meseläni dowam etdirip, 2013-nji ýylda Aşgabatda Ermenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi, şeýle hem iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegi işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdy. Biz bu ugurda bilelikdäki işi dowam etdireris. Şertnamalaýyn-hukuk binýadyny we giň gumanitar gatnaşyklaryny üpjün etmegiň iş ýüzündäki usullaryny hem kämilleşdireris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany aýdylanlary geçilenleri jemläp, Ermenistana şu saparyň däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine, onuň jemleriniň bolsa, anyk netijeleri gazanmaga taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini, köpugurly we ýakyndan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur çäreleri görmegi iki tarapyň hem berk ýüregine düwýändigini ýene-de bir gezek tassyklar diýip ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan ägirt uly goşandy üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýana çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdy we öz ermeni kärdeşine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Ermenistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Uly zalda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Bilelikdäki beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Soňra iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasyny we Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Howa gatnawy hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Seýsmiki taýdan goranmak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Geçirilen gepleşikleriň jemlerine doly kanagatlanma bildirip, Prezident Serž Sargsýan Ýerewanda ýokary derejedäki şu günki duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berer diýip belledi. Ermeni lideriniň nygtaýşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ermenistana saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bolup geçýändigi wajyp mazmuna eýedir. Şu geçen ýyllaryň içinde döwletara türkmen-ermeni gatnaşyklary örän netijeli ösdi. Şunda iki ýagdaý möhüm ähmiýete eýedir, olaryň birinjisi biziň halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan kemala gelen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary, ikinjisi bolsa Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň parahatçylyga we döredijilige üýtgewsiz ymtylmagydyr diýip, Prezident Serž Sargsýan aýtdy.

Gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, Ermenistanyň baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny aýtdy we şol mümkinçilikleri doly möçberde ulanmak zerurdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serž Sargsýan taraplaryň bu köp ugurly mümkinçilikleri iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ätjekdigine ynam bildirdi. Ermeni lideri sözüni dowam edip, ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň barşynda dürli ugurlarda türkmen-ermeni gatnaşyklary, şeýle hem olary iş ýüzünde amala aşyrmak babatda örän gyzykly pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip belledi.

Bu barada aýtmak bilen, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti taraplaryň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge isleg bildirýändigini tassyklady. Döwletara medeni gatnaşyklaryny berkitmäge bolan özara isleg barada aýdylanda bolsa, düýn Ýerewanda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ermeni dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de türkmen we ermeni halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşanlaryna öwrülen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti nusga alarlyk mysal bolup durýar.

Ermeni lideri sözüni dowam edip, şu günki gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ylalyşyklaryň birnäçesine we Bilelikdäki beýannama gol çekildi, onda Türkmenistanyň we Ermenistanyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge, şol sanda energetika, ulag, oba hojalygy, dokma we himiýa senagaty ulgamlarynda berkitmäge bolan özara isleg beýan edildi diýip belledi. Şol resminamalaryň arasynda Ermenistanyň Prezidenti Howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşygyny aýratyn görkezdi. Bu ylalaşyk Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda işewür, medeni, bilim we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Mundan başga-da, taraplar söwda gatnaşyklarynyň dürli görnüşlerini, senagat we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň işewürleriniň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhümdigi barada ylalaşdylar. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady forumy geçirmek barada teklibi orta atdy. Ol ermeni tarapynyň goldawyna eýe boldy.

Prezident Serž Sargsýan aýdanlaryny umumylaşdyryp, şu günki gepleşikler nobatdaky gezek taraplaryň ermeni-türkmen gatnaşyklaryny has-da berkitmäge, olary täze derejä çykarmaga bolan özara islegleriniň bardygyny nobatdaky gezek tassyklady diýip nygtady.

Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti üstünlikli geçen gepleşikler üçin ermeni tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şol gepleşikler özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara türkmen – ermeni gatnaşyklarynyň iki ýurduň dünýä syýasatynda we tutuşlygyna alnanda, halkara derejesinde ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy nazara almak bilen, hil taýdan täze derejä çykýandygyny nygtady.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeliligine ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilen uly toplumynyň şaýatlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, gumanitar we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ermenistanyň halkara meseleleriniň köptaraplary boýunça, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak babatda çalymdaş ýa-da özara gabat gelýän garaýyşlarynyň bardygyny nygtady. Iki ýurduň durnukly ösüşiň möhüm meselelerini özünde jemleýän giň möçberli gün tertibiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi türkmen – ermeni syýasy gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ermenistan bu ugurda ikitaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde hem bu ugurda özara gatnaşyklara depginli häsiýet bermäge taýýardygyny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli derejelerde hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň iş tejribesini hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleler boýunça pikir alyşmagy goldadylar. Halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek hakynda hem ylalaşyklar gazanyldy.

Ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi işjeňleşdirmäge iki ýurduň çalyşýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti gepleşiklerde türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwdanyň, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň, önümleri gaýtadan işleýän we himiýa senagatynyň, oba hojalygynyň, derman senagatynyň, dokma we ýeňil senagatyň kesgitlenendigini habar berdi. Türkmenistan ermeni kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini makullaýar. Ermeni maýasy Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ähmiýetli orny eýeläp biler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň gumanitar-medeni ulgamda has ýakyndan özara gatnaşyklara, ylym we ýokary tehnologiýalar babatda bilelikdäki barlaglary geçirmäge, işgärleri taýýarlamaga hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmaga çalyşýandygynyň möhümdigini hem nygtady. Häzirki ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerinden çuňňur kanagatlanýandygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açyklyk we özara düşünişmek ruhunda geçen oňyn gepleşikler üçin Prezident Serž Sargsýana ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Ermenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Köşgünden türkmen döwletiniň Baştutany özüne bellenen kabulhana-“Kabul edişlikler jaýyna” ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde, “Kabul edişlikler jaýynda” Uly zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Tigran Sarkisýan bilen iş nahary boldy.

Ermenistanyň Hökümet baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm baby ýazan ýokary derejedäki şu gün bolan türkmen-ermeni gepleşikleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şunda Premýer-ministr Tigran Sarkisýan öz ýurdunyň dostlukly Türkmenistan bilen giňden, uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini aýratyn nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara täze itergi berjek ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşniýetli erk-islegi netijesinde ýylyň-ýylyna täze anyk mazmun bilen baýlaşýar.

Mälim bolşy ýaly, bütin dünýäde duşuşyklaryň we gepleşikleriň giňden ýaýran görnüşi bolan iş naharynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri häzirki taryhy tapgyrda iki ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamynda hem, gumanitar-medeni babatda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri gyzyklanyp pikir alşylýan mesele boldy. Şonda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertler bar. Taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi, munuň özi özara gatnaşyklaryň köp görnüşli mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Bu babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň täze möhüm görnüşlerini işläp taýýarlamagyň netijeli guraly hökmünde Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň işiniň ähmiýetli orny nygtalyp geçildi. Ermenistanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge çalyşýandyklary hem bellenip geçildi, şonda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Iş naharynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Tigran Sarkisýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Baştutany we Ermenistan Respublikasynyň hökümetiniň ýolbaşçysy hoşlaşyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kabul edişlikler jaýyndan” ýurduň ýokary kanunçykaryjylyk edarasy bolan Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň başlygy Owik Abraamýan bilen duşuşygy boldy, ol belent mertebeli myhmany binanyň merkezi girelgesiniň öňünde tüýs ýürekden mübärekledi.

Türkmen Lideri Ermenistanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy bilen bina geçýär we mejlisler zalyna ugraýar. Duşuşyk başlanmazyndan öň, Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Owik Abraamýan şu gün Ýerewanda üstünlikli geçen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlap, Türkmenistanyň Baştutanynyň Ermenistan Respublikasyna resmi saparynyň barha ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde ähmiýetini nygtady. Ermenistanyň Milli Ýygnagynyň Başlygy parlamentara gatnaşyklaryny türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde pugtalandyrmak baradaky pikiri aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini öz ýurdunyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň işiniň esasy taraplary bilen tanyşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagy 131 deputatdan ybaratdyr we ählihalk saýlawlary bilen bäş ýyllyk möhlete saýlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ermenistanyň Milli Ýygnagynyň Başlygyny Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurdumyzda amala aşyrylýan öňdebaryjy reformalaryň we uly möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň milli parlamentiň ilkinji nobatdaky wezipesi bolup durýandygyny belledi. Onuň esasy maksady bolsa, milli ykdysadyýetimizi işjeň ösdürmekden, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, türkmen halkynyň durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Mejlisiň deputatlary öz üstlerine ýüklenen borçlara laýyklykda döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryny we hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen ýurdumyzyň kanunçylyk – hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işjeň iş alyp barýarlar. Türkmenistan milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň kadalaryna goşulyşmagy boýunça yzygiderli çäreleri görüp, demokratik edaralary ösdürmäge, raýat jemgyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň we şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribe alyşmagy ýola goýmagyň ähmiýetli şerti bolup durýan parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda öz pikirlerini aýtdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Ermenistanyň Milli Ýygnagynyň Başlygy mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ýylsaýyn berkidiljekdigine we mazmun taýdan baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň binasyndan çykyp, Ýerewanyň döwlet uniwersitetine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine ÝDU-nyň Hormatly doktory adyny dakmagyň dabaraly çäresi boldy.

Ýerewanyň döwlet uniwersiteti belent mertebeli türkmen myhmanyny ägirt uly joşgun bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ÝDU-nyň baş binasynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip saklanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýokary okuw mekdebiň rektory professor Aram Simonýan mähirli garşylaýar.

Dabara başlanmazdan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi. Ol ÝDU-nyň ýolbaşçysynyň iş otagynda boldy. Aram Simonýanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýerewanyň döwlet uniwersitetine gelip görmegi ýokary okuw mekdebi üçin uly hormatdyr. Şunda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berip we bu möhüm ulgamy düýpli özgertmegiň başyny başlamak bilen türkmen Lideri degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär diýlip nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak babatda gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň bu ugurda ýakyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýilleri Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleriniň jemleri boýunça 2010-njy ýylyň noýabrynda gol çekilen resminamalarda berkidildi. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň maksatnamasy bar. Ol ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak we höweslendirmek üçin özboluşly maksatnama öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, ÝDU Ermenistanyň iri we iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup durýar. Ol taryhy gözbaşyny 1919-njy ýylyň 16-njy maýyndan alyp gaýdýar. Şonda Ermenistan Respublikasynyň Ministrler geňeşi Ýerewanda uniwersiteti esaslandyrmak hakynda karar kabul etdi. Ýokary okuw mekdep 1920-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda açyldy. ÝDU işläp gelýän köp ýyllarynyň dowamynda ýokary derejeli hünärmenleriň 90 müňden gowragyny taýýarlady. Häzir uniwersitetde 20 fakultet bolup, olarda talyplaryň 13 müňe golaýy bilim alýar. ÝDU-nyň düzümine şeýle hem aspirantura we doktorantura bölümi, ýokary okuw mekdepden soňky goşmaça bilim we uniwersitete çenli bilim müdirligi, halkara hyzmatdaşlyk, ylmy merkezleriň birnäçesi, bilim we ylmy-barlag IT – merkezi, ÝDU-nyň taryh muzeýi, Medeniýet merkezi, neşirýat we beýlekiler girýär. ÝDU-nyň 1200-den gowrak mugallymlarynyň 200-si—ylymlaryň doktorlary, 500-den gowragy ylymlaryň kandidatlary bolup durýar. Uniwersitetde Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademikleriniň 30-dan gowragy öz ylmy-mugallymçylyk işlerini alyp barýarlar. Ýokary hünärli alymlaryň ýardam etmegi netijesinde ýokary okuw mekdepde häzirki zaman ylmynyň dürli ugurlarynda düýpli we amaly barlag işleri amala aşyrylýar. Okuw-usulyýet işleri täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilen kafedralaryň 100-den gowragynda guralýar.

Soňra ÝDU-nyň Alymlar geňeşiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmagyň dabaraly çäresi boldy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Ermenistan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, ÝDU-nyň professorlar-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ýokary okuw mekdebiň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar. Olar Türkmenistanyň Prezidentini şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz zala girip, prezidiumda öz ornuny eýeleýär.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny bu ýere ýygnananlaryň adyndan mähirli gutlap, ÝDU-nyň rektory şu gün aýratyn şanly waka hökmünde ýokary okuw mekdebiň taryhyna girer diýip belledi. Jenap Aram Simonýanyň nygtaýşy ýaly, türkmen we ermeni halklaryny gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk we medeni gatnaşyklary birleşdirýär. Häzir Ermenistanyň ylmy gaznalarynda türkmenleriň taryhyna degişli gadymy golýazmalaryň 500-si saklanýar. Täze taryhy eýýamda biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar öz mynasyp dowamyna we täze mazmuna eýe boldy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda has-da giňeldi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ermeni alymlary Türkmenistanda geçirilýän, tutuş dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän halkara maslahatlara höwes bilen gatnaşýarlar.

Hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňini dowam etmek bilen, ÝDU-nyň rektory uniwersitetiň türkşynaslyk kafedrasy ady dünýä dolan türkmen şahyry Magtymgulynyň ermeni dilindäki täze ýygyndysyny neşir etmäge taýýarlanýar diýip habar berdi. Bu eýýäm üçünji neşir bolup, ol geljek ýyl çapdan çykar. Oňa türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrynyň ylmy esasda terjime edilen täze, häzirki zaman eserleri, şeýle hem ozal ermeni diline terjime edilmedik goşgulary girizildi. Mundan başga-da, ÝDU türkmen edebiýatynyň ermeni dilindäki antologiýasyny neşire taýýarlaýar. Oňa türkmen, arap we pars dillerinde ýazan belli türkmen şahyrlarynyň eserleri girer.

28-nji noýabrda Ýerewanda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ermeni dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy barada durup geçmek bilen, jenap Aram Simonýan iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak işinde bu wakanyň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. ÝDU-nyň rektory öz çykyşyny tamamlap, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyry açar diýip belledi.

Soňra ÝDU-nyň rektory jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarynda bitiren uly hyzmatlary, türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin ýokary okuw mekdebiň Alymlar geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak hakynda çözgüdini yglan edýär.

ÝDU-nyň ýolbaşçysy dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda türkmen döwletiniň Baştutanyna degişli diplomy we medaly gowşurýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Milli Liderimiz dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, özüne Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen belent adyň dakylmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu sylagy tutuş türkmen ylmynyň gazanan üstünlikleriniň we Türkmenistanyň ylym, bilim ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Biziň duşuşygymyzyň Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ermenistana resmi saparynyň çäklerinde geçýändigi bellärliklidir, munuň özi ikitaraplaýyn ylmy hem-de medeni-bilim gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde we berkitmekde hil taýdan täze sepgidi alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany şu gün ýokary derejede geçirilen türkmen-ermeni gepleşikleriniň ähmiýetini belledi, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Ermenistanyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň münberinden çykyş etmek uly hormat bolup durýar. Elbetde, ylmy we tehnikany ösdürmek, innowasion tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak jemgyýeti döwrebaplaşdyrmakda esasy şertler bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. ÝDU-nyň öz gazananlaryna we häzirki zaman ylmy-tehniki pikiriň we ösüşiň öň hatarlarynda durýandygyna buýsanmaga haklydygy bellärliklidir. Bu uniwersiteti öz düýpli ylmy–barlag işleri bilen dünýä ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan tanymal alymlaryň ençemesi tamamlady. ÝDU öz bir asyrlyk taryhynyň dowamynda iri ylym-bilim merkezi hökmünde tanalýar. Bu ýerde ýurduň görnükli ylmy wekilleri kemala gelýär, ýaşlar bilim alyp, hünär edinýärler.

