Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 602
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagynyň bäş ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanýeri kabul etdi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edişlik we ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy bilen gutlady. Jenap Lamberto Zanýer döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri halkara guramasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine degerli ýardam berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, öz gezeginde ÝHHG-niň baştutanyna bu abraýly halkara guramasy bilen özara hormat goýmak, ynam we düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýän oňyn gepleşikleri üstünlikli ilerletmäge berýän ýardamy üçin hem-de türkmen tarapynyň dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini netijeli çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça toplanan oňyn tejribä esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energiýa göterijileri halkara ugurlary boýunça ibermegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, sebitiň serhetýaka suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça bilelikde hereket etmäge degişli meselelere deglip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, sebitde hereket edýän örän iri halkara düzümleri, ozaly bilen bolsa Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça merkez bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Bu merkeziň alyp barýan işleri sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, bu ugurda maglumatlary we tejribäni giňden alyşmak üçin şertleri döretmek maksady bilen halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň çäklerinde halkara maslahatynyň gün tertibi barada pikir alyşmalar boldy. Şol maslahatyň barşynda, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylanyndan bäri 5 ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler.

Jenap Lamberto Zanýer Türkmenistanyň halkara möçberindäki işjeň ornuna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň açyklyk, ynanyşmak we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagy esasynda guralýan oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň örän möhümdigini aýratyn belledi. Bu bolsa parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin has amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi hem-de bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy.

* * *

Şeýle hem şol gün ÝHHG-niň baştutany Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda gumanitar we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.