Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 598
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri, hususan-da, oba hojalyk we senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Aşgabatda şäheri abadanlaşdyrmak, baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk, paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň hemme babatda nusgalyk derejä ýeterilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, paýtagtymyzda şanly senelere, milli baýramçylyklara ýokary derejede göwnejaý taýýarlyk görülmelidigi barada möhüm görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda göz öňüne tutulan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, Aşgabatda täze binalar toplumynyň döremegi, olaryň şäheriň keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi hem-de paýtagtymyzda gök zolaklaryň, seýilgäh toplumlarynyň döredilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we olarda ýokary hiliň üpjün edilmegi boýunça yzygiderli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda degişli düzümleriň ýerine ýetirýän işleri hakynda hasabat berdi. şeýle hem häkim, welaýatyň senagat düzümini ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyna degişli meýdan işleri baradaky meselä ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini, bar bolan ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmalydygyny, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzda giňden belleniljek Bitaraplyk gününiň welaýat derejesinde göwnejaý geçirilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň talabalaýyk guralmalydygyny tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebiti senagat taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk işleriniň barşy barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, däne ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilişi hem-de maldarçylyk hojaklyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, günbatar welaýatyň ähli künjeklerinde şu ýyl gurlup gutarylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olarda gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini we öz wagtynda gurlup gutarylmalydygyny tabşyrdy. Geljek ýyl üçin desgalary gurmagyň maksatnamasy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu meseläniň üstünde ykjam işlemegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba senagat toplumyny ösdürmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ulgamyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew özüniň hasabatynda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, şol sanda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, umuman, gyşky möwsüme taýýarlyk işleriniň ýagdaýy barada habar berdi. Şeýle hem häkim dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylyşy barada aýtdy. Maslahatyň barşynda welaýat kitaphanasynyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunda daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň göwnejaý saklanmagy, olaryň gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşykly işleri, şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz welaýat kitaphanasynyň hödürlenen taslamasy bilen içgin tanşyp, ýerli binagärleriň tarapyndan taýýarlanan Daşoguz şäheriniň görküne görk goşjak belent binanyň taslamasyna birnäçe bellikleri aýdyp, ony umuman makullady.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow çagyryldy. Ol öz nobatynda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralary barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny öz içine alýan Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli senenamamyzyň şanly baýramçylyklarynyň hormatyna guralýan dabaralar ýurdumyzyň durmuşyň dürli ugurlarynda ägirt uly üstünliklerini alamatlandyrýar, ata Watanymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmek maksady bilen şol üstünlikler has-da berkidilmelidir we artdyrylmalydyr diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maldarçylyk we ekerançylyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, şu çäreler bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge guramaçylykly çemeleşmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny mydama berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitiň senagat düzümini we durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak barada görülýän çäreler, baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumyna degişli meselä ünsi çekip, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda gyşky möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça guralýan çäreleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurluşygyň depginlerini ýokarlandyrmak we işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidiginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyň jemini jemläp, şu günki seredilen meseleleriň derwaýysdygyny nygtady we şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde hem-de Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik maksatlary durmuşa geçirmäge we ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.