Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

view-icon 585
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýewi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda we ýurdy has-da ösdürmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gazagystan bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistany bu dostlukly döwlet bilen diňe bir ýokary derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan özara maksada okgunlylyk däl-de, eýsem, köpasyrlyk dostluk-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini Türkmenistanda diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlap, onuň asylly we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu wezipe ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde üstünlikli ösýän türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili GDA-nyň döredilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Arkalaşykda başlyklyk edýän Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşyga gatnaşýan ýurtlarynyň oňyn, netijeli gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge goşandynyň uludygyny aýratyn belledi. Onuň işleriniň netijeleri GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek duşuşygynda jemleniler.

Işewür, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda täze taryhy eýýamda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.

Netijeli gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň we Gazagystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem ulag kommunikasiýalary we ýangyç-energetika ulgamy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, bar bolan özara gyzyklanma diňe bir durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň özara üstüniň ýetirilimegi bilen däl-de, eýsem, Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk halklarynyň öňden gelýän taryhy we medeni gatnaşyklary hem-de däp-dessurlary bilen şertlendirilendir.

Gazagystanyň ilçisi netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi iki dostlukly goňşy ýurduň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny has-da okgunly ösdürmek üçin özüne bagly bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.