Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi.
Mejlisiň gün tertibini yglan edip, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş halkymyzy ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynyň biriniji ýekşenbesinde giňden bellenilýän agzybirligiň, dost-doganlygyň baýramy bolan Goňşokara baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Goňşular bilen ysnyşykly gatnaşmak däbi halkymyzyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan ajaýyp ýörelgeleriniň biridir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda türkmen halkynyň paýhasyny, onuň parahatçylykda we goňşular bilen ylalaşykda ýaşamaga bolan meýillerini beýan edýän “Kyýamat güni – goňşudan!”, “Öý alma – goňşy al!” diýen dana pähimleriniň bardygyny aýtdy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň bu parasatly nesihatlaryndan ugur alyp, öz goňşusyna örän uly hormat-sarpa goýupdyr, goňşusy bilen hemişe agyzybir ýaşap, öz şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň bilen paýlaşypdyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyz kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadypdyr, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerýäris, milli ýörelgelerimiz biziň alyp barýan daşary syýasatymyzda hem öz aýdyň beýanyny tapýar diýip nygtady.
Oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolan Garaşsyz Watanymyz dünýäniň dürli döwletleri, ýakyn goňşulary we alysdaky goňşy ýurtlar bilen birek-birege hormat goýmaga, dost-doganlyga esaslanýan syýasaty alyp barýar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde biziň ähli ýurtlar bilen syýasy, medeni we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki döwletleri bilen bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen, parahatçylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň netijeli dowam etdiriljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz öz egindeşlerini we ähli halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenýän Goňşokara baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň barşy we garamagyndaky düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ýurdumyzda dekabr aýynda geçiriljek halkara çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere düýpli taýýarlyk görmegiň, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň we biziň daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berip, bu wakalaryň ählisiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan edilmelidigini belledi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň jemgyýetçilik we kanunçykaryjylyk işi, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, türkmen döwletiniň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler barada habar berdi. Şeýle hem, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň 38-nji umumy mejlisine gatnaşmak üçin, 23-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada aýtdy. Şol mejlisde syýasatyň, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi we kanunçykaryjylyk babatda toplanan tejribe bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny berkitmäge we demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge gönükdirilen işiň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Ähli kanunçykaryjylyk işi jemgyýetiň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň esasy wezipesi ilatyň bähbitlerini goramakdan, anyk işlerde adamyň kanuny hukuklarynyň mizemezligini berkarar edip, ýerlerdäki ýagdaýa oňyn täsir etmekden, döwletiň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybaratdyr diýip nygtady.
Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni we dünýä ülňülerini öwrenmegiň hem-de olary milli kanunçykaryjylyk işine ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek we milli kanunçykaryjylyk işlerini sazlaşdyrmak Arkalaşyga agza ýurtlaryň parlamentara gatnaşygynyň, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygynyň berk binýadyny döretmek, umumy maglumatlar we hukuk giňişligini kemala getirmek üçin möhüm şert bolup durýar diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň 29-30-njy noýabrda Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, saparyň çäklerinde Ýerewanda ýokary derejede türkmen-ermeni gepleşikleri üstünlikli geçirilip, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany alamatlandyrdy we Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň meýillidigini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we örän ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Munuň özi taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada jikme-jik habar berdi. Bu ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde oňyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, onuň esasy ugurlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmek bilen bagly ileri tutulýan meseleleriň birnäçesiniň giriziljekdigi bellenildi. Sammitiň çäklerinde şeýle hem hormatly Prezidentimiz GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Ermenistan Respublikasyna resmi saparyň netijeleri barada durup geçip, ýokary derejede geçirilen türkmen-ermeni gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şol gepleşikler iki ýurduň ýyl-ýyldan berkeýän we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň anyk netijeleri berýändigini nygtap, Ýerewanda geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.
