Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

view-icon 689
(2013-nji ýylyň 11-nji ýanwary)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Siziň bilşiňiz ýaly, geçen ýyl bütin dünýäde ykdysadyýetiň ösüş depgininiň peselendigi duýuldy. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik köp döwletlere öz täsirini ýetirdi. Şeýle şertlerde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde makrogözegçilik we makrodüzgünleşdirmek boýunça öz wagtynda zerur çäreleri gördük, bu ugurda alyp barýan işlerimizi kämilleşdirdik. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden Maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge aýratyn üns berdik. Netijede, ýurdumyzyň ykdysadysadyýeti häzirki döwürde durnukly ösmegini dowam edýär.

Biz geçen ýyly oňat netijeler bilen tamamladyk. Geçen ýylda jemi içerki önümiň möçberi 111,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 138 göterim ýokarlandy.

Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösdi.

Men şu ýerde beýleki pudaklarda gazanylan üstünlikler barada jikme-jik aýdyp durman, diňe gurluşyk pudagynda alnyp barlan netijeli işleri geçen ýylda ýeten belent sepgitlerimize mysal hökmünde görkezmek isleýärin.

Biz 2012-nji ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyzda göz öňünde tutulan ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli ähli taslamalary üstünlikli amala aşyrdyk. Geçen ýyl ýurdumyzda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 397 sany iri desgany gurup, ulanmaga berdik. Şol desgalaryň hatarynda täze Bagtyýarlyk we Belek şäherçelerini, gazturbinaly stansiýalary, köp sanly zawodlary we fabrikleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalar toplumlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalary, serhet birikmeleriniň dört sany täze toplumyny, Ruhabat etrabyndaky Galla önümleri toplumyny görkezmek bolar.

Geçen ýyl ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda demir ýol menzillerini we köprüleri, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze köşkleri, köp sanly stadionlary, muzeýleri, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini hem-de ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar!

Geçen ýyl biz bilim ulgamynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda ilkinji gezek şeýle köp sanly desgalary, ýagny multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen 36 sany umumybilim berýän mekdebi, 25 sany sport mekdebini we 48 sany çagalar bagyny gurup, ulanmaga berdik!

Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň netijesinde ýüze çykan käbir ykdysady kynçylyklara garamazdan, biz ýurdumyzda gurulmagy göz öňünde tutulan ýekeje desgany hem kabul eden maksatnamalarymyzdan aýyrmadyk, ýaşaýyş-durmuş wezipelerini çözmäge niýetlenen maksatnamalaryň birini hem gysgaltmadyk.

Geçen döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň diýen ýaly maddy binýady yzygiderli pugtalandyryldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmekde, özgertmeleri amala aşyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda täze üstünlikler we ösüşler gazanyldy!

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy!

Geçen ýyl ýurdumyzda gallanyň we pagtanyň bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Milli manadymyzyň hümmeti durnukly derejede saklanýar. Şu ýylyň başyndan biz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýene-de artdyrdyk, has tutumly wezipeleri amala aşyrmaga niýetlenen örän giň möçberli maýa goýum we durmuş maksatnamalaryny kabul etdik.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde gazanylan uly üstünliklere aňsatlyk bilen ýetilmedi. Biz bu belent sepgitlere ýetmek üçin köp ýyllaryň dowamynda tutanýerli iş alyp bardyk. Bu üstünlikleri gazanmak üçin ýurdumyzyň Hökümeti netijeli işleri geçirdi, raýatlarymyzyň ählisi yhlasly zähmet çekdi. Merdana halkymyzyň döretmäge we berkarar Watanymyzy özgertmäge gönükdirilen, agzybirlige we jebislige esaslanan tutanýerli we yhlasly zähmet çekmegi bize soňky bäş ýylyň dowamynda her ýylda ortaça 11 göterim derejede ykdysady ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi!

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginlerini gazanmak maksady bilen, biz 2007-nji ýyldan başlap, döwletimizi ösdürmäge goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini ep-esli artdyrdyk.

Muňa mysal hökmünde soňky bäş ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlarynyň möçberiniň 8 esseden gowrak, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň bolsa, 8,6 esse artandygyny görkezmek ýeterlikdir. Bu maýa goýumlary Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, esasan, täze önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirildi.

