Ï TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

view-icon 745
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!


Ýene-de sanlyja minutlardan biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenen ýyly bolan 2012-nji ýyl bilen mynasyp hoşlaşyp, ata Watanymyz Garaşsyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine göterjek 2013-nji ýyly uly arzuw-umytlar bilen ynamly garşylarys.

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mähriban halkymy täze zähmet ýeňişlerine atarjak, berkarar türkmen döwletiniň şan-şöhratyny we mertebesini öňküden-de belende göterjek Täze ýylda size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojaklaryňyza egsilmez bagt we rowaçlyklar arzuw edýärin! Agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň hem-de rysgal-döwletiň ýylyna öwrüljek Täze ýylda size uly üstünlikler hemra bolsun!

Biziň halkymyzyň dörediji, gurujy halkdygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan eden 2012-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda örän uly işler amala aşyryldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilen ajaýyp işlerde raýatlarymyzyň tutanýerli zähmetini, ýokary ussatlygyny aýdyň görmek bolýar. Merdana halkymyz öz yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz  berkarar Türkmenistanyň abraýyny arşa götermegi başardy.

Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde, bu gün eziz Diýarymyz ykdysady we ruhy-medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwrüldi. Ol dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi.

Häzirki döwürde ata Watanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini özgertmäge oňyn täsir edýän örän uly gurluşyk meýdanyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly döwrebap zawodlardyr fabrikler, iri önümçilik desgalary çalt depginler bilen gurlup, ulanmaga berilýär. Bu kärhanalar sazlaşykly ösýän ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna, döwletimiziň rowaçlanmagyna uly goşant goşýar.

2012-nji ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, himiýa hem-de gurluşyk senagatynda, syýahatçylyk ulgamynda örän iri taslamalara badalga berildi. Tamamlanyp barýan ýylda oba hojalyk pudagy uly ösüşlere eýe boldy. Ussat daýhanlarymyz bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi başardylar.

Geçip barýan ýylda güneşli Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbini düýpgöter özgerdýän uly möçberli işler bitirildi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler we çagalar baglary, medeniýet köşkleri, stadionlar hem-de köp sanly beýleki ýaşaýyş-durmuş we ykdysady maksatly desgalar dünýä ölçeglerine laýyk derejede guruldy we ulanmaga berildi.

Ilatymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, şeýle hem ynsan ömrüni uzaltmakda, saglygy goraýyş we şypahana ulgamlarynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda netijeli işler amala aşyryldy.

Şu ýyl Garaşsyz, Bitarap döwletimiz üçin halkara hyzmatdaşlygynda hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünlikleriniň, amala aşyrýan oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň esasy strategik maksadyna ýetmek – ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyny ösen döwletleriň derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin ygtybarly şertleri döretdi.

Bilşiňiz ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etdi. Mary şäheri bolsa Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda syýasy, ykdysady, ylmy-medeni çäreleriň onlarçasy geçirildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen VII forumy ylym-bilim hem-de gumanitar ulgamda, ýaşlar syýasatynda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ýollary, täze görnüşleri barada işjeň pikir alyşmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Bu forumyň dostlukly döwletleriň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary jebis hem-de sazlaşykly ýola goýmakda örän uly ähmiýeti boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp baran içeri we daşary syýasaty, dünýä ýaň salan möhüm ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baş şygarymyza öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiz halkymyzyň bolelin, eşretli we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etdi.

Geçilen bir ýyllyk menzile ser salmak bilen, biz bu ýyl ata Watanymyzda giň gerimli işleriň amala aşyrylandygyny, belent sepgitlere ýetilendigini buýsanç bilen belläp bileris. Tamamlanyp barýan ýylyň başynda – fewral aýynda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esaslary makullandy. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty bolsa bu Maksatnamany doly goldady. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin kabul eden Oba Milli maksatnamamyzyň baş wezipesi hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

Hoşlaşýan ýylymyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, ylmyň we bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk ösdürilmegini üpjün etjek giň gerimli işler yzygiderli amala aşyryldy. Bu möhüm ulgamlary ösdürmekde hem-de has-da kämilleşdirmekde ýurdumyzda geçirilen köp sanly halkara medeni çäreleriniň, ylmy maslahatlaryň we festiwallaryň örän uly ähmiýeti boldy.

Biziň merdana halkymyz gurmak hem-de döretmek ýoly bilen ynamly öňe gidip, eziz Diýarymyzy kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürmekde, her bir raýatyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde ägirt uly işler bitirdi.

Mähriban Watanymyzyň her bir raýatynyň ruhy taýdan has-da kämilleşmegi üçin hem köp işler amala aşyryldy. Munuň şeýledigini ýurdumyzda baýramçylyk dabaralarynyň örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirilendigi hem doly subut edýär.

Bu dabaralar bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanyna we ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ajaýyp ýurduna öwrülendigini bütin dünýä äşgär etdi.

Şu ýyl ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde hem uly üstünlikler gazanyldy. Ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň ösüşi bazarlarymyzyň harytlar bilen has bol üpjün edilmegine, nyrhlaryň elýeterli bolmagyna, türkmen manadynyň hümmetiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Telekeçilerimiziň öndüren ýokary hilli önümleri, guran ajaýyp binalary, haryt bazarynyň bolçulygyny döretmekde bitiren işleri bizi guwandyrýar. Umuman, ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň jemlerini jemlemek bilen, biz geçip barýan 2012-nji ýyly hemmetaraplaýyn uly zähmet üstünliklerine beslemegi başardyk diýip, ynam bilen aýdyp bileris.

Hormatly adamlar!

Ýetip gelýän 2013-nji ýylda merdana halkymyza öňküden-de uly, giň möçberli işler, yhlasly zähmet, ajaýyp açyşlar garaşýar. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmakda halkymyzyň gujur-gaýratyna, mizemez ruhy güýjüne men berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýgytly ýyllarynyň biri boljak täze ýylda biziň her birimiz janymyzdan eý görýän Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan dünýäniň iň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmagyň hatyrasyna öňküden-de yhlas bilen, netijeli hem-de tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Eziz watandaşlar!

Ýene-de az salymdan biz täze – 2013-nji ýyla uly umyt bilen gadam basarys. Goý, ýetip gelen Täze ýyl her bir türkmenistanly üçin ajaýyp üstünlikleriň, egsilmez rysgal-döwletiň, baky rowaçlygyň hem-de asudalygyň ýyly bolsun! Siziň maşgala ojaklaryňyzda Täze ýylda hemişe abadançylyk we bagtyýarlyk höküm sürsün!

Täze – 2013-nji ýylyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!