Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 634
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko mähirli salamlaşyp, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Iki ýurduň Liderleri, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän halkara duşuşyklarynyň çäklerinde, hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar.

Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen topragynda görkezilen däp bolan myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, dünýäniň ähli gyzyklanýan döwletleri bilen netijeli oňyn gatnaşyklary ýokary derejede guramakda işjeň ýagdaýy eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän syýasatyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli bilelikdäki işiň tejribesi örän nusga alarlykdyr, şu ýyl onuň üstünlikli işlemegini köp babatda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi kesgitledi diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Türkmenistanyň we Belarusyň Liderleri duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp we garaýyşlaryň ýakyndygyna ýa-da gabat gelýändigine kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli gatnaşyklary dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Minskide soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly ýokary depginlerine eýe bolýan Türkmenistan bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, dostlukly döwletiň Baştutany häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdi.

Uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda guralýan türkmen-belarus hyzmatdaşlygy uly kuwwata eýedir – diýip, öz nobatynda türkmen Lideri bellemek bilen, bar bolan ägirt uly mümkinçilikler özara gatnaşyklaryň ugurlaryny yzygiderli giňeltmäge hem-de onuň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär diýip nygtady.

Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesi, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny ibermek, hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag magdan-baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça taslamalar bilen berkidilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň oňyn hymatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Hususan-da, Belarusyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, dag-magdan senagatynda hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr, sebäbi Garlykdaky kaliý gatlaklary dünýäde iň uly gatlaklaryň biri bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki halklaryň dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini hem bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň we türkmen sirkiniň artistleriniň Minskide geçen çykyşlarynyň aýratyn üstünlikli bolandygyny nygtap, döwlet Baştutany sirk toparlarynyň özara çykyşlaryny mundan beýläk-de guramagyň maksadalaýykdygy hakyndaky pikiri aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko diňe bir taryhy hem-de medeni ösüşiniň umumylygy bilen däl-de, eýsem, iki ýurtlaryň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini belläp, Türkmenistanyň hem-de Belarusyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.