Soňra milli Liderimiz GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň öňümizdäki mejlisi bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, bu forumyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Türkmenistan bu duşuşygy şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde kabul eder. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat duşuşygynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ählisine öz gözegçilik edýän ugurlary boýunça bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen Arkalaşygyň işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşar, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam eder diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde kuwwatlylygy gije-gündizde 50 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany we uzynlygy 100 kilometr suw geçirijileri gurmak baradaky meseläniň jikme-jik seljerilendigi barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, bu desgalaryň gurulmagy degişli etrabyň we Magdanly şäheriniň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini has-da gowulandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu suw arassalaýjy desganyň we suw geçirijileriň gurulmagyny "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmak üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek baradaky teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Wise-premýer şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we giňden tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu işler maliýe-ykdysadyýet ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa komissiýasynyň Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝK-nyň bilermenler topary bilen bilelikde 2008-2012-nji ýyllarda “Türkmenistanda geljekki ykdysady özgertmelere ýardam” atly taslamasynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň amala aşyrylandygy habar berildi. Häzir “Döwlet býujetini dolandyrmagy özgertmegi mundan beýläk hem pugtalandyrmak – III tapgyr” atly bilelikdäki taslamany amala aşyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy. Taslamanyň çäklerinde, hususan-da, häzir işlenip taýýarlanylýan Türkmenistanyň Býujet kodeksinden gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek, okuw maslahatlaryny geçirmek, şeýle hem öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Halkyň abadançylygy baradaky alada Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň hemmesiniň esasy maksady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde suw arassalaýjy desgany gurmak hakynda Karara gol çekdi we degişli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Halkara hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Ýewropa komissiýasy bilen we umuman alanyňda Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda täze ädim boljak hödürlenen taslamany makullady. Bu ädim Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu taslamanyň biziň ýurdumyzda maliýe ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan, halkara ülňülerini we iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna giňden goşulmagyna gönükdirilen özgertmeleriň has-da üstünlikli ilerledilmegine ýardam etjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş etdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatyny -- ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem dünýä belli beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza bu şanly sene mynasybetli şahyryň çap edilen eserleriniň ýygyndysynyň täze neşirini gowşurdy. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň häzire çenli belli bolan goşgularyndan başga-da, bu ýygynda türkmen alymlarynyň ylmy iş saparlarynyň barşynda ýüze çykarylan ozal neşir edilmedik eserleri hem girizildi.
Wise-permýer şeýle hem 2013-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmegiň, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almagyň hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň möçberlerini tassyklamak hakyndaky buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bu resminamanyň taslamasyna laýyklykda, geljek ýyl aspirantura 55 adam, doktorantura 2 adam, kliniki ordinatura 42 adam kabul ediler. Alymlyk derejelerine dalaşgärlige 241 adam we ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige 9 adam hasaba alnar.
Beýik Magtymgulynyň ajaýyp döredijiligi türkmen halkyna dünýä şöhratyny getirdi we diňe biziň halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi genji-hazynasyna uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Eserleri çeper kämilligi, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýan Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenýän edebiýatçy alymlar, sungaty öwrenijiler, ýazyjy – şahyrlar üçin özüne çekiji bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak döredijilik mirasyny okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin şahyryň eserleriniň täze ýygyndysyny köp nusgada çykarmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmegiň , alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almagyň möçberlerini tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, ýaş alymlary taýýarlamak, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň derejesini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdepden soňky berilýän bilimiň ähmiýetiniň örän wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise- premýere degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabatynda Türkmenistanyň milli baýramy—Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek esasy çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem Mary welaýatynda geçiriljek Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleriň ýapylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar beýan edildi.
Bir ýyl üçin işlenip taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde Maryda GDA-nyň medeniýet we sungat işgärleriniň, dürli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlarynyň, çäreleriň we duşuşyklaryň ençemesiniň geçirilendigi bellenildi. Bu çäreler Arkalaşygyň agzasy bolan ýurtlaryň medeni ulgamda hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy bilen giňden tanyşmaga ýardam etdi. Mary şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmünde wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabarany 17-nji dekabrda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji guramalarynyň hem-de GDA gatnaşýan döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek bellenildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreleriň guramaçylykly hem-de many-mazmunly geçirilmegine üns berilmegini tabşyrdy. Bu çäreler diňe bir paýtagtymyzy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap, halkymyzy has-da ruhlandyrmalydyr we jebisleşdirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmünde wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabara görülýän taýýarlyk baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini aýtdy. 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagtynyň derejesiniň gadymy türkmen şäherleriniň birine berilmegi asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň medeni arabaglanyşygynda Türkmenistanyň köp müňýyllyk şanly taryhynyň ähmiýetini görkezdi we häzirki zaman türkmen döwletiniň umumadamzat ynsanperwerlik maksatlaryna esaslanan Bitaraplyk syýasatynyň oňynlygyny aýdyň äşgär etdi diýip, milli Liderimiz belledi. Dünýäniň ykrar edilen ylalaşdyryjylyk merkezleriniň biri bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine geljekde hem sebitleýin, dünýä möçberinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gözegçilik edýän obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi.
Hususan-da, wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda gögeriş alnan bugdaýa zerur bolan ideg edilýär – ösüş suwy tutulýar, haşal otlardan arassalanylýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.
“Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda döwrebap maldarçylyk toplumyny gurmak hakyndaky” hem-de “Balkan we Mary welaýatlarynda guşçulyk toplumlaryny gurmak hakyndaky” Kararlaryň taslamalary hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarjak “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” birnäçe ileri tutulýan taraplarynyň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň, öňdebaryjy agrotehnikany ornaşdyrmagyň, azyk ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjek täze taslamalar oba hojalygynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda netijeli çäre bolar, olaryň hatarynda ýylda 700 tonna et we 1780 tonna süýt önümlerini öndürmek üçin niýetlenilen Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda döwrebap maldarçylyk toplumynyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýylda 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumynyň hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tonna guş eti öndüriljek guşçulyk toplumynyň taslamalary bar.