Konstitusiýamyza laýyklykda, Hökümetimiz tarapyndan hususy pudaga ýakyndan goldaw berildi, biz hususy telekeçiligi ösdürmäge geljekde hem giňden goldaw bereris. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, häzirki döwürde hususy pudagyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň we edýän hyzmatlarynyň paýyna jemi içerki önümiň 55,7 göterimi düşýär. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň möçberinde hususy pudagyň paýy 8,2 göterim artdy we bu görkeziji ýylsaýyn artmagyny dowam edýär.

Oýlanyşykly amala aşyrýan salgyt-býujet syýasatymyz önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy, maýa goýumlaryny ykdysadyýetiň önümçilik pudagyna çekmäge itergi berdi we durmuş maksatnamalary üçin gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döretdi. Geçen ýylyň Döwlet býujeti çykdajyly böleginden girdejili bölegi ep-esli artdyrylyp ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzda döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy ykdysadyýetimize öz oňyn täsirini ýetirýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň ýangyç - energetika toplumyna garaşly bolmagyny azaltmak, energiýa serişdeleriniň iberilýän bazaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatymyz hem ykdysadyýetimiziň ösmegine oňaýly täsir edýär.

Alnyp barlan işleriň netijesinde, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberi 3,5 esse, ilatymyzyň satyn alyş ukyby boýunça adam başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi bolsa, 1,9 esse artdy.

Geçen ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi ortadan ýokary girdejileri bolan ýurtlar üçin umumy kabul edilen derejeden ýokary boldy! Ýurdumyzda gazanylan bu görkezijiler bolsa, öňdebaryjy halkara ykdysady guramalarynyň bilermenleri tarapyndan tassyklandy!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Halkara bilermenleriniň pikirine görä, şu ýyl hem dünýäde ykdysady ýagdaý öňküsi ýaly çylşyrymly bolmagynda galar we üýtgäp durar. Dünýä ykdysadyýeti bolsa, düýpli özgerer hem-de üýtgedip gurmak döwrüne gadam basar. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän bu özgermeler biziň ýurdumyza-da gürrüňsiz öz täsirini ýetirer. Şu ýyl biziň ýurdumyz üçin hem çylşyrymly ýyllaryň biri bolar. Ýöne, bu bizi birjik-de ruhdan düşürmeli däldir.

Muňa garamazdan, mähriban halkymyzyň goldawyna daýanyp, ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçjekdigimize hem-de öz öňümizde goýan belent maksatlarymyza ýetjekdigimize men berk ynanýaryn!

2013-nji ýylyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde örän möhüm ýyllaryň biridigini aýratyn bellemek isleýärin.

Şoňa görä-de, men ýurdumyzyň Hökümetiniň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýýaryn:

Biz Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi has-da güýçlendirmelidiris. Ykdysadyýetimizi strategik üýtgedip gurmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi çaltlandyrmalydyrys, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, tehniki we tehnologiýa taýdan özgertmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de netijeli dowam etmelidiris, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, täze pudaklary döretmäge aýratyn üns bermelidiris.

Şeýle hem, şu ýylda jemi içerki önümiň möçberini azyndan 111 göterime golaý artdyrmak maksady bilen, bize ykdysady ösüşiň depginini has-da ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, maýa goýum serişdelerini netijeli çekmek, maýa goýmak üçin şertleri has-da gowulandyrmak, maýa goýmak işiniň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli usullaryny döretmek möhüm wezipeleriň biridir.

Geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, biz ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemegi netijeli dowam etmelidiris!

Öňümizde goýan şu maksatlarymyza ýetmek üçin:

1) A.Goçyýew we ykdysady toplumyň ýolbaşçylary, siz milli ykdysadyýetimiziň durnukly we netijeli ösmegine ýardam bermek maksady bilen, makrogözegçilik we makrodüzgünleşdirmek çärelerini işjeň amala aşyrmalysyňyz hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmelisiňiz!

