Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda geçirilen Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda geçirilen Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 776
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança bardy. Şu ýyl Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrülen meýdançada ýurdumyzyň baş Täze ýyl arçasy oturdyldy we agşamlaryna baýramçylyk yşyklarynyň dürli öwüşgünlerine beslenýän täsin şäherjige öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bu ýerde – gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda türkmen paýtagtynyň bezegine öwrülen täze desgalaryň toplumy kemala geldi. Olaryň arasynda “Älem” medeni-dynç alyş merkezi bolup, onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy.

Şu gyş güni bu ýerde baýramçylyk, şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere ýygnanan çagalar howanyň salkyndygyna garamazdan, ertekilerdäki gahrymanlaryň keşbine giren paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleri bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans edip, şadyýan bolýarlar.

Çagalar döwlet Baştutanymyza sabyrsyzlyk hem-de tolgunmak bilen garaşyp durlar. Hormatly Prezidentimiz emele gelen asylly däbe görä, ýaş türkmenistanlylar bilen ýurdumyzyň iň beýik we owadan Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşýar.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär. Milli lybasly çagalar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Olar eziz Watanymyza, Täze ýyl baýramçylygyna bolan söýgüni wasp edýän goşgulary labyzly ýerine ýetirýärler. Çagalar milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutlaýarlar we iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler. Olar bagtly çagalyk, şadyýan Täze ýyl baýramçylygy, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýan kuwwatly döwletde ýaşamak bagty üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, eneligi we çagalygy goramak meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu babatda öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmek üçin döwletimiz uly möçberde serişde goýberýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, saglygy goraýyş merkezleri we şypahanalar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, ýaşlar üçin beýleki dynç alyş merkezleri ýurdumyzyň geljegi barada edilýän yzygiderli aladanyň ajaýyp netijesidir. Eziz Watanymyzda şeýle desgalaryň gurulmagy güýçli depginlerde dowam edýär.

...Meýdançada dürli öwüşgünli Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlanýar. Ýaş artistler – paýtagtymyzyň çagalar döredijilik toparlary Täze ýyla öz baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Aýdym-saz ýaňlanýar, çagalar şadyýan ýagdaýda tans edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşýanlar bilen mähirli görşüp, çagalar bilen bilelikde owadan bezelen arçanyň ýanyna barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba we Garpamyk mähirli garşylaýarlar. Olar milli Liderimize baýramçylyk gutlaglary bilen ýüzlenip, ýurdumyzyň körpeleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan ägirt uly işlerinde iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.

Owadan bezelen arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanmak baýramçylygyň esasy şowhuny boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň elinden tutup, olar bilen Arçanyň daşyndan aýlandy we hemmeleriň söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýylyň şatlygyny körpeler bilen paýlaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara berk jan saglyk, bagt, okuwda üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiziň gowşuran Täze ýyl sowgatlary bolsa çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çagalar, Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikde ýadygärlik üçin surata düşüp, bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän 2013-nji ýyl bilen gutlady we körpeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Bu ajaýyp baýramçylyk, megerem, çagalaryň hakydasynda hemişelik galar. Olara gyş möwsüminiň dynç alyş günlerinde gyzykly wakalara baý bolan baýramçylyk maksatnamasy garaşýar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan Arçanyň töwereginde bolsa gyş möwsüminiň dynç alyş günleri okuwçylar üçin teatr toparlarynyň, sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralary geçiriler. Baýramçylyk çäreleri şeýle hem paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly halkynyň bagtly çagalaryny Täze ýyl arçalarynyň töweregine ýygnar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndan “Mizan” işewürlik merkezine tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Işewürlik merkezinde ajaýyp aýdym-sazlar, dabaraly Täze ýyl bezegleri bilen döredilen röwşen baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimizi Täze ýyl bilen mähirli gutlaýarlar, berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Türkmen halky milli Liderimiziň adyny häzirki döwrüň ägirt uly özgertmeleri we gazananlary bilen baglanyşdyrýar.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara bagt, maşgala abadançylygyny we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.