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň baý taryhy-medeni däpleri we intellektual serişdeleri bar. Hut şular hem häzirki zaman dünýäsinde öňe gitmek we durnukly ösmek ýolunda biziň ilerlemegimiziň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan häzir uzakmöhletleýin we maksatnamalaýyn esasda ylym we bilim ulgamyny yzygiderli ösdürýär. Olar ýokary senagatly ykdysadyýeti bolan çalt depginler bilen ösýän jemgyýetiň kemala gelmeginde ulgamlaýyn alamatlaryň biri bolup durýar. Umumymilli möçberde reformalary we özgertmeleri geçirmek tutuş ylym-bilim ulgamyna hemmetaraplaýyn goldaw berilimegini, şol sanda alymlaryň işleriniň höweslendirilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri okatmagyň ýokary standartlaryny ornaşdyrmaga, düýpli ylmy we amaly barlaglary ösdürmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gurluşyna ünsi çekip, biziň ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň alyp barýan işleri we türkmen alymlarynyň geçirýän barlaglary hakynda jikme-jik durup geçdi. Milli ykdysadyýetiň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşilmegi netijesinde Türkmenistan dünýä möçberindäki maliýe-ykdysady çökgünliligiň täsirinden we ýaramaz netijelerinden gaça durmagy başardy diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Häzirki zaman amaly ylmy-barlaglar Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryny, şol sanda energetika pudagyny innowasion taýdan ösdürmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda energiýanyň alternatiw çeşmelerini, şol sanda günüň energi ýasyny iş ýüzünde peýdalanmak babatda geçirilýän işlere uly üns berýär. Munuň üçin Türkmenistanda zerur bolan binýat, şol sanda çig mal binýady bar.

Şunda hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen tejribe alyşmak milli ylmy ösdürmek strategiýasynyň esasyny düzýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň ylym wekilleri Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň döwletlerinden bolan kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýarlar. Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar, simpoziumlar we beýleki forumlar peýdaly tejribe alşylmagyna, öňdebaryjy ylmy usullary peýdalanmaga ýardam edýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Ermenistanyň wekilleri bu çärelere hemişe işjeň gatnaşýarlar diýip, kanagatlanmak bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ermeni alymlaryny Türkmenistanda amala aşyrylýan ylmy taslamalara we maksatnamalara, biziň ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlarynda geçirilýän ylmy barlaglara gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi uludyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bize biri-birimizden öwrenere we bu babatda ylmy gazananlarymyzy alyşmak peýdaly we möhüm bolar diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, ÝDU giň halkara gatnaşyklaryny saklaýar. Munuň özi ylmy kuwwaty netijeli peýdalanmaga hem-de dürli döwletleriň öňdebaryjy ylym, bilim merkezleri bilen netijeli tejribe alyşmaga ýardam berýär. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň gerekdigini belläp, iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy biziň halklarymyzyň arasynda medeni taýdan özara baýlaşmak, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde örän möhüm orun eýelär diýip nygtady.

Meselem, Türkmenistan üçin ylmy merkezleriň toplumynyň, maglumatlar tehnologiýalary bilim we barlag merkeziniň iş tejribelerini, şeýle hem ÝDU-nyň ylmy žurnallaryny neşir etmek işini öwrenmek gyzykly bolup durýar. Netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, bilim taslamalaryny amala aşyrmak nukdaýnazaryndan hem möhümdir. Taryhy we filosofiýany, syýasaty we hukugy, tebigy, gumanitar we durmuş ylymlarynyň dürli ugurlaryny öwrenmek örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşyny tamamlap, özüne Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen belent adyň dakylandygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi we bu ýere ýygnananlara okuwda hem-de Ermenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant boljak täze ylmy üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ýerewanyň döwlet uniwersiteitniň rektory çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentine ÝDU gelip görendigi we dabaraly çärä gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu gün ýokary okuw mekdebi üçin hakyky taryhy waka bolup durýar diýip belledi. Jenap Aram Simonýan bu ýere ýygnananlaryň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde we ylmy işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, ÝDU-nyň binasyndan çykdy we keramatly Mesrop Maştosyň adyny göterýän “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyna tarap ugrady.

Bu ýerde, institutyň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň direktory jenap Graçýa Tamrazýan, institutyň direktorynyň orunbasary hanym Şuşanik Haçikýan we muzeýiň müdiri hanym Aida Çarhçan mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiz olar bilen bilelikde bina girýär we institut bilen tanşyp başlaýar.

“Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň binasynyň XII-XIII asyrlaryň milli binagärlik däpleriniň ruhunda gurlandygyny bellemek gerek. Onuň daşky bezegini diwarlaryndaky özboluşly suratlar, keramika, mozaika we heýkeller baýlaşdyrýar.

“Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyna baryp görmeginiň barşynda hormatly Prezidentimiz institutyň muzeýiniň sergi zallarynyň gymmatlyklary bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, “Matenadaran” Ermenistan Respublikasynyň ýanyndaky ylmy-barlag merkezi we golýazmalaryň dünýä möçberinde saklanylýan iri ýerleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, gadymy ermeni golýazmalarynyň dünýäde uly toplumyna eýedir. Onuň gaznalarynda gadymy golýazmalaryň 18,5 müňüsi we gadymy arhiw resminamalarynyň 100 müňden gowragy bar.

“Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag instituty Eçminadzin buthanasynyň golýazmalar toplumynyň binýadynda döredildi. Onuň kemala getirilmeginiň başlanmagy V asyra senelenýär we ermeni elipbiýini dörediji, ermeni ýazuwyny we edebiýatyny esaslandyryjy, dilçi we magaryfçy Mesrop Maştos (361-440-njy ýyllara golaý) bilen baglanyşyklydyr. 1984-nji ýylda “Matenadaranyň” toplumynyň umumy katalogynyň birinji toplumy neşir edildi, onuň häzirki wagtda birsyhly üstüniň ýetirilmegi dowam edýär.

Häzirki wagtda institutyň ýerleşýän binasy 1959-njy ýylda binagär Mark Grigorýanyň taslamasy boýunça guruldy. Onuň öňünde Mesrop Maştosyň ýadygärligi guruldy (heýkeltaraş G.Çubarýan). Binanyň aşaky gatynyň derejesinde golýazmalaryň saklanýan ýeri ýerleşýär, şonda gymmat bahaly gadymy golýazmalary zeper ýetmekden gorap saklaýan göwnejaý howa, çyglylyk we arassaçylyk, arassaçylyk düzgüni döredildi. Bu ýerde golýazmalaryň üstünde işlemek üçin niýetlenilen barlaghana bar. Ylmy-barlag institutynyň ýokarky gatlarynda sergi we okalga zallary, barlagçylaryň iş otaglary, kataloglar ýerleşýär. Çap edilen kitaplaryň baý kitaphanasy alymlara hem-de hünärmenlere milli medeniýetiň dürli ugurlary boýunça agtaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ylmy-barlag institutynda köpugurly ylmy-barlag işleri geçirilýär. Ýazuw ýadygärlikleriniň dürli dillere ylmy terjimeleri amala aşyrylýar. 1940-njy ýyldan bäri “Matenadaranyň habarlarynyň” ýygyndysy rus we fransuz dillerine terjimesi bilen ermeni dilinde neşir edilýär.

“Matenadaranyň” sergi zalynyň gymmatlyklarynda ermeni ýazuw medeniýetiniň gadymy ýadygärlikleri: V-VI asyrlaryň ýazgylarynyň bölekleri, IX-X we soňraky asyrlaryň golýazmalary, gowaklarda tapylan gadymy golýazmalaryň daşa öwrülen nusgalary bar. Gymmatlyklaryň ýerleşişiniň senenamalaýyn yzygiderliligi ýazuwyň ýüze çykan döwründen başlap, XIX asyra çenli milli ýazuw medeniýetini beýan edýär.

Ylmy-barlag institutynda rus, iwrit, latyn, arap, grek, pars, ýapon, türki we beýleki dillerdäki golýazmalar hem saklanýar. “Matenadaran” toplumy Ermenistanyň, şeýle hem Kawkazyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň goňşy halklarynyň taryhyny hem-de medeniýetini öwrenmek üçin gymmatly ylmy-taryhy binýat bolup durýar. Institutda V-XVIII asyrlaryň golýazmalary, şeýle hem XVI-XVIII asyrlaryň ilkinji çap edilen we gadymy çap edilen ermeni kitaplarynyň özboluşly toplumy, gadymy we orta asyr ermeni taryhçylarynyň, ýazyjylarynyň, pelsepeçileriniň, matematikleriniň, geograflarynyň, lukmanlarynyň eserler ýygyndylary , gadymy grek, siriýa, arap we latyn alymlarynyň işleriniň terjimeleri, şol sanda asyl nusgadaky dilde saklanyp galmadyk birnäçe ýygyndylar saklanylýar.

“Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynda arap, pars we türki dillerdäki türkmen halkynyň mirasyna degişli bolan golýazmalaryň saklanylýandygy guwançlydyr. Institutyň gaznalarynda türkmenleriň “Görogly” eposynyň 40-a golaý görnüşi bar. Institutda türkmen şahyrlarynyň ýygyndylary, dessanlary, türkmen medeniýeti we taryhy hakyndaky gymmatly golýazmalaryň onlarçasy hem saklanylýar.

Ylmy-barlag institutynyň muzeýinde gadymy ermeni ýazuwynyň köp sanly nusgalary we kiçijik golýazmalar görkezilýär. Köp golýazmalaryň uly çeperçilik gymmaty bardyr. Gadymy golýazmalaryň uly böleginiň daşy nagyş salnan gönden tutulypdyr, olaryň bir böleginiň daşy kümüş bilen örtülipdir. Olaryň saklanyp galanlarynyň gadymylary 1255-nji ýyla degişlidir. Golýazmalar kinniwanja suratlar we nagyşlar bilen bezelipdir. Bu ýerde kitap bezeginiň we golýazma kitaplaryny döretmek bilen baglanyşykly amaly-bezeg sungatynyň görnüşiniň: matalaryň, deride nagyş salmagyň, zeýkeltaraşlyk we zergärçilik önümleriniň nusgalarynyň özboluşly toplumy hem görkezilýär. Bularyň ählisi bilen bir hatarda, bu ýerde dünýäde iň uly, iň kiçi, iň galyň we iň ýuka kitaplar saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz muzeýiň sergi zallarynyň gymmatlyklary bilen içgin tanyşdy. Olaryň birinde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna degişli Nedir şanyň eýýamynyň golýazmalary goýlupdyr. Gadymy golýazmalaryň arasynda VI asyra degişli golýazma bolup, onuň sahaby piliň süňkünden ýasalypdyr. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda muzeýiň müdiri belent mertebeli türkmen myhmanyna institutda alnyp barylýan rejeleýiş işleri hakynda gürrüň berdi. Şol işleriň geçirilmegi netijesinde gadymy golýazmalary geljekki nesiller üçin aýawly saklamak başardýar. Muzeýiň beýleki zalynyň gymmatlyklarynyň esasyny arap ýazuwynda ýerine ýetirilen golýazmalar düzdi. Lukmançylyk taryhynyň golýazmalar zalynyň gymmatlyklary hormatly Prezidentimiziň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Bu ýerde täsin, seýrek duş gelýän nusgalyklar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany dermanlyk ösümlikler hakynda we olaryň bejeriş, şeýle hem durmuş maksatlary üçin ulanylyşy hakynda berilen gürrüňi uly gyzyklanma bilen diňledi. Bu gyzyklanma öz-özünden düşnüklidir, sebäbi mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fitoterapiýany düýpli öwreniji, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işiň awtory bolup durýar. Bu iş türkmen lukmanlarynyň ýan kitabyna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda giňden ykrar edilip, ençeme daşary ýurt dillerinde neşir edildi.

“Matenadaran” ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda muzeýiň sergi zallarynyň gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda hem türkmen halkynyň baý medeni we ruhy mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we giňden wagyz etmek meselelerine ägirt uly üns berilýändigini hem belledi, munuň özi döwlet syýasatynyň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan bu ugurda uly, köpugurly iş alnyp barylýar. Bu institut 1993-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar bölüminiň binýadynda döredildi. Ol 1996-njy ýylda täze binada jaý toýuny tutdy, şol ýerde gadymy golýazmalary saklamak hem-de öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen institutyň hünärmenleri milletimiziň golýazma mirasyny, gadymy golýazmalary, özboluşly edebi we ylmy ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de düýpli öwrenmek bilen meşgullanýarlar.

Institutda golýazmalary häzirki zaman türkmen diline terjime etmek, geçen asyrlarda ýaşan we döreden görnükli türkmen edebiýatçylarynyň, akyldarlarynyň we alymlarynyň işlerini, halk döredijiliginiň eserlerini çapa taýýarlamak hem amala aşyrylýar. Şeýlelikde , geçen ýüzýyllyklarda döredilen gadymy golýazmalar täzeden dikeldilýär we häzirki zaman okyjylary üçin elýeterli bolýar. Golýazmalary dikeltmek we zaýalanmagyenyň öňüni almak institutyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Institutyň işläp gelen ýyllarynda hakykatda gadymy golýazmalary dikeltmegiň we barlamagyň milli mekdebi döredildi. Institutyň hünärmenleri tarapyndan köp sanly golýazmalar dikeldildi, olaryň hatarynda edebi we ylmy mirasyň gymmatly nusgalary bar. Dikeldilen gadymy golýazmalaryň köpüsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, sebitiň, Gündogaryň ýurtlarynyň halklarynyň taryhyny we medeniýetini, olaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary öwrenmek üçin möhüm ähmiýeti bardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda golýazmalaryň 10 müňden gowragy, daşbasma usulynda çap edilen we köpsanly halk döredijiligi eserleriniň 3 müňe golaýy saklanylýar. Bular esasan, üç dildäki –türkmen, arap we pars dilindäki gadymy golýazamalardyr. Şeýle hem rus, özbek, gazak, garagalpak, buluç, kürt dillerindäki maglumatlardyr. Gadymy ýewreý dilindäki golýazmalaryň hem biri bar. Bu gadymy golýazmalar XIII asyrdan başlanýan döwri öz içine alýar. Institutyň gaznalarynda Nusaýdan bolan türkmen taryhçysy Salyr baba Gulaly ogly Harydarynyň, Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň ýeke-täk golýazmalary hem saklanylýar. Şunuň bilen birlikde, beýik Magtymgulynyň we beýleki görnükli türkmen şahyrlarynyň eserleriniň ýüzlerçe diwanlary, “Görogly” eposynyň birnäçe görnüşleri, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna, diline we sungatyna degişli gymmatly golýazmalar bar.

Milli golýazmalar institutynda her çärýekde türkmen, iňlis we rus dillerinde “Miras” ylmy – köpçülikleýin žurnaly neşir edilýär. Institut GDA döwletleriniň, şol sanda Ermenistan Respublikasynyň şunuň ýaly institutlary bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty Ermenistanyň Gadymy golýazmalar instituty bilen bilelikde “Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleri hakyndaky ilkinji ermeni çeşmeleri” atly kitaby çap etdi. Mundan başga hem, ylmy alyş-çalyşlary, ýola goýmak, maslahatlary, sergileri we maslahatlary guramak maksady bilen, institut dürli ýurtlaryň iri ylmy we medeni merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bu meseläni dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň we Ermenistanyň bu ugurda işleýän ylmy merkezleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdy. Bu babatda netijeli bilelikdäki iş üçin, aýratyn hem Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynyň ençeme ýüzýyllyklara barabardygyny nazara almak bilen, giň mümkinçilikleriň açylýandygyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu pikirini “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary doly goldadylar.

Muzeýe gezelenç tamamlanandan soň, bu waka hakynda ýadygärlik hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Mesrop Maştos adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda, şeýle hem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň nusgasynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Institutyň ýolbaşçylary belent mertebeli türkmen myhmanyna “Matenadaran” ylmy-barlag instituty tarapyndan neşir edilen, ermeni dilindäki gadymy golýazmalaryň terjimeleri girizilen kitaplaryň birnäçesini sowgat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp türkmen halysyny institutyň muzeýine peşgeş edip, sergi zallarynyň birinde başlanan gürrüňi dowam etmek bilen, tebigy boýaglar hakynda gürrüň berdi. Olar ýüplügi boýamak üçin türkmen halyçy gelin-gyzlary tarapyndan häzire çenli ulanylyp gelinýär. Mälim bolşy ýaly, milli halyçylyk sungatynyň hakyky muşdagy bolmak bilen milli Liderimiz oňa “Janly rowaýat” atly ajaýyp kitabyny bagyşlady.

Ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, türkmen döwletiniň Baştutany instituta baryp görmäge we onuň muzeýiniň ajaýyp gymmatlyklary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik,şeýle hem geçirilen mazmunly söhbetdeşlik üçin ermeni tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Şoňa jogap hökmünde institutyň alymlarynyň we işgärleriniň türkmen kärdeşleri bilen netijeli ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy.

Türkmen Lideri “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyndan çykyp, özi üçin bellenen kabulhana—“Kabul edişlikler jaýyna” geldi.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidentiniň Köşgüne ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan resmi agşamlyk naharyny berdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözläp, Türkmenistanyň we Ermenistanyň dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.