Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

view-icon 746
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deputatlaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlendi.

Strategik döwlet maksatnamalaryny we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylyň başynda halkyň saýlanlary bilen däbe öwrülen duşuşyklary munuň subutnamasydyr. Bu duşuşyklaryň barşynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenýär, ýakyn we uzak geljek üçin işleriň maksatnamalary kesgitlenýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň maslahatlar zalyna barýar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly joşgun, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Duşuşygyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen görşüp, münbere geçýär. Milli Liderimiz parlamentarilere ýüzlenip, şu günki duşuşygyň aýratyn häsiýete eýedigini nygtady we sebäbi şu ýyl Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda kesgitlenen ygtyýarlyklaryna laýyklykda öz işlerini tamamlaýar diýip belledi. Şol döwürden bäri dört ýyl geçenden soň, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň amala aşyran işleriniň käbir jemlerini jemlesek maksada laýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasy bolan Mejlis şu döwürde maslahatlaryň 17-sini geçirip, olarda jemi 373 resminamany, şol sanda 192 kanuny, 181 karary, şol sanda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak ýa-da şol şertnamalara goşulmak hakynda 28 sany karary kabul etdi.

Mejlisiň işiniň netijeliligini we parlamentarileriň ýurdumyzda geçirilip başlanan hukuk özgertmelerine uly goşandyny bellemek bilen döwlet Baştutanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi hukuk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we goramak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň kabul eden, adamyň we raýatyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady hukuklary hem-de azatlyklary bilen gönüden-göni bagly bolan kanunçylyk namalarynyň hatarynda “Syýasy partiýalar hakynda” Kanun, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Zähmet kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeks, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Kanun, şeýle hem ýurdumyzyň saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly köp sanly kanunçylyk namalary bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesinde bar bolan hukugyň esasy ugurlaryny we ulgamlaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Geçirilen bu işler bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň örän möhüm Konwensiýalaryny tassyklamak we olara goşulmak bilen bilelikde, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolsa, umuman, halkara-hukuk ölçeglerine laýyklykda göz öňünde tutulan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Elbetde, biz bu barada arkaýyn aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz deputatlara ýüzlenip, siziň kabul eden kanunlaryňyz we beýleki hukuk namalaryňyz ýurdumyzy syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ýardam berýär. Munuň şeýledigini eýýäm taryha öwrülen, geçen dört ýylyň netijeleri aýdyň görkezýär diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamalarynda öňde goýlan we 2012-nji ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda makullanan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň mysaly hökmünde Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde beýan edilen, ýurdumyzyň ösüşiniň jemlerini mysal getirdi. Şol sanda Türkmenistanyň milli girdejisi, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, her ýyl 111 göterim ösýär, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi artýar, telekeçiler barha giňden ykrar edilýär, ýurdumyzyň ilatyny möhüm azyk önümleri bilen doly üpjün etmek wezipesini çözmekde ep-esli öňegidişligi gazanmaga mümkinçilik döredýän oba ýerlerindäki haryt öndürijilere berilýän goldaw hem öz gowy netijelerini berýär diýlip bellenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli Parlamentiniň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we onuň işinde bar bolan käbir kemçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berjek käbir möhüm wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Gaýragoýulmasyz çözülmegini we kanunçylyk taýdan durmuşa geçirilmegini talap edýän möhüm wezipeleriň hatarynda jemgyýetiň öňe gitmeginiň ruhy, ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we medeni esaslary hökmünde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Mejlisiň deputatlary tarapyndan kabul edilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, esasan, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapan düzgünleriň amala aşyrylmagyny üpjün etdi, ýöne bu Kanun kabul edilýänçä, eýýäm durmuşdan yza galdy. Bilim ulgamynda bar bolan häzirki zaman halkara meýillerini ep-esli derejede görkezýän aýry-aýry ugurlar bu Kanuna girizilmedi.

