Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen ýurdumyzyň iň gowy sport toplumlarynda şu hepdede ýaryşlaryň 40-a golaýy geçiriler. Olara ýaşlaryň we tejribeli türgenleriň onlarça müňüsi gatnaşarlar. Hepdäniň sport ýaryşlary baradaky gürrüňe geçmezden öň Hindistandan gelip gowşan gowy täzelik barada habar bereris.
Keçi şäherinde göreş boýunça Aziýanyň 8-nji çempionaty tamamlandy. Onda biziň watandaşlarymyz alty medal gazanmagy başardylar. Ýaryşa gatnaşyjylaryň ýokary derejesine garamazdan, türkmen pälwanlarynyň hasabynda 3 kümüş we 3 bürünç medallar bar. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna guşak göreşiniň Lebap mekdebine wekilçilik edýän Z.Jepbarowa, A.Jumakulyýewa we Z.Abdyrohmanowa çykdylar. Bürünç medallara M.Aýdogdyýewa, Ş.Kubaýewa, şeýle hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby S.Jummuýewa mynasyp boldular.
Öňde boljak ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, olaryň iň gyzykly görnüşleri paýtagtymyzyň sport toplumlarynyň binýadynda geçiriler. Şeýlelikde, 17-21-nji dekabrda “Galkynyş” sport toplumynda karate boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu toplumda birwagtyň özünde birnäçe ýaryşy geçirmek bolýar. Şeýle ýaryşlar adatça köp sanly janköerleri özüne çekýär. Biziň pikirimize görä, bu çempionat hem diňe bir gyzykly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Gündogaryň söweş sungatlarynyň janköýerlerine biziň karateçilerimiziň ussatlyk derejesine baha bermäge mümkinçilik döreder. Olaryň iň ökdeleri Aziýada-2017-de Türkmenistanyň sport abraýyny goramak hormatyna eýe bolarlar.
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty hem gyzykly bolar. 20-22-nji dekabrda “Aşgabat” sport toplumynda ýurdumyzyň berdaşly adamlary sözüň göni manysynda güýçlüleriň güýçlüleri diýen at ugrunda bäsleşerler.
Milli ýaryşlaryň ýene-de ikisi paýtagtymyz Aşgabatda pauerlifting we taekwondo boýunça iň gowy ussatlary ýygnar. Sportuň bu görnüşleriniň wekilleri öňümizdäki dynç günleri ýurdumyzyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Öňde agzalan ýaryşlaryň hemmesini Türkmenistanyň Sport daradaky döwlet komiteti hem-de degişli sport federasiýalary we milli merkezler gurar.
Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sport komitetleri şu hepdede milli göreş, futbol, woleýbol, ýeňil atletika, шашка, баскетбол, гандбол ве спортuň бейлеки görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirýärler. Olaryň köpüsi ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Mälim bolşy ýaly, Aziýada-2017 hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bounça gurulýan, Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.
Şu hepdede köp sanly okuwçylar üçin hem birnäçe sport çäreleri meýilleşdirildi. Olary guramak bilen “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşiniň işgärleri meşgullanar. Sportuň ýaş muşdaklary basketbol, woleýbol, dzýudo, futzal we küşt boýunça ýaryşlarda özara duşuşyklary geçirler.
Körpeler üçin bolsa 19-njy dekabrda paýtagtymyzyň 28-nji çagalar bagynda sport çäresi guralyp, onuň maksatnamasyna dürli estafeta ýaryşlary we milli oýunlar boýunça bäsleşikler giriziler. Şeýle ýaryşlar çagalarda körpelikden başlap, öz bäsdeşleri bilen göreşmek başarnygyny döredip, öz şöhratly ata-babalary ýaly güýçli, gaýratly adamlar bolup ýetişmäge ýardam eder. Bularyň hemmesi geljekde körpelere uly sport ýeňişlerine alyp barjak ýola gadam basmaga mümkinçilik berer.