Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukrainanyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukrainanyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Prezidenti duşuşyk başlanmazyndan öňürti iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen topragynda kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtady, bu ýurt bilen Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde we GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär.

Prezident Wiktor Ýanukowiç hem Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ukrain tarapynyň maksat edinýändigini tassyklap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Kiýewe bolan saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolandygyny belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmagyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda netijeli ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem ünsi jemlediler. Ýangyç-energetika toplumy we ulag-aragatnaşyk ulgamy ileri tutulýan pudaklaryň hatarynda bellenildi, şolarda Türkmenistana birnäçe möhüm halkara başlangyçlar degişlidir. Ukraina türkmen ykdysadyýetiniň bu pudaklarynyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda energetika we senagat kärhanalarynyň desgalaryny gurmaga, ýataklary işläp taýýarlamaga öz goşandyny goşmaga taýýardyr diýip, Wiktor Ýanukowiç aýtmak bilen Türkmenistany Ukrainanyň çäklerinde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga hem çagyrdy.

Taraplar bilelikdäki çözgütleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň birnäçesine işjeň gatnaşmagynda haryt dolanyşygynyň artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Ukrainanyň baştutanynyň biziň ýurdumyza döwlet sapary hakyndaky mesele gozgaldy, şol sapary 2013-nji ýylyň fewral aýynda amala aşyrmak bellenildi, şunuň bilen baglylykda şol waka taýýarlyk görmek boýunça hökümetara iş topary üçin wezipeler anyklaşdyryldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç şu jähetde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, GDA başlyklyk etmegiň çäklerinde, hususan-da, energetika hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag düzümlerini ösdürmek babatda, şeýle hem gumanitar ulgamda gatnaşyk etmäge degişli Türkmenistanyň şu ýyl geçiren çäreleriniň möhümdigini hem-de üstünlikli amala aşyrylandygyny nygtady.

Bilim ugry boýunça we medeniýet babatda däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi. Şol sanda noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde uly üstünlik bilen geçen Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň iki halklaryň arasyndaky döredijilik we ruhy gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler.