Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 836
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda göni aragatnaşyk arkaly ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan beýleki meselelerine garaldy.

Ilkinji bolup döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowy çagyrdy, ol gözegçilik edýän düzümleriniň we dokma pudagynyň kärhanalarynyň işi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň bazarlarynda işleriň ýagdaýy we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler hakyndaky habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, döwletimiz bu pudagy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri maýa goýýar, bütin ýurdumyzda gurlan häzirki zaman önümçilik toplumlary olaryň esasyny düzýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ulgamda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi we bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň bazarlarynyň azyk harytlaryna bolan bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamlaryny kämilleşdirmek meseleleriniň ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz söwda edaralarynyň sazlaşykly işini guramagyň möhümdigini nygtady. Öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini işjeň çekmek hem-de hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu mesele boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy hem talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz känini gurmak işleriniň barşy hakynda jikme-jik habar berildi. Bellenilşi ýaly, häzir bu iri kände täze ulanyş we gözleg guýularynyň buraw işleri alnyp barylýar, harytlyk gazy taýýarlaýan desgalaryň toplumy, şeýle hem inžener-tehniki kommunikasiýalar ulgamy gurulýar.

Ýurdumyzyň çäginde soňky ýyllarda açylan iri uglewodorod çig mal ýataklaryny senagat taýdan tiz ulanmaga bermegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini gyşarnyksyz artdyrmak boýunça Türkmenistanyň strategik meýilnamalary bilen şertlendirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden ýangyç-energetika toplumynda taslamalary öz bellenilen möhletlerinde we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew milli Liderimize geçirilen işler hakynda hasabat berdi, ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakynda, şol sanda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň elektrik üpjünçiligi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ugrunyň talaplaryny doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem beýleki döwletlere eksportuň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu babatda milli Liderimiz birnäçe energiýa enjamlarynyň durkuny täzelemegi hem-de olary döwrebaplaşdyrmagy, daşary ýurtlaryň energiýany tagşytlaýan tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagy özünde jemleýän welaýatlarda energiýa tygşytlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ünsi çekdi, şol tehnologiýalar elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn edaralaryna, şeýle hem olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň çäkleriniň ýerleşişiniň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, 2013-nji ýylyň oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak babatda aýgytly ýyl bolmalydygyny nygtady. Oba hojalyk özgertmelerini mundan beýläk-de üstünlikli dowam etmek üçin ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnikalary ornaşdyrmak hem-de tutuşlygyna alnanda, oba hojalyk önümçiliginiň guralyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda işi işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn edaralaryna, şeýle hem olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmak üçin ýer böleklerini bermek baradaky hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere degişli anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy. Ol Içeri işler ministrligine degişli desgalaryň, şol sanda awtotregiň we onuň çäkleriniň gurluşygy boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, jemgyýetçilik durnuklylygyny, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegi üçin ähli şertleri döretmek işinde IIM-niň möhüm orun eýeleýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz düzümiň işini has-da kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem orta we kiçi ulaglarda ýaryşlary guramak üçin awtodromy gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu barada ministre degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga medeniýet ministri G.Mämmedowany çagyrdy. Ministr paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýän Täze ýyl çäreleriniň guralyşy hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze ýylda ýurdumyzda iri medeni-köpçülikleýin çäreleriň ençemesiniň meýilleşdirilendigini, olaryň hatarynda Nowruz baýramyna bagyşlanan halkara festiwalynyň hem-de Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň bardygyny aýtdy we bu çärelere eýýäm häzirden başlap, taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu çäreleriň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, baýramçylyk çäreleri medeniýeti ösdürmegiň milli we häzirki zaman meýillerini sazlaşykly birleşdirmelidir diýip, hormatly Prezidentimz aýtdy. Medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwürde köpçülikleýin baýramçylyklary guramagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak örän möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we täze binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamak, şäheriň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem şäher ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine we olaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyryp, paýtagtymyzda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça, hususan-da, Aşgabatda durmuş ulgamynyň sazlaşykly işini yzygiderli ýola goýmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň degişli inženerçilik ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmagy, ilatyň gündelik hajatlaryny üpjün edýän möhüm ulgamyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, hususan-da, sebitde gurulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatyň durmuş ulgamyny sazlaşykly ösdürmek babatda alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we ähli ugurlarda, ýyladyş ulgamlarynda anyk işleriň durmuşa geçirilmegi hem-de olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem önümçilik pudaklarynda işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli medeni maksatnamany düzmek boýunça alyp barýan işleri hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gurulýan desgalaryň öz wagtynda, ýokary hilli bina edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ähli etraplarynda ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem sebitde desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli hem-de öz wagtynda çözmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ilkinji nobatda bolsa döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän möhüm işleriň alnyp barylmalydygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň energetika ministri M.Artykowy we Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Marynyň döwlet elektrostansiýasynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan energetika düzüminiň, hususan-da, oňa degişli kärhanalaryň bökdençsiz hem-de netijeli işini üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmelidigini tabşyryp, Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini, onda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz stansiýanyň ýolbaşçysy A.Gurbangeldiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadýandygyny mälim etdi we M.Artykowa Mary döwlet elektrik stansiýasynyň işinde bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Mary döwlet elektrik stansiýasyny öz işini gowy bilýän, ýokary taýýarlykly ýolbaşçylar we hünärmenler bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň direktory wezipesine bu ugurda baý iş tejribesi bolan Öwezdurdy Çaşaýew bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Milli Liderimiz M.Artykowa ýüzlenip, oňa Mara gidip, şol ýerde döwlet elektrik stansiýasynyň işinde bar bolan kemçilikleri düzetmegi, şol sanda stansiýada abatlaýyş işlerini ýerinde talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Ýurdumyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Artykowa gysga wagtyň içinde Mary döwlet elektrik stansiýasynda abatlaýyş işlerigi geçirmegi, şeýle hem Aşgabatda, Änewde, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda hem-de Serdarabat etrabynyň Zergär obasynda täze, kiçi elektrik stansiýalaryny gysga wagtyň içinde gurmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýylylyk ulgamynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ähli ulgamlarynda işleriň takyk hem-de bökdençsiz ýerine ýetirilmegi boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň senagat düzümini ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy we welaýatyň Galkynyş etrabynyň häkimi Ö.Çaşaýewi çagyrdy. Welaýat häkimi özüniň hasabatynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň senagat düzüminiň has-da ösdürilmegini şertlendirýän möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde welaýatda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy we sebitde tutuş ýurdumyz üçin ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ö.Çaşaýewi Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň direktory wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Galkynyş etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek etrap häkiminiň orunbasary A.Durdyýewiň üstüne ýüklenildi.

Göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyny jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy üpjün eder diýip belledi.

Maslahatda döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda giň gerimli Täze ýyl dabaralaryny taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzda guramaçylykly we ýokary derejede geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara täze ýylda täze güýç bilen eziz Watanymyzyň bähbidine gujur-gaýrat bilen işlemegi hem-de ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.