Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Nobatdaky iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we gündelik möhüm wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdymyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň geçen hepdede geçirilen nobatdaky 17-nji maslahatynyň jemleri bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy. Şeýle hem şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan birnäçe täze kanunçylyk taslamalara we kadalaşdyryjy-hukuknamalaryna seredildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirilmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş, jemgyýetçilik guramalary we öz saýlawçylary bilen özara gatnaşyklarynyň meselelerine ünsi çekip, döwletimiziň durmuş syýasatynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyewi göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň, şol sanda aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar diýip nygtady. Ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ykdysadyýetimize daşary we içeri maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegini, bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere berk gözegçiligi amala aşyrmagy wise-premýerden talap etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän widioşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy.
Wise-premýer ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly çäreler, şol sanda 1 müň orunlyk A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň degişli düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýysdygyna degip geçdi we täze gurulýan desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň taslamalary ýerine ýetirilen mahalynda binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzy kämil ylym-bilim ulgamy we degişli düzümi bolan ýurt hökmünde dünýä derejesine çykarmagyň, ýokary bilimli, kämil hünärli ýaş nesilleri kemala getirmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de şu ugry ösdürmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri we şol wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Aşgabat şäherinde Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bir müň orunlyk binasyny gurmak bilen bagly meselä ünsi çekip, milli Liderimiz täze okuw mekdebiniň iň häzirki zaman enjamlary, interaktiw we multimediýa serişdeleri bilen üpjün edilmelidigini, onda okatmagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, mallary göwnejaý gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler hakynda jikme-jik habar berdi. Mundan başga-da, şu ýyl ýygnalan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi, ekarançylyk meýdanlarynyň millioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler hem-de lagym-akaba ulgamlary arassalamak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen , wise-premýer Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda täze suw howdanlaryny gurmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylyşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekarançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlarynyň we beýleki gidrotehniki desgalaryň gurulmagy, täze ýerleriň özleşdirilmegini hem-de oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegini nazara alanyňda, Türkmenistanyň suwarymly ekarançylygynyň barha artýan talaplaryny kanagatlandyrmak bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany suw serişdelerini rejeli, tygşytly we aýawly peýdalanmagyň, şol sanda häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary pudaga giňden ornaşdyrmagyň hasabyna bu çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Milletiň Lideri hödürlenen taslamalary birnäçe bellikleri aýdyp, täze suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň we guramaçylyk meseleleriniň birnäçesiniň üstünde içgin işlemek barada tabşyryk berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem möwsümleýin meýdan işlerini geçirmäge, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça we geljek ýylyň hasylynyň ygtybarly binýadyny tutjak ýazky gowaça ekişine degişli anyk tabşyryklar berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin A.Çerkezowy “Türkmenpagta” döwlet konseriniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammarynyň gurluşygy boýunça ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri hakynda habar berdi we döwlet Baştutanymyza degişli taslamalaryň birnäçe görnüşlerini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz dermanhana ammarynyň teklip edilýän taslamalaryna seredip, ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwatlylygynyň artmagy we dermanlyk hem-de ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleriniň taýýarlanylyşynyň möçberleriniň ýokarlanmagy bilen baglylykda şeýle desganyň gurluşygynyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ammaryň ýörite enjamlar we degişli tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny, onda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ülňülerine doly laýyk gelýän şertleriň döredilmelidigini, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň serişdeleriniň, şeýle hem daşyndan getirilýän dermanlaryň we enjamlaryň göwnejaý saklanylmagy babatda täze guruljak ammarlarda ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Hazaryň kenarynda guruljak bekre balygyny we işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna karz serişdelerini bermek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň banklarynyň işiniň mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň netijeli işiniň kemala getirilmegine, maliýe serişdeleriniň jemlenmegine we olaryň ykdysadyýetimiziň düzümlerinde alnyp barylýan milli özgertmeler maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna ugrukdyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň derwaýysdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulgamyň ähli bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz ýerine ýetirilen işe umuman kanagatlanma bildirdi we bu babatda öňe sürlen teklibi oňlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Howa ulaglary we howa giňişliklerini peýdalanmak boýunça ýolbaşçylar geňeşiniň 33-nji mejlisine gatnaşmak üçin, 13-14-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolunmagynyň netijeleri barada habar berildi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlara petekleriň satuwy boýunça howa gatnawlary merkezini täze bina geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Bu pudakda döwrebap ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa gatnawlarynyň baş gullugynda düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we oňa täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz gullugyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we dürli pudaklarda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň baş maksadynyň milli ykdysadyetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli pudaklarda ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunlukda, ähli guramalar, edaralar we kärhanalar tarapyndan bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew çagyryldy. Ol haryt bolçulygyny döretmek we ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli hem-de dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmek boýunça ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki Täze ýyl baýramçylygyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde halkymyzyň azyk harytlaryna, baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl arçalaryna, bezeg harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň ýaýbaňlandyrylandygy habar berildi. B.Abaýew häzirki döwürde Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly ähli harytlaryň we önümleriň ýeterlik möçberleriniň üpjün edilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmäge aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda we sebitlerde ilatyň ösen isleglerini içgin öwrenip, azyk önümleriniň zerur bolan ähli görnüşleri hem-de hojalyk harytlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda halka hödürlenilýän azyk önümleriniň we beýleki harytlarynyň ýokary hilli bolmagynyň häzirki döwrüň baş talabydygyny belledi we söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara derejelerine laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň bazarlarynda göwnejaý arassaçylyk-gigiena şertlerini berjaý etmek boýunça degişli gulluklar tarapyndan amala aşyrylýan işler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bölek söwda-satuw kärhanalarynda arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmeginiň dürli keselleriň öňüni almak işinde örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, azyk harytlary bazarlarynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bazarlarda we dükanlarda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, şol sanda dürli maksatly täze binalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýerlerde medeni-durmuş we önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatyň etraplarynda gurulmagy meýilleşdirilýän iki gatly kottež jaýlarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda adamlaryň döredijilikli zähmeti, mynasyp durmuşy we dynç alşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmäge gönükdirilen milli özgertmeleriň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň jemagat hojalygyna degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetiniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde Täze ýyl baýramçylygynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli edara-kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň bilelikdäki tagallalarynyň utgaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary umuman oňlap, halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün edýän ýaşaýyş jaýlarynda zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilmelidigini belledi.
Iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş we senagat düzümlerini yzygiderli ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, häkimiň bu babatda durmuşa geçirýän çäreleriniň netijelerine düýpli nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri amala aşyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtady we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin M.Döwletsähedowyň Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkimi wezipesinden boşadylýandygy hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekili iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew demirgazyk sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginleri, şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň oba hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, maldarçylyk hojalyklarynda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtly we abadan durmuşy baradaky aladanyň häzirki döwürde ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, bu ugurda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini hem-de şu babatda alnyp barylýan işlere örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuş ulgamyna degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, häkime Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamaga göwnejaý taýýarlyk görmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Öz nobatynda welaýatda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat berdi. Ol welaýatyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen düzülen meýilnamanyň durmuşa geçirilişi barada aýtdy. Mundan başga-da, welaýatyň çäklerinde, hususan-da, Garlyk şäherçesinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ol ýerde senagat düzümine degişli binalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berildi.
Milli Liderimiz welaýatyň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşyly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, durmuş-ykdysady desgalaryň gurluşygynyň barşy, adamlaryň abadançylygyna, welaýatyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz sebitiň durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly geçirmegi üçin göwnejaý medeni çäreleri guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz senagat ulgamynyň döwrebap düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan Garlyk şäherçesinde gurulýan binalarda işgärler üçin amatly ýaşaýyş we iş şertleriniň döredilmegi, desgalarda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikler üçin H.Işangulyýewi Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çykyş etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, welaýatyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, ýerleriň melioratiw derejesini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we dänelik ekinlere ideg etmegiň barşy hakynda aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat düzüminiň we onuň ähli bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtap, welaýatda gururlýan desgalaryň ýokary hilli bolmagy hem-de bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleri kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Täze ýyl baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda inžener-tehniki ulgamlaryň ýagdaýy, şäheriň abadançylygyny, durmuş ulgamynyň işini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, şäheriň durmuş ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň netijelililigini artdyrmak maksay bilen ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda ýolagçy ulaglary we jemagat hojalygy gulluklarynyň ählisiniň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, her bir babatda nusgalyk şähere öwrülýän Aşgabatda guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy. Ol Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar geçirilýän mahalynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýylyň hemmeleriň iň söýgüli ählihalk baýramlarynyň biridigini we onuň Türkmenistanda asylly däp boýunça dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtmak bilen, ýurdumyzda kanunçylygyň we jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň gyşarnyksyz üpjün edilmegi babatynda zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz degişli çäreleriň tutuş toplumyny amala aşyrmak, ilatyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegine uly üns bermegiň möhümdigini belläp, türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramçylygyny ýokary şadyýanlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda toýlamagy üçin ähli şertleriň döredilmeligini aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň ähli babatlarda abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen zerur şertleri döretmegiň Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, bellenilen ähli wezipeleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelýän ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.