Ï Küreklemek bazasynyň ýakynynda sport mekdebi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küreklemek bazasynyň ýakynynda sport mekdebi gurulýar

view-icon 1001
Häkimligiň karary bilen Türkmenbaşynyň demirgazyk böleginde 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebiniň gurluşygy üçin ýer bölegi berildi. Bu sport mekdebi Şagadam daglarynyň eteginde şäher sport komitetiniň küreklemek bazasynyň ýakynynda gurulýar. Häzir bu ýerde gurluşygy maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça moblizasion işleri alnyp barylýar.

Täze şäher sport merkeziniň taslamasy “Türkmendöwlettaslama” ylmy-önümçilik birleşiginiň Döwlet taslamasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol öz aralaryny bütewi binagärlik çözgüdi bilen baglanyşdyrýan birnäçe binalary öz iýine alýar. Olaryň iň ulusynda meýdany bir müň dört ýüz on inedördül metr bolan woleýbol, el pökgüsi, kiçi futbol we basketbaol oýunlary üçin giň sport zaly enjamlaşdyrylar. Beýleki böleklerde özbaşdak girelgesi bilen şahsy tzrgenleşik geçmek üçin boks, göreş, agyr atletika we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleşik we ýöriteleşdirilen sport zallary ýerleşer.

Şeýle hem taslama boýunça mekdepde okuw otaglary, türgenleşdirijiler, eminler we türgenleri psihiologiki taýdan taýýarlamak üçin otaglar, mejlisler zaly, köp ugurly lukmançylyk otaglary, sport enjamlaryny bejermek üçin ussahana, häzirki zaman ofis, sanirariýa-gigiýena we hojalyk jaýlary göz öňünde tutulandyr.