Türkmen kikboksýorlary Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda üç medaly eýelediler. Ýurduň at gazanan türgenleşdirijisi, Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň başlygy Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýän sport ussady Hudaýguly Kömekow “ful-kontakt” (doly kontakt) bölüminde “Altyn” medaly eýeledi. Ýene-de iki medal – kümüş we bürünç medal gazanyldy.
Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň wekili Hudaýguly kömekow ringde ajaýyp bäsleşigiň üçüsini geçirdi, olaryň birinde bolsa biziň türgenimiz nokaut bilen ýeňmegi başardy. Ilkinji bäsleşikde – çärýek finalda – türkmen kikboksýory 51 kilograma çenli agram derejede ýeňişe esasy dalaşgärleriň biri, gazagystanly Nurdildo Ýeralyýew bilen duşuşdy. Üýtgäp duran ýeňiş bilen geçen örän çekeleşikli bäsleşigiň üç tapgyrynyň dowamynda Hudaýguly näme-de bolsa ýeňişi öz tarapyna geçirmegi başardy. Şunuň bilen ol “altyn” medaly almaga dalaşgärleriň biridigini beýan etdi.
Muny Kömekowyň çempionatyň ýer eýeleriniň wekili Weşwadži Sezi bilen bolan ýarym final duşuşygy tassyklady. Bir minutdan hem köp wagt geçmänkä hindistanly türgen türkmen türgeniniň takyk urgusy netijesinde sekä ýykyldy. Ringdäki eminler nakauty hasaba aldylar.
Aýgytly duşuşyk. Ýene-de güýçli we tejribeli garşydaş. Bu sapar onuň garşydaşy Yrakdan Al Şammari boldy. Bäsleşigiň başynda H.Kömekow garşydaşynyň urgularyna zordan diýen ýaly bäs geldi. Ýöne türkmenistanly türgen ýagdaýa görä hereket edip, yrakly türgeni çalt-çaltdan ýüpe söýäp, söweşi öz tarapyna geçirdi. Ynha-da final gongy çalynýar, eminler toparynyň çözgüdi bilen türkmen kikboksýory ýeňiji diýlip yglan edilýär.
A.Snagowskiniň ýene-de bir terbiýeleýäni Allamyrat Annamyradow (81 kg.çenli) Hindistanda geçirilen bäsleşikde bürünç medaly eýelemegi başardy. Ol bu medaly “lou-kik” (doly kontakt, goşmaça but bilen işlemek) bölüminde gazandy. Şeýle he bu bölümde Kuwwat Gurbanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän türkmenabatly Naryman Aýdogdyýew (57 kg. çenli) mynasyp boldy.
Şu ýyl türkmen kikboksýorlary üçin halkara sport meýdançalarynda çynlakaý synaglar garaşýar. Olaryň biri – 26-njy iýundan 3-nji iýul aralygynda Koreýanyň Inçhone şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek IV Aziýa oýunlarydyr. Mälim bolşy ýaly, bu sport forumy tamamlanandan soňra V Aziýa oýunlarynyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilýändigi sebäpli Oýularyň estafeta taýajygy Türkmenistana geçer.