Şu gün Türkmenabat şäheriniň ilaty ajaýyp Täze ýyl sowgadyny aldylar. Bu ýerde “Nebitçi” etrapçasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe welaýat merkezinde hasap boýunça ýedinji 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Täze sport mekdebi öňki ulanylmaga berlen mekdepler ýaly, döwrebap binagärlik usulynda gurlup, Türkmenistanda sport we bedenterbiýe-sagaldyş maksatly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.
Ir säherden başlap, sport toplumynyň çäginde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-sazlar ýaňlanýar, ýaş türgenler öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýetginjekleri we gyzlary häzirki zaman sport desgasynyň açylmagy bilen gultamak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar geldiler.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellediler. Şu günki açylýan täze sport mekdebiniň hem milli Liderimiziň sport ugrundan zehinli we ukyply çagalaryň ussat türgen, beden we ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin körpeliginden başlap hemmetaraplaýyn alada etmek we terbiýe bermek baradaky öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde uly ähmiýeti bolar.
Täze sport mekdebinde çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan ösmegi we sport ussatlygyny ýokarlandyrmagy, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen sport zallary, durmuş maksatly toplumlar, lukmançylyk otagy we beýlekiler çagalaryň hyzmatynda bolar. Tejribeli tälimçiler üçin hem ýörite iş otaglary bar. Olar çagalara we ýetginjeklere sport ussatlygynyň tärlerini öwrederler. Bu ýerde merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamlary hem göz öňünde tutulypdyr. Täze binanyň çäklerinde gurnalan açyk sport meýdançasynda ýaşlar woleýbol, basketbol, tennis, ýeňil atletika, gimnastika bilen meşgullanarlar.
“Nebitçi” etrapçasynda ulanylmaga berlen sport mekdebi Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Medet emir” hususy kärhanasynyň işçileri tarapyndan guruldy. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýakyn wagtda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde şunuň ýaly sport mekdebini, Garabekewül we Sakar şäherçelerinde 1500 orunlyk stadionly häzirki zaman sport toplumlaryny, Atamyrat etrabynyň O.Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginde we Galkynyş etrabynyň merkezindäki “Bahar” ýaşaýyş toplumynda 365 orunlyk sport mekdeplerini ulanmaga bermek göz öňüne tutulýar. Bu döwrebap sport desgalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bina edilýär.