Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidentinin duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidentinin duşuşygy

view-icon 623
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistanyň Prezidenti iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Ermenistanyň Prezidenti geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana bolan resmi saparyny mähir bilen ýatlaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serž Sargsýan öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen hyzmatdaşlary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, özara peýdaly gatnaşyklary, hususan-da, Garaşsyz Döwetleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleler boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige begenýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek we ony giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, onuň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşleriň pikirine görä, häzir türkmen-ermeni syýasy gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär. Taraplar ähli ugurlar boýunça birek-birek bilen düşünişýärler we häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary dostlukly, deňhukukly hem-de birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedir.

Ýakynda Ermenistana bolan saparynyň ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklandygyny kanagatlanma bilen nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak we ony goldamak, bu ugur boýunça giň halkara hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belledi.

Türkmenistanda we Ermenistanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ösdürmek, özara hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň geljegi uly ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýändigini nygtamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan medeni-gumanitar we ylmy gatnaşyklaryň bu babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler hem-de ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, üçin ähli zerur şertleri döretmegiň derwaýysdygy barada pikir aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdiler we iki döwletiň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýygjam we uzakmöhletleýin häsiýet bermek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigini nygtadylar.