Işjeň maliýe syýasatyny, durnukly we netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmagy, umuman, manadyň hümmetini bellenen çäklerde, durnukly saklamagy, maliýe-bank ulgamyny ösdürmegi dowam etmelisiňiz.

Men ýaňy «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» karara gol çekdim. Bu Maksatnamada şu ýylyň başyndan başlap, kärhanalaryň birnäçesini hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işi biziň bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçmek boýunça meýilnamalarymyza laýyklykda amala aşyrylýar.

Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, esasan hem, A.Goçyýew, Siz, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew, Siz, ýurdumyzda hususylaşdyrmak işiniň aç-açanlyk ýagdaýynda amala aşyrylmagyny üpjün etmelisiňiz.

Ý.Berdiýew, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, siz bolsa ýurdumyzda hususylaşdyrmak bilen bagly meseleleri öz gözegçiligiňizde saklaň!

2) B.Nurmyradowa we medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, demokratik hukuk döwletiniň ideologiýa we ahlak esaslarynyň kemala gelmegi we ösmegi, jemgyýetiň döredijilik, aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi medeniýet ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň nähili derejede ulanylýandygyna baglydyr.

Şoňa görä-de, siz müňlerçe ýyllyk taryhy we däpleri bolan, örän baý medeni mirasymyzy, milli sungatymyzy, türkmen aýdym-sazyny we edebiýatyny medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanmalysyňyz. Biziň medeniýet işgärlerimiziň döredýän eserleri ýurdumyzyň her bir raýatyny döwletimizde amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrmalydyr. Biziň ajaýyp eýýamymyzy wasp edýän we onuň many-mazmunyny açyp görkezýän, täze ajaýyp sungat eserlerini, aýdym - sazlary döretmeli. Bu eserler özüniň milli aýratynlyklary we özboluşlylygy bilen dünýäniň halklarynyň sungatynyň ösmegine öz uly we mynasyp goşandyny goşmalydyr.

Ruhy gymmatlyklara eýerýän, şahsyýetiň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýýan, halkara ulgamyna we ählumumy ösüşe goşulmagy göz öňünde tutýan, häzirki zaman demokratik döwleti hökmünde Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini dünýäde wagyz etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde esasy ugur – milli hünärmenleri taýýarlamakdan we ýaş hünärmenleriň kämilleşmegi, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Siz ýurdumyzyň çeper we dokumental filmleri döredýän kinematografiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkymyzyň taryhy we häzirki ajaýyp zamanamyz, ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly taslamalar barada täze filmleri döretmelidir.

Umuman, biziň iň täze taryhymyz ýurdumyzyň medeniýet babatda alyp barýan syýasatyna aýratyn üns berýändigini aýdyň görkezýär.

Şoňa görä-de, taryhymyzy, medeniýetimizi, ruhy we durmuş tejribämizi, milli mirasymyzy Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň wezipeleri bilen döredijilikli utgaşdyrýan täze filosofiýany döretmek bu syýasatyň ileri tutulýan ugry bolmalydyr.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynyň gepleşikleriniň hilini, çeperçilik we many-mazmun derejesini ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek zerurdyr.

Şeýle hem, medeniýet ulgamyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň, magaryfyň we publisistikanyň gazananlaryny, milli nusgawy edebiýatymyzyň we daşary ýurtlaryň nusgawy edebiýatlarynyň ägirt uly ynsanperwer mümkinçiliklerini netijeli ulanmak örän möhümdir.

Ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň, kitaplaryň sanyny artdyrmak, neşirleriň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze «Metbugat öýi» toplumynyň gurluşygyna başlamaly.

Şeýle hem, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň gerimini yzygiderli giňeltmek üçin, bütindünýä Internet ulgamynda täze elektron gazetleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

3) S.Toýlyýew we onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri dowam etmek, ýokary derejeli, ökde hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak meseleleri öňküsi ýaly siziň üns merkeziňizde bolmalydyr. Biz diňe bir ykdysadyýetimiziň ösüşiniň däl, eýsem jemgyýetimiziň ösüşiniň hem esasy hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermelidiris. Biz öz çagalarymyzyň ösen döwletleriň bilim ulgamyna laýyk derejede ýeterlik bilim almaklaryny gazanmak üçin ähli çäreleri görmelidiris.

Biz şu ýyl Tilsimatlar merkeziniň gurluşygyny tamamlamalydyrys. Merkeziň ulanmaga berilmegi bilen, bu ýerde işlemäge öz ökde hünärmenlerimizi hem, daşary ýurtlaryň belli hünärmenlerini hem çekmegi göz öňünde tutýarys.

Biz ýurdumyzda kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem netijeli dowam etmelidiris.

Ýene-de bir möhüm meselä aýratyn üns bermeli: biz Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna häzirden düýpli taýýarlyk görmeli. Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin üpjünçilik ulgamlaryny bu möhüm ähmiýetli çärä doly taýýar etmeli, tälimçileri, sport eminlerini we türgenleri taýýarlamaly.

4) R.Meredow, daşary syýasat barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň täze Konsepsiýasyny, onuň öňünde durýan ähli wezipeleri we ugurlaryny men diplomatlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edipdim. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri indi gaýtalap durjak däl.

Ýöne şu ýerde döwletimiziň daşary syýasatynyň öňküsi ýaly «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýandygyny we ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy goldamaga we pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek isleýärin!

5) A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, siz şu ýyl döwletimizde ykdysadyýetiň we jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemegi we olary kabul etmegi dowam etmelisiňiz. Daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, aň-bilim eýeçiligine bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmelisiňiz.

Şu ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler. Şoňa görä-de, bu möhüm çärä ýylyň dowamynda düýpli taýýarlyk görmeli. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna täze möhlete mynasyp we ukyply, başarjaň adamlaryň saýlanmagyny gazanmak üçin, ähli çäreleri görmeli.

Men şu aýyň dowamynda Mejlisiň deputatlary bilen aýratyn duşuşmagy göz öňünde tutýaryn. Şoňa görä-de, häzir Mejlisiň öňünde durýan wezipeler barada jikme-jik aýdyp durjak däl.

6) Ş.Durdylyýew, gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary, biz şu ýyl gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça örän köp işleri amala aşyrmalydyrys. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende şu ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň örän giň möçberlidigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu maksatnama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda geçen ýyldakydan 20 göterime golaý desga köp gurlar.

Biz şu ýyl 435 sany iri desgany we Oba Milli maksatnamasy boýunça beýleki köp sanly durmuş hem-de senagat maksatly desgalary gurup, ulanmaga bermeli. Bu taslamalar örän iri taslamalardyr. Olaryň hatarynda «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň bir bölegi, gaz we nebit geçirijiler, köprüler, awtomobil ýollary, fabrikler we zawodlar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalar, hassahanalar we saglyk öýleri, ýaşaýyş toplumlary we beýleki medeni-durmuş maksatly ençeme desgalar bar.

Umuman, biz şu ýyl takmynan, 17 milliard amerikan dollaryna barabar taslamalary amala aşyrmalydyrys. Şoňa görä-de, siziň wezipäňiz göz öňünde tutulan ähli desgalaryň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew, siz eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürmek üçin zerur bolan ýokary tehnologiýaly önümçiligi giňeltmek maksady bilen, dünýä ölçeglerine we tehnologiýalaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Bar bolan senagat kärhanalaryny giň gerim bilen, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutmaly.

7) A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan örän möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar.

Siziň wezipäňiz geçen ýylda oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri has-da berkidip, şu ýyl oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Oba hojalygynyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem yzygiderli dowam etmeli, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmeli.

Oba hojalygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek, pudagy iň kämil tehnikalar bilen üpjün etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we talaba laýyk geçirmek, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, netijede bolsa, ösen, häzirki zaman oba hojalyk toplumyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly. Oba hojalyk pudagynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli.

Şu ýyl hem ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, oba hojalygyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, pudaga bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Döwletimiz geljekde hem oba hojalyk toplumynyň ähli üpjünçilik ulgamlaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, obalary düýpli özgertmäge öňküsi ýaly hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam eder.

