Şu gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda boks boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky milli ýaryşyň çäklerinde final bäsleşikleri boldy. Onuň öňüsyrasynda bolsa ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetinde Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi.
Aýgytlaýjy bäsleşiklere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan saýlama türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýer eýeleri hökmünde paýtagtymyzyň boksçulary iki topar bolup çykyş etdiler. Ýaryşy guraýjylar bolan Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Boks federasiýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2013-nji ýyl üçin milli ýygyndy topar düzüler.
64 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edenleriň bäsleşigi iň gysga boldy. Has çekeleşikli we çylşyrymly ýaryş bolsa agyr agramda çykyş edýän boksçularyň arasynda boldy.
Birinji bäsleşikde çekeleşigiň ilkinji minutynda onuň netijesi belli boldy. Aşgabatly Serdar Hudaýberdiýew güýçli urgy bilen garşydaşy Myrat Pazzyýewi ýykmagy başardy. Şondan soň, Myradyň tälimçisi oýny bes etmegi teklip etdi.
S.Hudaýberdiýew diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde ussat boksçularyň hatarynda tanalýar. 2009-njy ýylda ol Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şu ýyl bolsa ol dünýä çempionatynda 6-njy orna mynasyp boldy. Şol görkezijiler hem-de Türkmenistanyň çempionatynda gazanylan ýeňiş onuň 2009-njy ýylda ýurdumyzyň iň ökde boksçysy diýlip yglan edilmegini kesgitledi. Onuň Londonda geçirilen Olimpiada—2012 gatnaşmagy has-da möhüm waka öwrüldi.
Agyr agramda çykyş edýän boksçularyň arasynda geçirilen bäsleşik barada aýdylanda bolsa, ol aşgabatlylar Jemal Amangeldiýew bilen Remezan Nuryýewiň arasynda boldy. Bäsleşigiň üç tapgyrynda hem boksçular ýokary depgini sakladylar. Bäsleşigiň jemlenýändigini aňladýan jaň kakylanda, ýeňşiň kimiň tarapyndadygy birbada belli bolmady. Gapdal eminleriň utuklary sanamagy netijesinde J.Amangeldiýew ýeňiji diýlip yglan edildi.
Şeýlelikde, ýaryşyň hormat münberine aşgabatly boksçular Zarip Jumaýew, Ýakup Meredow, Arslanbeek Açylow, Şatlyk Saryýew, daşoguzlylar Hursand Imangulyýew, Timur Halilow, Bagtyýar Mäşeripow we Lebap welaýatyndan Eziz Açylow çykdylar.
Ýaryşyň baş baýragy bolan umumy komandalyk kubogy Aşgabadyň birinji toparynyň wekilleri eýelediler.
Milli boks federasiýasynyň hasabat-saýlaw maslahatynyň barşynda bu sport guramasynyň dört ýylyň dowamynda ýerine ýetirien işleriniň netijelerine garaldy we oňa oňyn baha berildi. Şu döwürde köp sanly geljegi uly türkmen türgenleri öňe çykdy. Olar halkara derejesinde geçirilen iri bäsleşiklerde öz ussatlyklary görkezmegi başardylar.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda federasiýasynyň täze düzümi saýlanyldy. Onuň başlygy we baş sekretary barada aýdylanda bolsa, bu wezipeleri öňki ýaly degişlilikde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanow we halkara derejeli emin Nurmuhammet Potdyýew eýelär.