Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze ýyl binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze ýyl binagärlik açylyşlary

view-icon 761
Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda tarp ýerli Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkezine ýene-de bir iri täze desga goşuldy. Şu gün bu ýerde bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadion bilen sport desgasyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Sport toplumynyň açylyşy aýdym-sazlar we tanslar, türgenleriň görkezme çykyşlary, dürli öwüşginli baýramçylyk nyşanlary bilen ajaýyp baýramçylyga öwrüldi, oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň tarp ýerlerinde ýakynda döredilen ilatly ýerleriň biri bolan Ruhubelent şäherçesi ýaşlygyna garamazdan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler syýasaty netijesinde baýry şäherlerden pesde durmaýar. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalaryň hemmesi häzirki ýerli ýaşaýjylaryň we olaryň geljekki ýaş nesliniň üstünlikli zähmet çekmegi hem-de has oňaýly dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga köpçülikleýin çekmäge düýpli goşant goşjak sport desgalarynyň ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

“Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze desga "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda öň gurlan şeýle desgalar ýaly bu möhüm maksatlara doly laýyk gelýär. Täze desga uly toplumdan ybaratdyr, şonda dürli ýaryşlary geçirmek hem-de köp sanly sport we sagaldyş bölümlerinde meşgullanmak mümkindir. Onuň esasy bölegini futbol meýdançasy bolan stadion we ylgaw ýodajyklary eýeleýär, münberleriniň aşagyndaky jaýlarda eminler üçin egin-eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän otaglar, gulluk jaýlary, sport toparlary, myhmanlar üçin kiçeňräk myhmanhana, lukmançylyk nokady ýerleşýär. Toplumyň çäklerinde tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamagy halaýanlar üçin ýörite açyk meýdança bar. Toplumyň owadan suw çüwdürimleri, dynç alyş zolagy, awtoduralga bilen üpjün edilen ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi hem-de yşyklandyrmagyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Täze sport desgasy öň bu ýerde gurlan iki sany 365 orunlyk sport mekdepleri bilen bir hatarda kemala gelýän, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gürrüňsiz üstünliklerine äşgär şaýatlyk edýän binagärlik toplumyna aýratyn öwüşgin berdi.