Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

view-icon 605
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Duşuşugyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti GDA sammitiniň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly ýurtlaryň liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Gazagystanyň Baştutany mähirli kabul edilendigi we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk ediji ýurt hökmündäki wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady we Bitarap Türkmenistanyň netijeli häsiýete eýe bolan daşary syýasat strategiýasynyň GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýandygyny we onuň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüdrilmegi üçin kuwwatly itergi berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri türkmen we gazak haklarynyň gadymy taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler birnäçe döwletara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, şeýle hem energetika we ulag ulgamy ýaly strategik ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ykdysady we serişde kuwwatyny doyl möçberde durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerindäki sebitleýin gatnaşyklaryň ulgamyndaky işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Halkara syýasatynyň meseleleri boýunça guralan pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew köp sanly halkara meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtap, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, transmilli terrorçylyga garşy göreşmek, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmegiň ulgamyndaky tagallalary utgaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň derwaýysdygyny bellediler.

Ylym we bilim, medeniýet we sport hem-de tutuşlygyna alnanda, parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli ugur hasaplanýan gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidenler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew iki döwletiň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir ýola tassykladylar we Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.