Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Duşuşyk başlamazdan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň Prezidenti iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Täjigistanyň baştutany mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk ediji ýurduň wezipesiniň üstünlikli tamamlanýandygy bilen gutlady.
Iki ýurduň Liderleri gadymy dostluk däplerine, Türkmenistanyň we Täjigistanyň häzirki döwürde täze galkynyşa eýe bolan halklarynyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon duşuşygyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň, ozaly bilen bolsa ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy barada bellemek bilen, söhbetdeşler bu babatda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini we soňky döwürde onuň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýtdylar.
Energetika pudagyndaky we iki döwletiň geografiki ýagdaýyny hem-de ulag we üstaşyr kuwwatyny nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Duşuşygyň barşynda gumanitar ulgamdaky özara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezip, söhbetdeşler bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny bellediler we iki dostlukly halklaryň medeni-ruhy gatnaşyklarynyň, köp asyrlyk umumy dessurlarynyň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini nygtadylar.
Türkmenistanda we Täjigistanda iki döwletiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem türkmen we täjik alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň iki ýurtda guralýan ylmy hem-de döredijilik forumlaryna gatnaşmagy gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýändigi duşuşykda bellenildi.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri özära gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe derwaýys meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň LiderleriTürkmenistanyň we Täjigistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar we türkmen hem-de täjik halklaryna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdiler.