Ï Türkmenistanyň Kubogy “Balkanda”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kubogy “Balkanda”

view-icon 841
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Balkan” futbol topary ýurdumyzyň milli birinjiliginiň ýeňijisi bolup, Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi. Ol şu gün geçen ýylky kubok eýesi Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyndan ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky final oýunlary geçen ýylda ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan köp ugurly “Aşgabat” stadionynda geçirildi.

Oýnuň ilkinji minutlary örän çylşyrymly häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň emini Ç.Gurbanow oýunçylara ýedi gezek duýduryş berdi. Şeýle çekeleşikli pursatlarda, ýagny oýnuň birinji ýarymynda HTTU-nyň futbolçylary artykmaçlyk gazandylar. Olar garşydaşlarynyň derwezesine ýygy-ýygydan hüjüm etdiler. Toparyň oýunçysy S.Muhadowyň boş derwezä ugrukdyran pökgüleriniň ikisini-de goragçylar M.Saparow we Ý.Annamyradow derwezä girip barýan pökgüni sowmagy başardylar.

Oýnuň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna sähelçe wagt galanda Ý.Hojageldiýewiň tälim berýän topary garşydaşyň derwezesine bir pökgüni girizmegi başardy. 45-nji minutda HTTU-nyň futbolçysy B.Şamyradow goragçydan we derewezeçiden geçip, pökgüni tora girizdi. Şeýlelikde, oýnuň birnji ýarymy HTTU-nyň hasabyna tamamlandy. “Balkanyň” futbolçylary G.Öwekow we A.Ylýasow garşydaşlarynyň derweziniň öňünde howply pursatlary döretdiler. Ýöne HTTU derwezeçisi R.Alyhanow pökgüleri tora goýbermedi.

“Balkanyň” baş tälimçisi A.Gurbani oýnuň ikinji ýarymynda ýarym goragçylara birnäçe zerur tabşyryklary berdi we tejribeli M.Nasyrowy oýna girizdi. Şeýlelikde, “Balkanyň” oýunçylary diňe bir meýdançanyň merkezinde däl, eýsem gapdal taraplarda hem has netijeli oýnap başladylar. Oýnuň 49-njy minutdynda balkanabatlylar sag gyradan hujume geçip, oýnuň hasabyny 1:1-e ýetirdiler. Bu pursatda futbolçy Ý.Takçenko tapawutlanmagy başardy.

Oýnuň 72-nji minutynda bäsleşigiň netijesini kesgitleýän pursat boldy. “Balkanyň” futbolçylary gapdaldan ýene-de hüjüme geçdiler. Bu gezek M.Garadanow tapawutlanmagy başardy. Ol pökgini ussatlyk bilen tora girizdi. Şeýlelikde, hasap 2:1 boldy.

Şu ýagdaýda “Türkmennebit” döwlet konserniniň topary öz taryhynda indi dördünji gezek uly ýeňiş gazandy we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

“Balkan” ilki bilen “Nebitçi”toparyndan üstün çykdy. Soňra öz ýerinde Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bilen 1:1 oýnady, myhmançylykda bolsa 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. HTTU öz gezeginde iki gezek deňme-deň oýnansoň, Marynyň “Merw” komandasy bilen duşuşdy. Oýnuň esasy wagty deňme-deň tamamlandy. 11 metrlikden urgularyň geçirilmegi netijesinde HTTU 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Balkan” topary mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýyla çenli “Nebitçi” ady bilen çykyş etdi. Şu gezekki bäsleşik bu toparyň taryhyndaky sekizinji final oýunlarydyr. Halkara türkmen-türk uniwersitetinň topary bolsa final oýunlarynda dört gezek çykyş etdi Şu günki bäsleşige çenli toparlaryň ikisi hem kubok eýeleri boldular. Balkanabatly futbolçylar 2003, 2004 we 2010-njy ýyllarda, HTTU bolsa 2006 we 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldular.