Ï Ýurdumyzda baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 786
Şu gün ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezinde hasap boýunça sekizinji sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Ol Türkmenabat şäheriniň günortasynda Zerger ýaşaýyş jaý toplumynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu ýerde geçen ýyl häzirki zaman atçylyk-sport toplumy hem ulanmaga berildi.

“Ýedi gat” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen 365 orunlyk täze sport mekdebinde diňe bir ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin däl-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredilendir. Munuň üçin bu ýerde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sportuň boks, stoluň üstünde oýnalýan tennis, göreş we beýleki görnüşleri, şeýle hem türgenleşik zallary bar. Merkezleşdirilen ýyladyş we sowadyş ulgamy hereket edýär. Eşik çalşylýan, lukmançylyk otaglary ýaş türgenleriň ygtyýaryna beriler. Tälimçiler üçin ýörite otaglar göz öňünde tutulypdyr.

Sport mekdebiniň ýanynda göwnejaý enjamlaşdyrylan açyk sport meýdançasy hem bar. Bu ýerde ýaş türgenler futbol, woleýbol, basketbol bilen meşgullanyp bilerer. Tennis korty, ylgaw ýodajyklary hem olaryň ygtyýarynda bolar. Tiz wagtda, binanyň töwereginde oturdylan ýaş agaç nahallary ösüp ýetişende, sport şäherjigi gök baglyga bürener. Sport mekdebiň ýanynda awtomobil ulagynyň duralgasy hem göz öňünde tutulandyr.

Täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly baýramçylyga öwrüldi. Ýaş türgenler öz ukyplaryny görkezdiler. Täze binanyň açylyş dabarasyna welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sporty ösdürmäge berýän hemişelik ünsi, ähli şäherlerde we obalarda göwnejaý enjamlaşdyrylan sport desgalarynyň gurulýandygy üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk we onuň türkmen halkynyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Açylş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.