Ýaşulularyň Maslahatynyň münberinden men bilim ulgamyny özgertmek konsepsiýasyny üýtgetmek boýunça tekliplerimi beýan etdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol teklipler, hususan-da, umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryny on iki ýyl okatmagy, şol sanda tölegli esasda bilim almaga hukugy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu meseleleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek häzire çenli çözülmän gelýär, wagt bolsa garaşmaýar. Biziň bilim ulgamynda amala aşyrmagy maksat edinýän özgertmelerimizi ýakyn wagtlarda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisi Bilim ministrligi, beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde «Bilim hakyndaky» Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlasa we özüniň ilkinji maslahatynda şu taslama seretse, maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni Ýaşaýyş jaý kodeksini taýýarlamak meselesinde hem yza galynýandygyna çekip, ýakyn geljekde raýatyň Konstitusiýada berkidilen iň möhüm hukuklarynyň biri – ýaşaýyş jaýyna bolan hukugyny doly kepillendirýän kadalaşdyryjy namanyň taýýarlanjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary täze ykdysady gatnaşyklaryň bir bölegi hökmünde ýaşaýyş jaý bazarynyň emele gelmegine we ösmegine gönükdirilen bu resminamany taýýarlamak we kabul etmek üçin ähli tagallalary etmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçilýän şertlerde raýatlarymyzy, şol sanda köp çagaly maşgalalary, ýaşululary we çagalary, maýyplary, pensionerleri durmuş taýdan goramak hemişe döwletimiziň üns berýän meselesi bolupdy we bolmagynda galar diýip, döwlet Baştutanymyz bu meselede kemçilikleriň bardygyny aýtdy we ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksi hem kämilleşdirmegi maslahat berdi.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ilat goruny rejeli ýerleşdirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz oba ilatyny dolandyryş merkezlerine has ýakynlaşdyrmak, oba ýerlerinde zerur bolan hyzmatlary doly ýola goýmak maksady bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini giňeltmek, Geňeşleriň býujetlerini döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerurdygyny belläp, bu işde Türkmenistanyň Mejlisi utgaşdyryjy edara bolmalydyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dolandyryş-çäk bölünişiginiň toplanan tejribesini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk getirmegiň hem örän möhümdigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň Mejlisi Ministrler Kabineti bilen bilelikde geljekde sebitleri ösdürmek boýunça ýörite döwlet edarasyny döretmek hakyndaky teklipleri taýýarlasa, maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni saýlawlar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň Esasy Kanunyna hem-de degişli halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen işlere çekdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň raýatlarynyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny tertipleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli, geljekde bolsa, Saýlaw kodeksini işläp taýýarlamaly we kabul etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Býujet-salgyt ulgamynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maliýe serişdelerini emele getirmegiň, paýlamagyň we ulanmagyň esasy guraly bolan Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga täzeçe çemeleşmek we onuň netijeli ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek deputatlaryň işiniňileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini öňünden kesgitlemek mümkinçiligini hasaba almak bilen, 2–3 ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamagy göz öňünde tutýan syýasaty amala aşyrmaga gönükdirilen täze, has öňdebaryjy usuly işläp düzmegi we bu işi tertipleşdirilen hukuk namasynda – Býujet kodeksinde beýan etmegi maslahat berdi. Ol Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanýança häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda taýýarlanmalydyr. Türkmenistanyň Býujet kodeksini işläp taýýarlamaga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerini, alymlary, hukukçylary çekmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda hususy telekeçiligi höweslendirmek, hojalygy ýöredijileriň, daşary ýurtly maýadarlaryň maýa goýum işjeňligini düzgünleşdirmek öňküsi ýaly möhüm ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz täze kärhanalary gurmagyň, bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemegiň hasabyna senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzyň öňünde duran wezipeler – biziň bazarlarymyzyň daşary ýurtly maýadarlar hem-de telekeçiler üçin yzygiderli özüne çekiji we bäsleşige ukyply bolmagy üçin şertleriň döredilmegini talap edýär, şunuň bilen baglylykda, biziň hyzmatdaşlarymyz üçin has pugta hukuk kepilliklerini, salgyt we beýleki ýeňillikleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip belledi.