Hormatly Przidentimiz degişli Kararlara gol çekip, bu taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny aýratyn gözegçilige almak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ähli oba hojalyk möwsümleriniň oňat hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, ekilen güýzlük bugdaýa ideg etmek we geljek ýylyň ýazyndaky gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça agrotehniki çäreleriň toplumyny üpjün etmegi talap etdi. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreleriň görülmelidigini milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Przidentimiz Goňşokara baýramynyň göwnejaý ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek barada hem wise-premýere degişli görkezmeleri berdi, ol däp boýunça paýtagtymyzda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem giňden bellenip geçilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer G.Kulyýew we Andalyp köçeleriniň kesişýän ýerindäki goşma ýoluň, şeýle hem Andalyp köçesiniň ugrunda Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ulanmaga berilýändigi barada aýtdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin, 25-27-nji noýabrda Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem habar berildi. Wise-premýer şeýle hem gurluşyk işleriniň geçirilişi we gurluşyk materiallarynyň, önümleriniň we konstruksiýalarynyň öndürilişi boýunça görlen çäreler hem-de Abadan şäherinde alnyp baryljak gurluşyklaryň taslamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Aşgabatda ýollary we köprüleri gurmak işiniň ýokary hilli amala aşyrylmagyny, olaryň talaba laýyk saklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýandygyna ünsi çekip, ulag gatnawlaryny, şol sanda awtomobil ulaglary ulgamyndaky gatnawlary ösdürmekde bar bolan mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmak wezipesini öňde goýdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze ulag düzüminiň desgalarynyň “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň çäklerinde “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlandygyny belledi. Şol taslama laýyklykda jemi 12 sany desgany – iki derejeli awtomobil goşma ýollarynyň 7-sini, Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprüleriň 3-sini we awtomobil ýolunyň 2 bölegini gurmak göz öňünde tutulýar. Köpriniň ýokary derejede ulanylmagyny üpjün etmek we awtomobil ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin iň ýokary innowasion we tehnologik çözgütler, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlary zerur bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa bolan saparyň ähmiýetini nygtap, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigini we ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady hem-de medeni gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň nobatdaky mejlisiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ählisini gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň esasynda gurluşyk edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, “Gurluşyk babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” hem-de “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Kararlara gol çekdi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze Abadan şäherini gurmagyň hödürlenen çyzgysy bilen içgin tanşyp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan desgalaryň ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň özenini düzýän şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidigini, ýaşaýyş-durmuş amatlyklarynyň döredilmelidigini aýratyn nygtady. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz desgalaryň öz niýetlenilen maksadyna laýyk ýerleşdirilmegi, bu babatda ýerli şertleriň göz öňünde tutulmalydygy barada bu meselelere gözegçilik edýän wise-premýerlere anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Soňra gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew çykyş etdi, ol şu günki günüň talaplaryna laýyklykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy--enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty üçin tirkeg gämilerini gurdurmak hem-de satyn almak boýunça geçirilýän işler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze, iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny depginli ösdürmegiň möhümdigini belledi, olar halkara gatnawlary babatda ýurdumyzyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň kuwwatyny artdyrar.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşy halkara deňiz porty üçin tirkeg gämilerini gurdurmak we satyn almak hakyndaky” Karary tutuşlygyna alnanda makullap we oňa gol çekip, möhüm önümçilik, senagat pudaklaryny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümleriň hili, bäsdeşlige ukyplylygy ölçegleri boýunça ýokary sepgitlere çykmagyna mümkinçilik berýän öňdebaryjy dünýä tejribesini, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryny we “nou-houlary” çekmäge aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda demir ýol arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygyny ilerletmek barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, onuň düzümine girýän pudaklaryň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de täze tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler barada durup geçip, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli dökünleriň öndürilişini, şol sanda täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmegiň hasabyna artdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, ýangyç energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleleri jikme-jik beýan etdi.
Hususan-da, ýurdumyzda täze gazhimiýa toplumlaryny döretmek babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berildi. Bellenip geçilişi ýaly, bu babatda anyk teklipleriň birnäçesi gelip gowuşdy, olaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda we Hazaryň kenar ýakasynda, suwuklandyrylan gazy saklamak we ibermek boýunça deňiz terminaly ýerleşýän Gyýanly şäherçesiniň sebitinde polietilen öndürmek boýunça häzirki zaman toplumlaryny gurmagyň taslamalary bar.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy jemläp,Türkmenistanyň energetika strategiýasy ilkinji nobatda ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmagy üpjün etmek arkaly depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şeýle hem dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň giň toparyny öndürmegi ýola goýmaga gönükdirilendir diýip nygtady.
Bu babatda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça taslamalaryň geljegi örän uludyr, munuň özi tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy bilen hem, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, pugtalandyrmak boýunça uly möçberli meýilnamalar bilen hem şertlenendir.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň işewür toparlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini belläp, wise-premýere gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň ekologiýa tarapyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy, olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň ähli talaplaryna laýyk gelmelidir.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.