Ï Onlaýnyň küşt bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onlaýnyň küşt bäsleşikleri

view-icon 895
Internetde küşt boýunça bäsleşikleriň birbada üçüsi geçirilýär. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Aziýanyň we Afrikanyň 14-nji we 15-nji zonal çempionatlarynda biziň ildeşlerimiziň topary eýýäm özlerine ýarym finala çykmagy gazandylar, ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň wekili final derejesini geçmegi başardy.

Aziýanyň we Afrikanyň 14-nji çempionaty eýýä bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Onyň başdaky tapgyrynda toparlara bölünen küştçileriň 150 töweregi gatnaşdy. Diňe topardan çykan ilikji üçlük çempion diýen at ugrunda bäsleşip bilýär. Bu bäsleşiklerde türkmenistanlylaryň ikisine birbada ýarym finala çykmak başartdy. Olar aşgabatlylar 7 oçkodan 6,5 oçko toplap, „K“ toparynda birinji orny eýelän Kerimberdi Ýazgeldiýew we 6 oçko görkeziji bilen „G“ toparynda öňdeligi eýelän we ýaşy hem-de sport derejesi boýunça epesli ýokary bolan bäsdeşlerini ýeňmegi başaran Kristina Ödäýewadyr.

Häzirlikçe türkmenistanlylar Aziýanyň we Afrikanyň 15-nji zonal çempionatynyň çärýek final bäsleşigine gatnaşýarlar. Türkmen küştçileriniň öz döwlerini doly tamalamadyklaryna garamazdan, olaryň özleri üçin ýarym finala çykmaga hukuk gazananlarynyň altysynyň (!) atlary eýýäm belli boldy. Olar Kerimberdi Ýazgeldiýew, Kristina Ödäýewa, şeýle hem Naim Talibow, Resul Gurbanow, Samwel Sarkisow we Fred Helmi ýaly türgenlerdir.

Onlaýn çempinatlarynyň bäsleşiklerine hat-da işi ýa-da okuwy örän köp bolan adamlar hem gatnaşyp bilerler. Oýnuň düzgünine laýyklykda bir döwüň garşydaşlary 50 günüň dowamynda 10 göçüm edip bilerler. Elbetde, munuň hem jedelsiz oňaýlyklary bardyr – şeýle çäklendirilmedik wagt ekran küşt tagtasynda ýagdaýa çuňňur baha bermäge we has gerek bolan göçümleri etmäge kömek berýär.

Türkmen internet ýygyndysynyň baş türgenleşdirijisi Ahmet Ödäýewiň pikirine görä, biziň türgenlerimiziň üstünlikleri tötänleýin bolman, ol kanuny ýagdaýdyr. Muňa halkara derejelerinde geçirilen iri bäsleşiklerde türkmenistanlylaryň gazan köp sanly medallary hem şaýatlyk edýär. Meselem, şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Stambulda (Türkiýe) geçirilen küşt boýunça Bütindünýä olimpiadasy. Bu olimpadada 14 ýaş toparynda şahsy hasaby boýunça altyn medala mynasyp bolan 13 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýewi görkezmek bolar.