Ï Diplomatlaryň arasynda geçirilen tennis ýaryşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diplomatlaryň arasynda geçirilen tennis ýaryşy

view-icon 759
Şu gün köpugurly “Aşgabat” stadionynyň kortlarynda Türkmenistanda işlýeän diplomatlaryň we Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň arasynda tennis boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu ýaryşyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň DIM-i çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýyly bolan 2012-nji ýyl sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýip yglan edildi. Şunda soňky bir ýylyň dowamynda daşary ýurt ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. Mysal üçin, aprelde Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde tennis, woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça diplomatlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagynyň bäş ýyllygyna bagyşlanyp kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bitaraplyk baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde stoluň üstünde oýnalýan tennis we woleýbol boýunça bäsleşikler guraldy. Indi bolsa uly tennis boýunça kimiň iň güýçlüdigini kesgitlemek nobaty ýetdi.

Ýaryşlara ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, BMG-niň merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň baştutany, şeýle hem BMG-niň wekilhanasynyň, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Ýeňijiler we baýraklara mynasyp bolanlar jübütler boýunça kesgitlenildi.

Aýlaw görnüşinde geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça BMG-niň wekilhanasynyň we ýurdumyzyň DIM-niň toparlary finala çykdylar. Jemleýji bäsleşikler örän gyzykly boldy. 6:5 hasabynda BMG-niň wekilhanasynyň toparynyň öňde barýan mahalynda Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň işgärlerine yzly-yzyna üç gezek bäsdeşleriniň yzyndan ýetmek başartdy.

Ahyrky netijede BMG-niň wekilhanasynyň topary ýeňiji boldy. Ikinji orny Türkmenistanyň DIM-niň topary eýeledi. Baýrakly orunlara mynasyp bolan üçlügiň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň baştutany Miroslaw Ýença we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kit Renni Allan bar. Ýaryşyň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryna medallar we degişli derejedäki diplomlar gowşuryldy.

“Biz Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekillerine erkin ýagdaýda birek-birek bilen söhbetdeş bolmaga, dostlugy we parahatçylygy berkitmäge ýardam edýän şunuň ýaly ýaryşlaryň guramaçylaryna hoşallygymyzy bildirýäris. Häzirki wagtda Türkmenistanda ajaýyp stadionlar, sport meýdançalary we kortlar bar. Türkmenistanyň ýolbaşsylaryň häzirki zaman sport toplumlaryny döretmäge, milletiň saglygyny berkitmäge gönükdirilen syýasaty halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar” diýip, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň baştutany M. Ýensa özünde galan täsirleri paýlaşýar.