Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

view-icon 848
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat bilen duşuşdy.

Duşuşykdan öň Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri GDA-nyň Sammitiniň resmi nyşanynyň öňünde surata düşdiler.

Myhman söhbetdeşlikde däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň adyndan türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny ýetirip, türkmen Lideriniň iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde has netijeli döwletara gatnaşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerine täzeçe çemeleşmegine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Myhman syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde Arkalaşygyň möhüm orny hakynda söz açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-da üstünlikli başlyklyk etmegi bilen gutlap, oňyn, özara bähbitlere laýyk gelýän sebitleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga bu ýurduň bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Söhbetdeşler halkara syýasatynyň käbir taraplary boýunça gyzyklanyp pikir alyşmagyň çäklerinde halkara durmuşynyň möhüm taraplaryna Türkmenistanyň we Moldowanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belläp, olaryň giň möçberli meseleleriň göwnejaý çözgüdini agtarmakda işjeň garaýşynyň gönüden-göni netijeli syýasy we ykdysady gatnaşyklara, şeýle hem iki dostlukly halklary baglanyşdyrýan köp ýyllyk özara ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtadylar.

Moldowanyň Premýer-ministri halkara gatnaşyklarynyň ulgamyny gyşarnyksyz kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtap, durnuklylygyň we giň möçberli howpsuzlygyň, üçünji müňýyllykda dünýäniň parahatçylykly ösmegi üçin mäkäm esaslary döretmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi maksat edinen, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen möhüm parahatçylygy üpjün ediji ähli başlangyçlary gürrüňsiz goldaýandygyny beýan etdi.

Ikitaraplaýyn görnüşde gönüden-göni döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýeti gazanylan ähli ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, möhüm ugurlaryň birnäçesinde uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga göwnejaý çemeleşmeleri üpjün edýär diýen pikire geldiler.

Taraplar iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we olaryň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini tassyklap, uly, döwrüň talap edýän mümkinçiliklerine eýe bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat Türkmenistanyň hem-de Moldowanyň halklaryna bagt, abadançylyk hem-de iki ýurduň bähbitleri üçin oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler.