Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Nobatdaky iş maslahatynyň gün tertibine döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, milli maksatnamanyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny açmak bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Harby-deňiz institutynyň täze binasynyň gurluşygynyň taslamasy we 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününi guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň häzirki döwürde harby düzümlerde alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz institutynyň täze binasynyň gurluşygynda we onuň enjamlaşdyrylyşynda häzirki zaman tehnologýialaryň we kämil enjamlaryň ulanylmalydygyny, onda bu ugur boýunça berilýän bilimi çuňňur ele almak we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtady.
Watan goragçylarynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz bu baýramçylygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň parahatçylykly we abadan durmuşyny goramakda Ýaragly Güýçleriň harby gullukçylaryna möhüm ornuň degişldigini belläp, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň edermen ata-babalarymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk ýaly ýörelgelerni üstünlikli dowam edip, Watana gulluk etmegiň ýokary nusgasyny görkezmelidigini aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Döwlet serhet gullugynyň merkezi edara binasynyň we onuň garamagyndaky institutyň täze binalaryny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň gürrüňsiz derwaýysdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz A.Garaýewe mundan beýläk-de serhetçileriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegini üpjün etmek, şeýle hem ata Watanymyzyň goragçylarynyň doly derejeli gulluk etmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça maksada laýyk işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Adalat ministrliginiň işgärleriniň öňünde ägirt uly jogapkärli wezipäniň durýandygyna garamazdan, işleriň örän gowşak alnyp barylýandygy üçin ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Ballyýewi Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz ministre işgärleriň arasynda hünär synagyny geçirmegi we işgärleri seçip almak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns bermegi we olaryň ýerli-ýerinde goýulmagyny, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 61-nji salgysynda ýerleşýän binany uçar peteklerini satmak üçin “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň ygtyýaryna bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Bu ýerde 17 içerki, 13 halkara gatnawlary boýunça jemi 30 uçar kassasynyň işini talabalaýyk guramak, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini düýpli gowulandyrmak üçin ähli zerur şertler bar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen täze binada şu ýylyň 1-nji martyndan müşderilere hyzmat edilip başlanjakdygyny habar berdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy orunlarynyň hataryna çykmak bilen, ýokary depginlerde ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny 2012-2030-njy ýyllarda ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, raýat awiasiýasynyň täze döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilmegini, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň we uçar gatnawlarynyň howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrylmagyny, ilatymyzyň ýokary hilli ulag we aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny, pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu jähetden milli Liderimiz “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň uçar peteklerini satýan täze binasynyň iň häzirki zaman elektron enjamlary we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi barada M.Aýazowa berk tabşyryk berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezow çagyryldy. Ol ministrligiň düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm bölümleri ilatymyza, guramalara we kärhanalara aragatnaşygyň elektron, poçta we öýjükli hyzmatlaryna bolan barha ösýän isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny habar berdi. Öýjükli aragatnaşygyň iň täze görnüşi bolan 3G enjamynyň ornaşdyrylmagy bilen ony peýdalanyjylarda ýokary tizlikli, giň ugurly Internet ulgamyna, ses aragatnaşygynyň hyzmatlaryna, şeýle hem wideogatnaşyklara çykmaga mümkinçilik döredi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk kärhanalarynyň işinde täze işläp taýýarlamalary we kämil tehnologiýalary ulanmagyň derwaýysdygyny belledi. Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy boýunça ilatyň isleglerini has doly kanagatlandyrmak üçin döwletimiziň ähli çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz telefon beketleriniň enjamlarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, şäher aralaryna optiki-süýümli ulgamlaryň çekilýändigini, aragatnaşygyň hemra hem-de milli öýjükli ulgamynyň hereket edýändigini aýtdy. Internetden peýdalanýanlaryň sanynyň gün-günden artýandygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz ministrligiň ýolbaşçysyna aragatnaşyk kärhanalarynyň sazlaşykly we has netijeli işlemegine gönükdirilen ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy.Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşynyň ýokary we ýerli guramalarynyň hojalyk, maliýe we guramaçylyk işlerine seljerme geçirmek bilen baglanyşykly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda maglumat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň jähetinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň öňünde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna milli we pudaklaýyn maksatnamalarda göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow bilelikde çagyryldy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine degişli işlenip taýýarlanylýan täze kanunçylyk namalary, umuman alanyňda, obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, obalary sazlaşykly ösdürmek we oba ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy döwlet syýasaty hakynda habar berdiler.
Çykyşlary diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň, täze döwrüň kanuny talaplaryna laýyk gelýän we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri, şol sanda obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pugta hukuk binýadyny üpjün etmäge gönükdirilen täze kanunlaryň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň Başlygynyň we wise-premýeriň ünsüni Türkmenistanyň Ýaşulularynyň geçen ýylda geçirilen maslahatynda kabul edilen çözgütleri nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri tizleşdirmegiň zerurdygyna çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş edip, gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi barada jikme-jik hasabat berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 15-17-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde “Durnuklylyk hepdeliginiň” çäklerinde geçiriljek I Halkara suw sammitine we “Gelejegiň energiýasy” boýunça VI Bütindünýä sammitine gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
I Halkara suw sammitiniň maksatnamasy boýunça ylmy maslahat, sergi we tanyşdyrylyş dabarasy guralar, şunda esasy meseleler hökmünde suw gorlaryndan netijeli peýdalanmak, şu ulgama degişli döwrebap tehnologiýalary we ylmy-tehniki “nou-haulary” işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak barada pikir alşylar.
“Gelejegiň energiýasy” boýunça VI Bütindünýä sammitiniň işiniň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, alternatiw energetikanyň ösdürilmegine, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanylmagyna, dürli ulgamlara we pudaklara “arassa tehnologiýalaryň” giňden ornaşdyrylmagyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Şu forum her ýylda guralýar. Ony guraýjylaryň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti, Dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) bar.
Sammitlere dünýäniň dürli döwletleriniň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem işewür adamlar, maýadarlar, şu ugurlara degişli ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda suw-energetika ulgamy boýunça giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň Türkmenistan tarapyndan ýöredilýän syýasatynyň wajyp jähetidigini nygtady.
Häzirki wagtda energetiki we suw gorlaryny rejeli ulanmagyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmegiň, “arassa tehnologiýalary” ornaşdyrmagyň hasabyna ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek, Ýeri tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine geljekki nesiller üçin aýawly saklamak we ony goramak meselesi aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz köp jähetli ölçeglere eýe bolan bu derwaýys meseläniň çözgüdiniň esasan dünýä bileleşiginiň ylalaşykly, bilelikde hereket etmegine bagly bolup durýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistan baý uglewodorod we beýleki tebigy serişdelere eýedir we şunda öňdäkileriň hataryna goşulyp, häzirki döwrüň möhüm ähmiýetli meseleleriniň çözülmegi üçin täze çemeleşmeleri teklip edýär diýip sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitde we ählumumy derejede energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de suw gorlaryndan aýawly peýdalanamk boýunça netijeli halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna degişli geljekki ädimleriň wajyp ähmiýetlidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň şu ugurlarda beýleki döwletler we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda birnäçe resminamalara, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň binalarynyň durkuny täzelemek hakyndaky” Karara gol çekdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki seredilen meseleleriň oýlanyşykly çözülmegi ýurdumyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli özgertmeleriň hem-de wajyp taslamalaryň mundan beýläk-de öňe ilerlemegini şertlendirer diýip belledi hem-de jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.