Döwletiň alyp barýan oba hojalyk syýasatyny kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmak, bu ugurda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek, şeýle hem oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde öz işlerini oýlanyşykly we netijeli gurap bilmeýän welaýat we etrap Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin berk kanunçylyk binýadyny döretmegiň hem wagty gelip ýetdi. Oba hojalygyny dolandyrmagyň dünýä tejribesini öwrenmek we şonuň esasynda milli kanunçylyga bu pudagyň işini düzgünleşdirmegiň halkara kadalaryny ornaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerine esaslanýan täze ykdysadyýete geçilýän häzirki şertlerde raýat-hukuk gatnaşyklaryny oýlanyşykly düzgünleşdirmegiň örän uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, bu meseleleri düzgünleşdirýän Raýat kodeksiniň kabul edilenden bäri 15 ýyldan hem köp wagtyň geçendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen gymmatly kagyzlar we haryt-çig mal biržalary hakyndaky kanunçylyk namalarynyň jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki talaplaryna nähili derejede laýyk gelýändigini seljermeli diýip, hormatly Prezidentimiz zerur bolan ýagdaýda, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip ýa-da täze, rejelenen görnüşde kabul edip, şol kanunçylyk namalaryny täzelemegiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň öz kabul edýän kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik etmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, deputatlar kanuny kabul edýärler-de, soňra ony ýatdan çykarýarlar.

Şol sebäpli hem, bizde kanunçylyk meselesinde käbir pudak edaralary häzire çenli hem köne döwrüň kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça işläp gelýärler, kanunçylyk namalarynyň bir bölegi bolsa, häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk gelmeýär. Bu ugurda prokuraturanyň hem, Adalat ministrliginiň hem günäsi bar. Sebäbi, bu edaralar kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda «Paýdarlar jemgyýetleri hakyndaky» Kanuny mysal getirdi. Bu kanun esasynda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri döredildi, soňra bolsa şol jemgyýetler ýatdan çykaryldy. Mejlis hem, Ministrler Kabineti hem, prokuratura we Adalat ministrligi hem şondan soň gynansak-da, bu mesele bilen meşgullanmady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan taýýarlanan käbir kanunçylyk namalarynyň hiliniň pesdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň işini üýtgedip gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz deputatlaryň ünsüni bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän we jemgyýetçilik hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki döwründe raýat kazyýet işleriniň çözülişini düzgünleşdirmäge gönükdirilen Raýat iş ýörediş kodeksini taýýarlamak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine çekdi. Täze kabul ediljek Kodeksde raýat işlerinde taraplaryň bäsleşigi we deňhukuklylygy ýörelgelerini saklap galyp, raýat-adyl kazyýetlige ýokary ygtyýarlylyk we kanuna esaslanmak häsiýetini bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz jenaýat, jenaýat-iş ýörediş we jenaýat-ýerine ýetiriş hukugyna, şeýle hem hukugy ulanyş ulgamynyň düzgünlerine toplumlaýyn, özara baglanyşykly düzedişleri girizmäge uly üns bermegiň möhümdigini belläp, Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlaryna öz ygtyýarlyk möhletiniň ahyryna çenli Edara ediş hukuk bozulmalary hakyndaky täze kodeksi taýýarlamagy maslahat berdi. Bu Kodeksde temmi çäresiniň agyrlygy däl-de, edilen hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligiň gutulgysyz bolmagyndan ugur alýan, döwletimiziň ynsanperwer syýasaty öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň döwletimiziň daşary syýasatyna hukuk taýdan goldaw bermek boýunça täze, has jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyna ynam bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň esasy ýörelgeleri biziň kabul eden, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öz anyk beýanyny tapdy, biziň pikirimizçe, ýurdumyzyň kanunçylygyna döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we bu gatnaşyklara yzygiderli häsiýet bermek, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygy bellenildi.

2013-nji ýyl Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyşynyň möhletiniň tamamlanýan ýylydyr. Bu bolsa deputatlary kanunlary işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň bäş ýyl üçin göz öňünde tutulan maksatnamasyny üstünlikli tamamlamak bilen, öz işleriniň jemlerini jemlemäge, indiki çagyrylyş boýunça deputatlaryň işlemegi üçin ygtybarly esaslary döretmäge, şeýle hem täze deputatlaryň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk we syýasy derejede geçirmäge borçly edýär. Deputatlaryň täze saýlawlaryna çenli bolsa az wagt galdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu saýlawlaryň aýratynlygy ýurdumyzyň bütinleý täze döwre gadam basýandygy bilen häsiýetlener diýip belledi. Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak ugrunda azyndan iki partiýanyň wekilleri bäsleşer. Bu bolsa saýlawlaryň öňýanyndaky bäsleşige uly itergi berer, saýlawçylara ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna iň gowy wekilleri hödürlemäge mümkinçilik döreder. Men Mejlisiň täze saýlanjak deputatlarynyň arasynda häzirki deputatlaryň hem bir bölegi bolar diýip pikir edýärin. Olar ilkinji gezek saýlanan deputatlara öz toplan tejribesini we bilimlerini öwretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň konstitusion maksatlarymyza – gadymy we mukaddes türkmen topragynda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak boýunça öňde goýan belent maksatlarymyza ýetmegiň hatyrasyna eziz Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen, täze döwri – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni has-da belentden wasp etjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra çykyş eden deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygyna gönükdirilen oňyn syýasaty üçin uly hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň alys künjeklerine täze durmuşyň gelendigi, welaýatlaryň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, medeni derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleriň ep-esli giňelendigi bellenip geçildi. Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan geçirilýän uly möçberldi durmuş-ykdysady özgertmeler ähli türkmen halkynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş etdi. Ol milli parlamentiň işine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, milli Lilderimiz bilen her bir duşuşygyň, hormatly Prezidentimiziň mazmunly çykyşlarynyň uly taryhy ähmiýetiniň bardygyny we parlamentarileri döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyryp, olaryň kanun çykaryjylyk işine goşmaça itergi berýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri uly möçberli meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ministrler Kabineti bilen ýakyndan gatnaşyk etmegiň, döwlet ähmiýeti bolan meseleler hakynda deputatlaryň habarly bolmagynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan A.Nurberdiýewa parlamentarileriň öz öňlerinde goýlan, milli döwletliligimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, Watanymyzyň depginli ykdysady, durmuş we medeni ösüşini, onuň halkara abraýyny maksat edinen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny sarp etjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, olary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ruhubelentlik bilen öňe gitmäge çagyryp, “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip ýüzlendi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çagyryşa “Arkadaga şöhrat!” diýip, joşgunly jogap berdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda ýurdumyzyň parlamentiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda şu günki duşuşykda öňe sürlen we milli kanunçylygy, parlamentarileriň ähli döwlet düzümleri, şol sanda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikdäki işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmegiň ýollary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyny, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine has uly badalga berilmegini, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyny, raýatyň we adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini bilelikdäki tagallalary gönükdirmek arkaly ýetilmeli esasy maksatlaryň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň esasy wezipeleriniň biriniň ýerlerde işleri geçirmekden we hususan-da, öz okruglaryndaky durmuş-ykdysady ähmiýetli meseleleri çözmekde ýerine ýetiriji häkimiet edaralary bilen özara arkalaşykly hereket etmekden ybaratdygyny belläp, her bir parlamentariniň halkyň jümmüşinde bolup, öz saýlawçylarynyň bähbitlerini, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarynda berkidilen hukuklaryny goramalydygyny aýratyn nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, şu günki maslahatdan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde goýlan meseleleriň üstünlikli çözülmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseläni dowam edip, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, durmuş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli düzümlerde maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, mejlisiň deputatlarynyň öňünde ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwletimiziň durmuş ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz milli parlamentiň düzüminde işleýänleriň iş hem-de durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, parlamentiň işiniň sazlaşykly depginde alnyp barylmagy ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi hem-de olara jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyndan çykdy.