Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itoçu Korporeýşn” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýasini kabul etdi.
Myhman duşuşmak üçin döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady we onuň her bir öýe, her bir maşgala parahatçylyk we abadançylyk getirmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi. Bu hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli iri gurluşyklarynda diýen ýaly ulanylýan ýokary öndürijilikli ýol gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalary getirmek babatda üstünlikli ösýär.
Duşuşygyň çäklerinde däbe öwrülen köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, himiýa senagaty, ulag, oba we suw hojalygy pudaklarynda we beýleki ulgamlarda ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribelerini giňden çekmek, bilim ulgamynda, hususan-da, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem nanotehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmak we ýokary netijeli önümçilikleri döretmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ählumumy bähbitlerde giň gerimli, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda bar bolan ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler, şeýle hem iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň üstüniň özara ýetirilmegi bilen şertlendirilen işewür gyzyklanma uly orun eýeleýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň, hususan-da, özüniň wekilçilik edýän dünýä belli “Itoçu Korporeýşn” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça her tarapdan döredilen komitetleriň uly orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Bu komitetleriň işi özara gatnaşyklaryň has möhüm bolan ugurlaryny kesgitlemäge we täze taryhy döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy çemeleşmeleri anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.
Ilkinji gezek gelip gören ýeri bolan Türkmenistanyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň bermek bilen, jenap Ýoiçi Kobaýasi örän gysga döwrüň içinde ýurduň gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda döwletleriň ileri tutýan ugurlaryna we iki dostlukly halklaryň bähbitlerine gabat gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler.