Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 572
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Şamil Agaragim oglu Alekserowy kabul etdi. Ol “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Ýokary wezipeli myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplygyň 17 ýyllygy bilen gutlady. Türkmenistan işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine jogapkärli çemeleşmäni görkezýär diýip, YHHG-niň Baş sekretary aýtdy. Aşgabatda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Bu forum döwletara gatnaşyklaryna täze çemeleşmeler, şol sanda Merkezi Aziýada we bütin dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri barada giňişleýin pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüler.

Türkmen Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, halklaryň abadançylygyny we rowaçlygyny, sebitde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýän halkara ykdysady düzümiň ýolbaşçysyny görýändigine şatdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtap, türkmen tarapynyň bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we YHG-niň baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri nazara almak bilen gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Gatnaşyklaryň oňyn tejribesi şol hyzmatdaşlygyň esasy bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Şamil Aleskerow halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamynda işjeň syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan özüni parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde görkezýär diýip nygtady. Türkmenistanyň şu babatda eýeleýän orny halkara bileleşiginiň özara gatnaşyklarynyň netijeli usullaryny gözlemäge we işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň sebitleýin gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ornuny belläp, YHG-niň Baş sekretary şunda ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, amatly geosyýasy ýagdaýynyň, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna tarap alnan ugruň kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesini dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli ulanmaga çalyşýar diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we YHG-niň Baş sekretary hoşlaşanlarynda özara bähbitli ykdysady we söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.