Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň howandarlygynda geçirilýän “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi we foruma gatnaşyjylara mähirli myhmansöýerlik görkezilendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy--Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Prezidentini umumymilli baýramçylyk bolan Bitaraplygyň 17 ýyllygy hem-de bu şanly senä bagyşlanylan wekilçilikli halkara maslahaty bilen gutlady, ol şol maslahat gürrüňsiz suratda sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran wezipeleri çözmegi maksat edinýän köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşar.
Myhman mümkinçilikden peýdalanyp, GDA-nyň ýakynda Aşgabat maslahatynyň we tamamlanyp barýan 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen beýleki çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň işjeň garaýşy, onuň däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge başlangyçlar görkezip çemeleşmesi GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönüden-göni hyzmat edýär.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar, munuň özi geljekki bäş ýyl üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýakynda tassyklanan Konsepsiýasynda hem berkidilendir. Şol konsepsiýa laýyklykda Türkmenistanyň geljekde hem hyzmatdaşlygyň işlerine işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.
-Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen öz Bitaraplyk derejesini nazara alyp, doganlyk halklar bilen dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe tüýs ýürekden sarpa goýýar hem-de ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga tutuşlygyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hakynda söz açyp, ol diňe bir häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ýardam edip, türkmen halkynyň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýär diýip nygtady.
Häzirki wagtda täze tapgyra gadam goýýan köp ýyllyk üstünlikli gatnaşyklara özara ygrarlydyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň GDA-da üstünlikli başlyklyk etmeginiň jemini jemlän, ýakynda geçirilen maslahatyň jemleri, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň toplanan köp ýyllyk tejribesi ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ýokary derejede işjeňleşdirmäge ýardam eder diýip ynam bildirdiler.
Dawallaryň öňüni almakda we Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşygyň ýollaryny agtarmakda Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berip, GDA-nyň Ýerine etiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew milli Liderimizi Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, türkmen halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, durnuklylyk hem-de döwlet ösüşiniň ilkinji derejeli wezipelerini çözmekde üstünlikler arzuw etdi.