Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 812
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Kasamly jülgede Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemlerine, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesine garaldy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan göçme mejlisiň geçirilmegine görlen taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilen harby enjamlar we düzümleriň özboluşly harby lybaslary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümine degişli dürli harby maksatlar üçin niýetlenen häzirki zaman harby enjamlaryny, gurallaryny we ähli düzümlere degişli ýörite harby lybaslary synlady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň baş maksady ählumumy howpsuzlygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellemek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagy barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň goranmak häsiýetine eýe bolan we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipelere ygrarly Harby doktrinasynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, harby gullukçylaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, düzümleriň häzirki zaman, kämil tehnikalar bilen üpjün edilmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ýerde görkezilýän dürli maksatly harby enjamlaryň we gurallaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen jikme-jik tanyşdy.

Soňra Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümlerine degişli görkezilýän harby lybaslar bilen tanyşdy. Özboluşly hem-de milli öwüşginli harby lybasdaky esgerler we harby gullukçylar milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlaryna atlanyp, täze hödürlenýän lybaslaryň göze gelüwliligini we artykmaç taraplaryny aýdyň beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda atly düzümler döredildi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň atly düzümleriň milli äheňdäki baýramçylyk harby lybaslarynyň bolmagynyň maksada laýyk boljakdygy baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, harby düzümleriň öňünde goýlan wezipeler iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Olaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu ýerde şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly düzümleriniň hersiniň özboluşly harby lybaslary görkezildi.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň wekilleriniň özboluşly harby lybaslaryny içgin synlap, olaryň gelşikliligi bilen bir hatarda, gullukçylar üçin oňaýly bolmagynyň hökmandygyny belledi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň ýörite lybaslarynyň Türkmenistanyň tebigy şertlerinden hem-de milli ýörelgelerinden gelip çykýan aýratynlyklary özünde jemlemelidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda netijeli işleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi we görkezilen baýramçylyk harby lybaslaryna birnäçe bellikleri aýtdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabatlaryny diňledi.

Ilkinji bolup, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynla geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol tutuşlygyna alnanda türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bellenilen ähli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýan ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Döwlet serhedindäki ýagdaý we ata Watanymyzyň mukaddes serhedini goramak boýunça gullugyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleriň çäklerinde geçirilýän iş barada hasabat berdi.

Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna öz ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möhüm meseleleriň birnäçesini özünde jemleýän harby özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow hasabat döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagy ýaly möhüm wezipeleri berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini hem-de jogapkärlidigini belläp, milli Liderimiz Watanamyza we halkymyza wepaly gulluk etmäge, adalatlylygyň hem-de kanunçylyk tertibiniň goragynda durmaga taýýar işgärleri seçip almagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň başyndan bäri ministrligiň edaralarynda , ähli düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jenaýatçylygyň soňuna çykmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň 11 aýynda berjaý edilen işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew ministrligiň işi we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Garryýewi Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşatmak hem-de B.Çaryýewi Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellemek hakyndaky teklip bilen Türkmenistanyň Mejlisine ýüzlenendigini aýtdy. Türkmenistanyň Mejlisi döwlet Baştutanymyzyň bu tekliplerini goldady hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda degişli kararlary kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 12-nji bölümine laýyklykda, başga işe geçýändigi üçin, M.Garryýewi Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä B.Çaryýewi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu ýylyň 11 aýynda durmuşa geçirilen çäreleriň jemleri hakynda hasabat berdi.

Göçme mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa söz berildi. Ol neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň we sarp edilmeginiň öňüni almak boýunça görülýän çäreler, hususan-da, hukuk goraýjy düzümler, saglygy goraýyş edaralary hem-de abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yzygiderli alnyp barylýan öňüni alyş çäreleri hakynda habar berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda Döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugruny durmuşa geçirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini güýçlendirmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler hakynda gullugyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, döwletiň yzygiderli ösmeginiň we rowaçlanmagynyň möhüm kepili bolup durýan parahatçylygyň we asudalygyň goragynda durýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň derwaýysdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet bolmak bilen, mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini, parahatçylygy we bagtyýarlygy goramak maksatlaryna eýerýändigini, milli howpsuzlygy pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny berkitmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna, olaryň döwrebap ýaşaýyş, gulluk hem-de dynç alyş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat döwründe geçirilen işler baradaky hasabatlaryň jemlerini jemlemek bilen, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni birnäçe möhüm meselelere çekdi. Döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi şol meselelere bagly bolup durýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, öz döredijilikli zähmetleri bilen täze eýýamyň ägirt uly üstünliklerini artdyrýan türkmenistanlylaryň abadançylygyny goramagyň hatyrasyna geljekde-de bu edaralaryň şahsy düzümini harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, harby işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki birnäçe meselelere hem garaldy, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk we asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow okuw – türgenleşik merkeziniň esgerler naharhanasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde aşhanada döredilen şertler bilen içgin tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz esgerler bilen bilelikde nahar edindi. Nahar başynda hormatly Prezidentimiziň harby gullukçylar bilen içgin söhbetdeşligi boldy. Hormatly Prezidentimiz esgerleriň gullugy, durmuşy we isleg-arzuwlary bilen içgin gyzyklandy hem-de harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk we dynç alyş şertleriniň yzygiderli üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden harby gulluga gelen esgerler Milli Liderimize içgin söhbetdeşlik, şeýle hem mynasyp gulluk etmek üçin döredilen zerur şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ata Watanymyzy goramak ýaly mukaddes işde hormatly Prezidentimiziň atalyk sargytlaryna gyşarnyksyz eýerip, şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däbini mynasyp dowam etdirip, öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. Nahar başynda esgerleriň biri dutarda hoş owazly aýdymlaryň birini ýerine ýetirdi.

Nahardan soň, döwlet Baştutanymyz naharhananyň aşpezi bilen söhbetdeş boldy. Esger aşpeziň taýýarlan naharlarynyň örän tagamlydygyny bellemek bilen, Belent Serkerdebaşymyz onuň ussatlyk derejesine ýokary baha berdi hem-de onuň geljekki meýilleri bilen gyzyklandy. Esger öz ykbalyny harby gullukçynyň hormatly hem jogapkärli işi bilen baglamak isleýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz onuň asylly maksadynyň bardygyna guwanyp, geljekde bu ugurda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.