Ýaşulularyň geçen Maslahatynda makullanan ugurlar boýunça, esasan hem, kiçi şäherçeleri abadanlaşdyrmak, oba ilatyny ýaşamak üçin amatly, şäherdäki ýaly ähli zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

8) Ý.Kakaýew, B.Hojamuhammedow, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, siz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny, nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny, himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etmelisiňiz. Şeýle hem, nebitgaz toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alyp, «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri halkara taslamalaryny we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

B.Hojamuhammedow, Ş.Durdylyýew, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmek maksady bilen, elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin, onuň öndürilýän möçberlerini köpeltmegiň maksatnamasyny gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamaly.

Munuň üçin goşmaça elektrik stansiýalaryny gurmak, öňden işläp gelýän stansiýalary täzelemegi göz öňünde tutup, elektrik energiýasyny öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak zerurdyr.

9) A.Ýegeleýew, ulag we aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda bu pudagyň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek aýratyn möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda siz şu ýylyň dowamynda bir wagtda ägirt uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmelisiňiz. Ýurdumyzyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek we emeli hemrany älem giňişligine çykarmaga taýýarlyk görmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly.

«Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýol geçelgesiniň galan böleginiň, «Aşgabat–Garagum–Daşoguz» we «Türkmenbaşy–Farap» awtomobil ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüleriniň gurluşygyny, howa menzilleriniň gurluşygyny we olaryň durkuny täzelemegi, şeýle hem göz öňünde tutulan beýleki taslamalary amala aşyrmagy dowam etmeli.

Aragatnaşyk we Internet ulgamlarynyň ýokary tizlikli serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli.

10) H.Muhammedow, söwda we dokma toplumynyň ýolbaşçylary, siz söwda ulgamyny, dokma senagatyny, halyçylyk pudagyny we hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça örän möhüm meselelere aýratyn üns bermelisiňiz.

Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ýakyndan ýola goýmak, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini öwrenmek hem-de biržanyň işiniň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak boýunça tutanýerli iş alyp barmalysyňyz.

Möhüm wezipeleriň biri dokma pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, bu pudagy ösdürmek üçin döwlet tarapyndan gönükdirilýän ägirt uly serişdeleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem, könelişen dokma kärhanalarynyň durkuny düýpli täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriň möçberlerini atdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ýurdumyzyň Söwda - senagat edarasy döwletimizde öndürilýän dürli harytlaryň daşary ýurtlarda wagyz edilmegine, tanyşdyrylmagyna, mahabat edilmegine hem-de ýerlenmegine ýakyndan ýardam bermelidir.

A.Dadaýew, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, siz ähli mümkinçilikleriňizi we içerki serişdeleriňizi ulanyp, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmelisiňiz. Birleşmäniň Oba Milli maksatnamasyny, beýleki maksatnamalarymyzy we taslamalarymyzy durmuşa geçirmäge giňden gatnaşmagyny üpjün etmelisiňiz.

11) Ministrler Kabineti, hukuk goraýjy edaralar, ähli jemgyýetçilik guramalary neşekeşlige we durmuşymyzda ýüze çykýan beýleki ýaramaz hadysalara garşy alnyp barylýan göreşi yzygiderli dowam etmelidirler.

12) Meniň şu gün durup geçmek isleýän ýene-de bir meseläm – ähli döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen bagly meseledir. Biz bu ugurda şu ýylda hem netijeli işleri alyp barmalydyrys.

Biziň şu ýylyň dowamynda öňümizde durýan möhüm ähmiýetli wezipeler, umuman aýdanymyzda, şulardan ybaratdyr!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň ahyrynda geçen ýylyň jemlerine baha bermek bilen, men, umuman, 2012-nji ýyl ýurdumyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip hasap edýärin. Biz 2012-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan meýilnamalarymyzyň ählisini üstünlikli durmuşa geçirdik.

Şeýlelikde, biz täze ýyla öňümizde duran ähli meseleleri çözüp, oňat Döwlet býujetini kabul edip, giň mümkinçilikler bilen ynamly gadam basýarys!

Şoňa görä-de, men ýurdumyzyň ähli ilatyna, ähli hünärdäki we wezipedäki adamlara, häzirki döwürde ak ýürekli, yhlasly zähmet çekýän we gulluk edýän, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Men siziň ähliňize Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edýärin!