Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-türk işewürler Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-türk işewürler Geňeşiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 608
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürler Geňeşiniň türk tarapynyň başlygy Sefa Gömdenizi kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapandygy we özara söhbetdeşlikde iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamlaryny hem-de ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Olar türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Güle hem-de Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny hem-de Täze ýyl gutlaglaryny iberdi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny ýollady.

Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belläp, milli Liderimiz iki ýurduň hem deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösüşini köp babatda asyrlaryň dowamynda iki doganlyk halky baglanyşdyryp gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary kesgitleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bellenilşi ýaly, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň gyşarnyksyz ýokarlanmagy we milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagyna, netijede, iki doganlyk ýurduň durnukly ösmegine ýardam edýän giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy özara gyzyklanmanyň subutnamasy bolup durýar. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda türk hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda bina edilen we ýakynda ulanmaga berlen häzirki zaman galla önümleri önümçilik toplumy we “Bereketli” çörek önümleriniň söwda merkezi hem-de dokma toplumy netijeli gatnaşyklaryň mysaly hökmünde görkezildi.

- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda türk kompaniýalary we işewürleri bilen netijeli, köp ugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak Türkmenistanyň amala aşyrýan, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýä tejribesini we döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz türk kompaniýalarynyň döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Sefa Gömdeniz ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklarynyň, türk önüm öndürijileriniň harytlarynyň sergileriniň we işewür forumlarynyň başyny başlan Türkmen-türk işewürler Geňeşiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Türkiýäniň işewür bileleşiginiň Türkmenistandan bolan hyzmatdaşlary bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, myhman milli Liderimize Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz we Türkmen-türk işewür Geňeşiniň başlygy hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şefki Mütewellioglu gatnaşdy.