Kazanda tamamlanan talyplaryň arasynda sambo boýunça Dünýä kubogynda türkmen türgenleri dürli derejedäki medallaryň üçüsini gazandylar. Bu kubogyň medallary ugrunda erkekleriň we zenanlaryň agram derejeleriniň dokuzysynda dünýäniň 40 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Wenesueladan, Italiýadan, Ispaniýadan, Ysraýyldan, Koreýadan, Hytaýdan we beýleki döwletlerden türgenleriň 200-den gowragy güýç synanyşdylar.
Dünýä kubogy 2013-nji ýylyň Bütindünýä Uniwersiadasynyň guramaçylary üçin synag ýaryşy boldy. Şonda sambo ilkinji gezek sportuň goşmaça görnüşleriniň hatarynda maksatnama girizildi. Türkmen samboçylarynyň şunuň ýaly wekilçilikli ýaryşlarda özlerini gowy tarapdan görkezmegi guwançly ýagdaý bolup durýar.
Biziň toparymyzda iň ýokary üstünlige Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Gülbadam Babamyratowa eýe boldy. Ol 52 kilograma çenli agram derejesinde medal ugrunda bäsleşen samboçy gyzlaryň 11-siniň arasynda birinji tutluşykda E.Abdykadirowany (Gyrgyzystan), ikinji duşuşykda – finala çykmak ugrunda A.Nakowany (Bolgariýa) ýeňmegi başardy. Final duşuşykda biziň watandaşymyz I.Çernýakdan (Ukraina) üstün çykdy we hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna galdy.
Şu ýylyň noýabr aýynda Minskide geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda hem G.Babamyratowa altyn medala mynasyp boldy. Ynha, indi biziň ökde samboçy gyzymyz 52 kilogram agram derejesinde dünýäde oňa taý gelip biljekleriň ýokdugyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Lebabyň sambo mekdebiniň ýene bir türgeni, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Ruşana Nurjawowa (60 kilograma çenli) kümüş medalyna eýe boldy. Şu ýokary okuw mekdebiň 5-nji ýyl talyby Kerim Allanurow (57 kilograma çenli) bürünç medalyna mynasyp boldy. Hormat münberine alyp barýan ýolda R.Nurjawowa Bolgariýadan, Gazagystandan we Hytaýdan bolan bäsdeşlerini ýeňmegi başardy, K.Allanurow bolsa Kolumbiýadan, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen bäsdeşlerinden üstün çykdy.
Ýokary üstünlikler sportunda türkmen türgenleriniň artan netijeliligi, biziň toparymyzyň halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlarda gazanýan nobatdaky medallary barada yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek babatda geçirýän syýasatynyň, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussatlary taýýarlamagyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen aýda türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga goşan mynasyp goşantlary hem-de halkara ýaryşlarynda gazanan şahsy üstünlikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz Buýrugy bilen türkmen türgenleriniň birnäçesiniň üstünliklerine ýokary baha berip, dünýä çempiony G.Babamyratowany ABŞ-nyň 10 müň dollary, dünýäniň wise-çempiony G.Haýytbaýewany ABŞ-nyň 5 müň dollary, şeýle hem bürünç medallarynyň eýelerini N.Surkiýewany we H.Toýçyýewi – her haýsysyny ABŞ-nyň 3 müň dollary bilen sylaglady. Mundan başga-da, türkmen sportuny ösdürmäge we ony has ýokary derejelere çykarmaga goşan uly goşantlary, şeýle hem Watanymyza wepaly ussat türgenleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitiren hyzmatlaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz öz Permany bilen Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi D.Tejenowy “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglady.
Ynha, indi biziň türgenlerimiziň talyplaryň arasynda sambo boýunça dünýä kubogynda gazanan täze medallary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada edýän ägirt uly aladasyna mynasyp jogap boldy.